Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w23 Noýabr sah. 31
  • Huldanyň maksady

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Huldanyň maksady
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
w23 Noýabr sah. 31

Huldanyň maksady

SIZ birnäçe ýyl mundan öň Indoneziýanyň Uly Sangir adasyna baran bolsaňyz, onda kenaryň ýakasynda üç uýany görerdiňiz. Adanyň ýaşaýjylary olary Mukaddes Kitabyň wagyzçylary diýip tanaýar. Emma uýalar şol wagt başga iş bilen meşgullanýardy.

Kartada Indoneziýa we onuň daş-töweregindäki ýurtlar görkezilen. Dörtburçlukda bolsa Uly Sangir adasy görkezilen.

Demirgazyk Indoneziýadyky Uly Sangir adasy

Uýalar deňze girip, futbol topy ýaly ullakan daşlary kenara çykarardylar. Soňra olary döwüp, towugyň ýumurtgasy ýaly böleklere bölerdiler we daşlary gaplara salyp, basgançakdan ýokary çykyp öýlerine getirerdiler. Olar her gün şeýdip daş üýşürerdiler. Soňra daşlary uly gaplara salyp ýük maşynyna ýüklärdiler. Şol daşlar ýol gurluşygy üçin ulanylýardy.

Hulda kenarda daş ýygnaýar

Üç uýanyň biriniň ady Hulda. Onuň beýleki uýalara garanda köp işlemäge wagty bardy. Huldanyň gazanjy maşgalasyny eklemäge ýetýärdi. Ýöne ol köpräk işläp planşet almagy maksat edinýär. Hulda planşet alyp, oňa JW Library programmasyny ýükläp, adamlara wagyz etmek we çuňňur şahsy okuwyny geçirmek isleýärdi.

Hulda her gün irden iki sagat goşmaça işleýär. Ol bir ýarym aý işläp kiçi ýük ulagyny dolduryp biljek daş ýygnaýar. Olary satyp planşet alýar.

Hulda planşetine guwanýar

Hulda şeýle gürrüň berýär: «Men agyr zähmet çekip ýadadym, ellerim gabardy. Emma planşet satyn alyp, adamlara wagyz edenimde we ýygnak duşuşyklaryna taýýarlananymda bar ýadawlygym, agyrylarym zym-zyýat boldy». Hulda planşeti tüýs wagtynda aldy. Sebäbi koronawirus keseli ýaýran döwründe ýygnaklar internet arkaly geçirildi. Biz Huldanyň maksadyna ýetendigine örän begenýäris.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş