Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w21 Ýanwar sah. 31
  • Şuny bilýäňizmi?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Şuny bilýäňizmi?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaýyň ady barmy?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Hudaýyň adynyň manysy we dogry tutulyşy
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
w21 Ýanwar sah. 31
Daşyň ýüzüne Hudaýyň ady ýazylan.

Daşyň ýüzündäki ýazgy: «Hagaw ogly Hagafa Ýahwe Sabaotdan nälet bolsun»

Şuny bilýäňizmi?

Gadymy tapyndylar Mukaddes Kitabyň ynama mynasypdygyny nädip subut edýär?

IÝERUSALIM ŞÄHERINDE Mukaddes Kitapda agzalýan ýurtlaryň muzeýi ýerleşýär. Muzeýde b. e. öň 700—600-nji ýyllardan galan daş bölegi bar. Daş bölegi Ysraýylyň Hebron şäheriniň golaýyndaky gowakdan tapyldy. Daşyň ýüzünde «Hagaw ogly Hagafa Ýahwe Sabaotdan nälet bolsun» diýlip ýazylan. Şeýle-de gowakda Ýehowanyň ady we Ýehowanyň ady bilen baglanyşykly adam atlary hem ýazylan eken. Olary gowakda gizlenen adamlar ýazan bolmaly. Şu ýazgylar Mukaddes Kitabyň ynama mynasypdygyny nädip subut edýär? Görşümiz ýaly, Mukaddes Kitabyň ýazylan döwri Ýehowa Hudaýyň ýewreý harplary bilen ýazylan ÝHWH ady il arasynda giňden ulanylýan ekeni.

Jorjiýa uniwersitetiniň mugallymy, Töwrady öwrenýän alym Reýçel Nabulsi şol ýazgy barada şeýle diýdi: «Gadymy tapyndylarda Allatagalanyň ÝHWH ady gaýta-gaýta duş gelýär. Mundan görnüşi ýaly, Ysraýylda we Ýahudada ÝHWH ady halk arasynda giňden ulanylypdyr». Dogrudanam, Mukaddes Kitapda Hudaýyň ýewreý harplary bilen ýazylan ÝHWH adynyň müňlerçe sapar duş gelmegi geň galdyrmaýar. Köplenç adamlara Hudaýyň ady bilen baglanyşykly at dakypdyrlar.

Daşyň ýüzüne «Ýahwe Sabaot» diýip ýazylan jümle Serkerdebaşy Ýehowa diýmegi aňladýar. Mukaddes Kitabyň ýazylan döwri diňe bir Allatagalanyň ady däl-de, Serkerdebaşy Ýehowa ady hem dilden düşmändir. Diýmek, Mukaddes Kitabyň asyl nusgasynda Serkerdebaşy Ýehowa diýen adyň 283 sapar duş gelmegi geň galdyrmaýar. Şu jümle, esasanam, Işaýa, Ýermeýa we Zekerýa kitaplarynda duş gelýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş