24 FEWRAL—2 MART
NAKYLLAR 2
35-nji aýdym we doga | Giriş sözler (1 min).
1. Şahsy okuwyny geçirmek näme üçin wajyp?
(10 min).
Hudaýyň Sözüni gymmat saýýandygyňyzy görkezersiňiz (Nak 2:3, 4; w22.08 sah. 18, abz. 16).
Dogry kararlara gelersiňiz (Nak 2:5—7; w22.10 sah. 19, abz. 3, 4).
Imanyňyz berk bolar (Nak 2:11, 12; w16.09 sah. 23, abz. 2, 3).
ÖZÜŇIZE ŞEÝLE SORAG BERIŇ: «Şahsy okuwyny has gowy geçirmek üçin näme edip bilerin?»
2. Dürdäne pikirler
(10 min).
Nak 2:7. Ýehowa nädip «wepaly adamlaryň galkany» bolýar? (it «Wepalylyk»).
Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?
3. Mukaddes Kitaby okamak
(4 min). Nak 2:1—22 (th sapak 12).
4. Gürrüňdeşlige başlaň
(4 min). ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ ETMEK. Öý eýesine jw.org saýtyndan är-aýallar üçin peýdaly maslahatlary tapyp bolýandygyny görkeziň (lmd sapak 1, abz. 3).
5. Gaýtadan ideg ediň
(3 min). MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK. Adama geçen sapar gyzyklanan temasyna degişli (ýerli ýagdaýy göz öňünde tutup) edebiýaty beriň (lmd sapak 9, abz. 3).
6. Nutuk
(5 min). lmd Goşmaça maglumat A, bölüm 8. Tema: «Är-aýal biri-birine wepaly bolmaly» (th sapak 13).
96-njy aýdym
7. Siz hazyna tapmak isleýärsiňizmi?
(15 min). Söhbetdeşlik.
Ýaşlar, siziň hazyna tapmaga gidesiňiz gelýärmi? Mukaddes Kitapda älem-jahanda iň gymmatly hazyna barada aýdylýar. Şol hazyna — hak Allany tanamak (Nak 2:4, 5). Munuň üçin siz her gün Mukaddes Kitaby okamaly we gözleg-barlag geçirmeli. Şonda siz özüňizi bagtly duýarsyňyz we dürdäne pikirleri taparsyňyz.
Mukaddes Kitaby okanyňyzda haýsy soraglar barada oýlanmaly? (w24.02 sah. 32, abz. 2, 3).
Soraglaryňyzyň jogabyny haýsy edebiýatlardan tapyp bilersiňiz?
«Ýehowanyň dostlaryndan öwreniň» diýen wideolar ýygyndysy size okan aýatlaryňyz hakda oýlanmaga kömek eder.
«Ýehowanyň dostlaryndan öwreniň. Habyl» diýen wideony görkeziň.
1 Musa 4:2—4 we Ýewreýler 11:4-nji aýatlary okaň. Soňra şu soraglary beriň:
Habyl Ýehowanyň dostudygyny nädip subut etdi?
Habyl Hudaýa nädip berk iman etdi?
Siz imanyňyzy nädip berkidip bilersiňiz?
8. Mukaddes Kitaby öwreneliň
(30 min). bt bap 23, abz. 1—8 we bölüm 8