Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb25 Ýanwar sah. 2—3
  • 6—12 ýanwar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • 6—12 ýanwar
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2025
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2025
mwb25 Ýanwar sah. 2—3

6—12 ÝANWAR

ZEBUR 127—134

134-nji aýdym we doga | Giriş sözler (1 min).

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR

1. Ene-atalar, çagalaryňyzyň aladasyny ediň

(10 min).

Ýehowa size maşgalaňyzy eklemäge kömek eder (Zb 127:1, 2).

Çagalar Ýehowanyň berýän mirasy (Zb 127:3; w21.08 sah. 5, abz. 9).

Her bir çagaňyzyň ýagdaýyny we gylyk-häsiýetini göz öňünde tutup terbiýe beriň (Zb 127:4; w19.12 sah. 26, abz. 20).

Kakasy çagajyklaryna «Körpeler üçin sapaklar» broşýuradan gürrüň berýär. Çagalar özüni Jennetde göz öňüne getirýär: gyzjagaz pil bilen oýnaýar, oglanjyk maýmyn bilen.

Ýehowa çagalaryna terbiýe bermek üçin maslahat soraýan we jany-teni bilen çagalarynyň aladasyny edýän ene-atalaryň gadyryny bilýär.

2. Dürdäne pikirler

(10 min).

  • Zb 128:3. Mezmurçy hudaýhon adamlaryň ogullaryny näme üçin «zeýtun nahallaryna» meňzedýär? (it «Mukaddes Kitapda agzalýan ösümlikler»).

  • Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?

3. Mukaddes Kitaby okamak

(4 min). Zb 132:1—18 (th sapak 2).

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

4. Gürrüňdeşlige başlaň

(3 min). MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK (lmd sapak 1, abz. 3).

5. Gürrüňdeşlige başlaň

(4 min). MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK. Mukaddes Kitaba garşy gelýän zady aýdýan adama wagyz ediň (lmd sapak 5, abz. 4).

6. Şägirt taýýarlaň

(5 min). lff sapak 16, abz. 4, 5. Bir ýere gidýändigiňiz üçin, indiki hepde sapagy nädip geçjekdigiňiz hakda gürrüň ediň (lmd sapak 10, abz. 4).

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

13-nji aýdym

7. Çagalara terbiýe bermegiň iň gowy usuly

(15 min). Söhbetdeşlik.

Guramamyz çagalar üçin köp makalalary, wideolary we edebiýatlary çykarýar. Ene-atalar olar arkaly çagalaryna Ýehowany has gowy tanamaga kömek edip biler. Ýöne çagalara görelde bolmak terbiýe bermegiň iň gowy usulydyr (5Ms 6:5—9).

Isa pygamber hem şägirtlerine gowy görelde galdyrdy.

Ýahýa 13:13—15-nji aýatlary okaň. Soňra şu soragy beriň:

  • Isa pygamber şägirtlerine nädip tälim berýärdi we näme üçin?

Çagalara şeýdip et, beýdip et diýmegiň deregine, özüňiz edip görkezseňiz, olar has çalt öwrener. Ene-atalar, siz gowy görelde görkezseňiz, çagalaryňyz sizden maslahat sorar we höwes bilen gulak asar.

Surat: «Çagalaryňyza görelde boluň» atly wideodan suratlar. 1. Wideodaky maşgala maşynda otyr. Olar ýygnaga gitjek bolýar. 2. Olar ýygnakdan gelensoň saçak başynda gyzykly gürrüň edýär. 3. Kakasy okap oturan bolsa-da, gyzy bilen gürleşýär. 4. Ene-atasy gyzyna Mukaddes Kitap arkaly öwüt-ündew berýär.

«Biz çagalarymyza görelde bolmaly» diýen wideony görkeziň. Soňra şu soraglary beriň:

  • Är-aýal çagalaryna nädip terbiýe berdi?

  • Ene-atalar, şu wideodan näme öwrendiňiz?

Ene-atalar çagalaryna görelde bolmaly we... öwretmeli

  • dynç almak, spirtli içgileri içmek, Interneti ulanmak babatda paýhasly bolmagy

  • Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýmagy

  • maşgalasyny söýmegi, hormat goýmagy

8. Mukaddes Kitaby öwreneliň

(30 min). bt bap 20, abz. 13—20

Jemleýji sözler (3 min) | 73-nji aýdym we doga

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş