Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb25 Ýanwar sah. 6—7
  • 27 ýanwar—2 fewral

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • 27 ýanwar—2 fewral
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2025
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2025
mwb25 Ýanwar sah. 6—7

27 ÝANWAR—2 FEWRAL

ZEBUR 140—143

44-nji aýdym we doga | Giriş sözler (1 min).

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR

1. Doga-dilegiňize görä hereket ediň

(10 min).

Berilýän maslahata eýeriň (Zb 141:5; w22.02 sah. 12, abz. 13, 14).

Ýehowanyň halky üçin eden işleri hakda oýlanyň (Zb 143:5; w10 15/3 sah. 32, abz. 4).

Ýehowanyň garaýşyna düşünjek boluň (Zb 143:10; w15 15/3 sah. 32, abz. 2).

Ýaş dogan şahsy okuw geçirýär. Surat: 1. Ol arassa howada doga edýär. 2. Ol garry dogan bilen wagyz edýär we onuň berýän maslahatyny ünsli diňleýär.

Zebur 140—143-nji baplardan Dawut pygamberiň ýalbaryp doga-dileg edendigini we şoňa görä hereket edendigini bilse bolýar.

2. Dürdäne pikirler

(10 min).

  • Zb 140:3. Dawut patyşa erbet adamyň dilini näme üçin ýylanyň zäherine meňzedýär? (it «Zäher»).

  • Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?

3. Mukaddes Kitaby okamak

(4 min). Zb 141:1—10 (th sapak 12).

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

4. Gürrüňdeşlige başlaň

(4 min). MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK. Adama kömek edeniňizden soňra gürrüňdeşlige başlaň (lmd sapak 3, abz. 5).

5. Gaýtadan ideg ediň

(3 min). KÖPÇÜLIK ÝERLERINDE WAGYZ ETMEK. Işlidigini aýdýan adam bilen söhbetdeşlik (lmd sapak 7, abz. 3).

6. Imanyňyz hakda gürrüň beriň

(5 min). Sahna (ijwfq 21). Tema: «Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin gan goýbertmeýärler?» (th sapak 7).

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

141-nji aýdym

7. Saglyk bilen bagly kynçylyklara häzirden taýýar boluň

(15 min). Söhbetdeşlik.

Ýehowa «agyr günümizde dadymyza ýetişjekdigini» wada berýär (Zb 46:1). Siz agyr keselläp bejergi almaly bolsaňyz ýa-da operasiýa etdirmeli bolsaňyz, alada etmegiňiz mümkin. Ýöne Ýehowa şeýle ýagdaýlara taýýar bolmagymyz üçin ähli gerekli zatlary berýär. Meselem, ol guramasy arkaly «Gansyz bejergi almak üçin ynanç hatyny» (DPA), «Şahsy güwänamany»a doldurmagy öwredýär we bejergi bilen bagly başga-da gerekli maglumatlaryb berýär. Şeýle-de Keselhanalar bilen işleşýän komitetdäki (KIK) doganlar arkaly kömek edýär. Şol resminamalar we KIK-de gulluk edýän ýaşulular bize Hudaýyň gan babatdaky tabşyrygyna gulak asmaga kömek edýär (Res 15:28, 29).

Uýa gansyz bejergi almak üçin ynanç hatyny doldurýar.

«Saglyk bilen bagly ýagdaýlara taýýar boluň» diýen wideony görkeziň. Soňra şu soraglary beriň:

  • «Gansyz bejergi almak üçin ynanç hatyny» (DPA) doldurmagyň nähili peýdasy bar?

  • «Göwreli eneler üçin maglumat» (S-401) diýen resminama käbirlerine nädip kömek etdi?

  • Hassahanada ýatmaly bolsaňyz ýa operasiýa etdirmeli bolsaňyz, ýa-da rak ýaly agyr keseller sebäpli bejergi almaly bolsaňyz, gan goýbertmeli bolmasa-da näme üçin KIK-e ýüz tutmaly?

TAÝÝARLYK GÖRÜŇ

  • Bejergi bilen bagly gelen kararyňyzy «Gansyz bejergi almak üçin ynanç hatyna» (DPA) ýazyň

  • Dessine KIK bilen habarlaşyň

  • Lukmana gan, onuň fraksiýalary we öz ganyň arkaly berilýän bejergiler babatda gelen kararyňy düşündirip biler ýaly öňünden taýýarlyk görüň (lff 39-njy sapaga serediň).

8. Mukaddes Kitaby öwreneliň

(30 min). bt bap 21, abz. 14—22

Jemleýji sözler (3 min) | 103-nji aýdym we doga

a Suwa çümdürilen her bir wagyzçy ýygnagyň kätibinden «Ynanç hatyny» (DPA) we çagalary üçin «Şahsy güwänamasyny» alyp biler.

b Eger gerek bolsa şu resminamalary ýygnak ýaşulularyndan alyp bilersiňiz: «Göwreli eneler üçin maglumat» (S-401), «Operasiýa bolmaly ýa-da himiýaterapiýa almaly näsaglar üçin maglumat» (S-407) we «Ene-atalar çagalaryny gan goýbermekden nädip gorap biler?» (S-55).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş