Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w22 Iýun sah. 29
  • Şuny bilýäňizmi?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Şuny bilýäňizmi?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Meňzeş maglumat
  • Isanyň mazary boş. Ol direlipdir!
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Hudaý Ogluny direltdi
    Beýik Mugallymdan öwreniň
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
w22 Iýun sah. 29

Şuny bilýäňizmi?

Rimliler pürse çüýlenip öldürilen jenaýatçyny jaýlamaga rugsat berýärdilermi?

Şägirtler Isanyň jesedini pürsden düşürýärler we mata bilen dolaýarlar.

ISA PYGAMBERI iki jenaýatçynyň arasynda pürse çüýlediler. Muny köp adamlar bilýän bolsa gerek (Mat. 27:35—38). Mukaddes Kitapda Isa pygamberiň mazarda jaýlanandygy ýazylan. Emma käbir adamlar muňa şübhelenýärler (Mar. 15:42—46).

Injiliň dört Hoş habaryny öwrenýän käbir tankytçylaryň aýtmagyna görä, jeza berlen jenaýatçylary mynasyp tärde jaýlamaga rugsat bermändirler. Žurnalist Ariel Sabar şeýle ýazýar: «Iň erbet jenaýatçylary haça çüýläp öldüripdirler. Şol sebäpli käbir alymlaryň aýtmagyna görä, rimliler şeýle jenaýatçylary beýleki adamlar ýaly hormat bilen jaýlamaga rugsat bermändirler» («Smitsonian» žurnaly). Rimliler masgaraçylykly ölüme mynasyp gören jenaýatçylarynyň jesedini pürsden asyp goýupdyrlar. Olar ýyrtyjy haýwanlara şam bolupdyr. Jesediň galan-gaçan böleklerini bolsa gonamçylyga zyňypdyrlar.

Gazuw agtaryş işleriniň netijesinde tapylan zatlar pürse çüýlenen käbir adamlary jaýlamaga rugsat berlendigini subut etdi. 1968-nji ýylda I asyrda pürse çüýlenen adamyň süňkleri tapyldy. Süňkleri guta salyp jaýlapdyrlar. Ony Iýerusalimiň golaýyndaky mazardan tapdylar. Gutuda 11, 5 sm çüý bilen agaja çüýlenen ökje süňk hem bar eken. Ariel Sabar şeýle diýýär: «Ol süňk Ýehohanan atly ýehudynyň süňki ekeni. Şu tapyndy Injilde Isa pygamberiň mazarda jaýlanandygy hakynda ýazylan sözleriň dogrudygyny görkezdi. Şeýle-de Ýehohananyň ökje süňki I asyrda rimlileriň haça çüýlenen adamlary jaýlamaga rugsat berendigini subut etdi».

Ýehohananyň ökje süňki Isa pygamberiň pürsde nädip çüýlenendigi hakda goşmaça soraglary döretdi. Emma pürsden asylyp öldürilen jenaýatçylaryň käbiriniň hormat bilen jaýlanandygyny hem subut etdi. Diýmek, Mukaddes Kitapda Isa pygamberiň mazarda jaýlanandygy hakda ýazylan sözleriň dogrudygyna şübhelenmän bileris.

Gazuw agtaryş işlerinde tapylan zatlar hem Isa pygamberi hormat bilen jaýlandyklaryny tassyklaýar. Iň esasy zat bolsa, Isa pygamberiň baýlaryň hatarynda jaýlanjakdygy hakda Ýehowa öňünden aýdypdy. Ýehowanyň sözüniň ýerine ýetmegine hiç kim päsgel berip bilmez (Işa. 53:9; 55:11).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş