19—25 MAÝ
NAKYLLAR 14
89-njy aýdym we doga | Giriş sözler (1 min).
1. Tebigy betbagtçylyga taýýar boluň
(10 min).
Her bir söze gulak gabartmaň (Nak 14:15; w23.02 sah. 23, abz. 10—12).
Tejribäňize we duýgularyňyza bil baglamaň (Nak 14:12).
Ýehowanyň görkezmesine gulak asmaýanlary diňlemäň (Nak 14:7).
OÝLANMAK ÜÇIN SORAG: Ýygnak ýaşululary, siz tebigy betbagtçylyk bolanda guramanyň görkezmesine eýerip, Ýehowa bil baglamaga taýýarmy? (w24.07 sah. 5, abz. 11).
2. Dürdäne pikirler
(10 min).
Nak 14:29. Sabyrly bolmagyň nähili peýdasy bar? (w23.08 sah. 25, abz. 16).
Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?
3. Mukaddes Kitaby okamak
(4 min). Nak 14:1—21 (th sapak 11).
4. Gürrüňdeşlige başlaň
(3 min). KÖPÇÜLIK ÝERLERINDE WAGYZ ETMEK. Gün-güzeranyny zordan görýändigini aýdan adam bilen Mukaddes Kitap esasynda gürrüňdeş boluň (lmd sapak 3, abz. 3).
5. Gaýtadan ideg ediň
(4 min). ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ ETMEK. Ýerli ýagdaýy göz öňünde tutup, geçen sapar gyzyklanan adama žurnal beriň (lmd sapak 9, abz. 4).
6. Şägirt taýýarlaň
(5 min). Okuw geçýän adamy Mukaddes Kitaby her gün okamaga höweslendiriň we kömek ediň (th sapak 19).
126-njy aýdym
7. Tebigy betbagtçylyga öňünden taýýarlyk görüň
(15 min). Söhbetdeşlik.
Ýygnak ýaşulusy çykyş etmeli. Filialdan we ýaşulular maslahatyndan görkezme gelen bolsa, ony okap beriň.
Biz «soňky günlerde» ýaşaýarys, şol sebäpli kynçylyklaryň gün-günden köpelýändigine geň galmaýarys (2Tm 3:1). Tebigy betbagtçylyk bolanda, Ýehowa halkyna derrew gerekli görkezmeleri berýär. Biz her bir görkezmä gulak asmaly, gerek-ýarak zatlary taýýarlamaly we imanymyzy berkitmeli (Nak 14:6, 8).
Imanyňyzy berkidiň. Gowy gün tertibini düzüň. Wagzyň dürli görnüşlerine gatnaşyň we ukybyňyzy artdyryň. Betbagtçylyk bolanda siz dogan-uýalardan aýra düşseňiz gorkmaň, aljyramaň (Nak 14:30). Unutmaň, Ýehowa Hudaý we Isa Mesih hemişe siziň ýanyňyzdadyr (od sah. 176, abz. 15—17).
Gerekli zatlary taýýarlaň. Siz sumkaňyza iýip-içgi, arassa agyz suwuny, däri-dermanlary we şuňa meňzeş gerekli zatlary salyň. Şonda betbagtçylyk uzaga çekse-de kösenmersiňiz (Nak 22:3; mwbr 22.05 sah. 5, abz. 5).
«Siz betbagtçylyga taýýarmy?» diýen WIDEONY görkeziň. Soňra şu soraglary beriň:
Tebigy betbagtçylyk bolanda Ýehowa nädip dadymyza ýetişýär?
Tebigy betbagtçylyga nädip taýýarlyk görmeli?
Tebigy betbagtçylyk sebäpli kösenýänleri nädip goldap bileris?
8. Mukaddes Kitaby öwreneliň
(30 min). bt bap 26, abz. 18—22 we çarçuwa sah. 209