Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb25 Maý sah. 2—3
  • 5—11 maý

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • 5—11 maý
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2025
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2025
mwb25 Maý sah. 2—3

5—11 MAÝ

NAKYLLAR 12

101-nji aýdym we doga | Giriş sözler (1 min).

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR

1. Çekseň zähmet, ýagar rehnet

(10 min).

Wagtyňyzy boş zatlara sarp etmäň (Nak 12:11).

Zähmetsöýer boluň (Nak 12:24; w16.06 sah. 30, abz. 6).

Çeken zähmetiňiziň hözirini görüň (Nak 12:14).

Surat: Dogan ussaçylyk edýär, yhlasly wagyz edýär we ýygnakda jogap berýär. 1. Ol iş gurallaryny göterip barýar. 2. Dogan turbany bejerip dur. 3. Ol aýaly we çagalary bilen ýygnak duşuşygyna otyr. Ataly-gyz jogap bermek üçin elini galdyrýar 4. Ol ulaga ýangyç guýulýan ýerde bir adama kitapça berýär.

MASLAHAT: Aljak bereketleriňiz hakda oýlanyň, şonda ýadaman-ýaltanman zähmet çekersiňiz (Res 20:35; w15 1/2 sah. 5, abz. 4—6).

2. Dürdäne pikirler

(10 min).

  • Nak 12:16. Şu aýatdaky prinsip gaharyňa erk etmäge nädip kömek edýär? (w17.10 sah. 15, abz. 15).

  • Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?

3. Mukaddes Kitaby okamak

(4 min). Nak 12:1—20 (th sapak 5).

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

4. Gürrüňdeşlige başlaň

(2 min). ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ ETMEK (lmd sapak 1, abz. 4).

5. Gürrüňdeşlige başlaň

(3 min). ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ ETMEK. Mukaddes Kitap okuwyny teklip ediň (lmd sapak 5, abz. 4).

6. Gaýtadan ideg ediň

(3 min). MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK. Çagaly adama jw.org saýty görkezip wagyz ediň (lmd sapak 9, abz. 3).

7. Imanyňyz hakda gürrüň beriň

(3 min). Sahna (ijwfq 3). Tema: «Ýehowanyň Şaýatlary diňe öz dinini dogry hasaplaýarmy?» (lmd sapak 4, abz. 3).

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

21-nji aýdym

8. Ykdysady ýagdaý pese düşende Ýehowa bil baglaň

(15 min). Söhbetdeşlik.

Sizi şu soraglar biynjalyk edýärmi: Men iş tapyp bilerinmi? Işden çykarsalar näme ederin? Günümi nädip görerin? Garran çagymda gün-güzeranymy nädip görerin? Hawa, dünýäniň ykdysady ýagdaýy üýtgäp dur. Ýagdaý nähili bolsa-da, Ýehowa sežde etmegi birinji orunda goýsak, Ol bizi zada zar etmez (Zb 46:1—3; 127:2; Mat 6:31—33).

«Ýehowa hiç wagt taşlamady» diýen wideodan surat: Alwarado dogan maşgalasy bilen doga edýär.

«Ýehowa hiç wagt taşlamady» diýen WIDEONY görkeziň. Soňra şu soragy beriň:

  • Alwarado doganyň başdan geçiren wakasyndan näme öwrendiňiz?

1 Timoteos 5:8-i okaň. Soňra şu soragy beriň:

  • Şu aýat Ýehowanyň öz halkynyň aladasyny edýändigine nädip ynamyňyzy artdyrýar?

Geliň, ykdysady ýagdaý pese düşende çendenaşa alada etmezlige kömek edýän prinsiplere seredeliň:

  • Baryňyza kaýyl boluň. Zerur bolmadyk zatlary almaň we bergi etmäň (Mat 6:22).

  • Ruhy maksadyňyza ýetmäge kömek etjek işi ýa-da okuwy saýlaň (Flp 1:9—11).

  • Pesgöwünli we eglişikli boluň. Eger sizi işden çykarsalar, maşgalaňyzy eklemek üçin islendik işi etmäge taýýar boluň (Nak 14:23).

  • Jomart boluň we adamlara kömek ediň (Ýew 13:16).

9. Mukaddes Kitaby öwreneliň

(30 min). bt bap 26, abz. 1—8 we çarçuwa sah. 204, 208

Jemleýji sözler (3 min) | 57-nji aýdym we doga

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş