Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb24 Noýabr sah. 14—16
  • 30 dekabr, 2024—5 ýanwar, 2025

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • 30 dekabr, 2024—5 ýanwar, 2025
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2024
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2024
mwb24 Noýabr sah. 14—16

30 DEKABR, 2024—5 ÝANWAR, 2025

ZEBUR 120—126

144-nji aýdym we doga | Giriş sözler (1 min)

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR

Ysraýyllar hasyl ýygnap şatlanýarlar.

Watanyna dolanan ysraýyllar hasyl ýygnap şatlanýarlar. Sebäbi olar çekýän agyr zähmetine Ýehowanyň ak pata berýändigine düşünýärler.

1. Aglaý-aglaý ekenler, şatlyk bilen orarlar

(10 min)

Ysraýyllar arassa seždäni dikeltmek üçin Wawilon ýesirliginden azat bolandyklaryna örän begendiler (Zb 126:1—3)

Ýehudylar watanyna dolananlarynda, köp agyr işleri etmelidigini görüp aglan bolmaly (Zb 126:5; w04 1/6 sah. 16, abz. 10)

Ýehudylar ýan bermän zähmet çekdiler, Ýehowa hem olary bereketledi (Zb 126:6; w21.11 sah. 24, abz. 17; w01 15/7 sah. 18, 19, abz. 13, 14; surata serediň)

Ysraýyllar melleginde der döküp zähmet çekýärler. Bir adam tohum sepýär, başga biri ýer sürýär.

OÝLANMAK ÜÇIN SORAG: Armageddondan soň ýer ýüzüni Jennete öwürmek üçin köp zähmet çekmeli bolarys. Şonda nähili kynçylyklar döräp biler? Biz nähili bereketleri alarys?

2. Dürdäne pikirler

(10 min)

  • Zb 123:2. Ýehowadan «gözümizi aýyrmarys» diýen jümle nämäni aňladýar? (w18.07 sah. 12, 13, abz. 1, 2)

  • Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?

3. Mukaddes Kitaby okamak

(4 min) Zb 124:1—126:6 (th sapak 5)

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

4. Gürrüňdeşlige başlaň

(3 min) KÖPÇÜLIK ÝERLERINDE WAGYZ ETMEK (lmd sapak 3, abz. 5).

5. Gaýtadan ideg ediň

(4 min) ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ ETMEK. Geçen sapar Mukaddes Kitabyň hakykatdygyna şübhelenen adam bilen gürrüňdeş boluň (lmd sapak 9, abz. 5).

6. Şägirt taýýarlaň

(5 min) lff sapak 16, giriş we abz. 1—3 (lmd sapak 11, abz. 3).

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

155-nji aýdym

7. Allatagalanyň wadalaryna şübhelenmäň

(15 min) Söhbetdeşlik.

Ýehowa beren wadasyny hemişe ýerine ýetirýär. Meselem, Ol halkyny Wawilon ýesirliginden azat etdi we olaryň günäsini bagyşlady (Işa 33:24). Ysraýyllylar 70 ýyllap haraba bolup ýatan ýurduna dolananlarynda, Ýehowa halkyny we olaryň mal-garasyny ýyrtyjy haýwanlardan gorady (Işa 65:25). Olar öz elleri bilen guran jaýlarynda ýaşadylar we öz üzüm baglarynyň miwesini iýdiler (Işa 65:21). Ýehowanyň ak patasy bilen, olar çeken zähmetiniň hözirini gördüler we uzak ömür sürdüler (Işa 65:22, 23).

«Hudaý halkyny parahat ýaşadar. Parça» diýen wideodan surat: 1. Dogan-uýalar tebigatda hezil edip dynç alýar. 2. Dag gerişleri we gür tokaýlar. 3. Ölümden direlen Danyýar pygamber tokaýyň içi bilen barýar. 4. Är-aýal ölüm ukusyndan oýanan gyzjagazyny bagryna basýarlar. 5. Ir-iýmişlerden doly saçak. 6. Şarlawuk.

Waterfall: Maridav/stock.adobe.com; mountains: AndreyArmyagov/stock.adobe.com

«Hudaý halkyny parahat ýaşadar. Parça» diýen wideony görkez. Soňra şu soraglary ber:

  • Pygamberlik şu günler nädip ýerine ýetýär?

  • Pygamberlikler uly möçberde haçan we nädip ýerine ýeter?

  • Siz şularyň haýsysynyň ýerine ýetmegine garaşýarsyňyz?

8. Mukaddes Kitaby öwreneliň

(30 min) bt bap 20, abz. 8—12 we sah. 161, çarçuwa

Jemleýji sözler (3 min) | 58-nji aýdym we doga

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş