INDONEZIÝA
Doganlar ýowuz daraşmalara uçraýarlar
Gadagan edildi diýlen habar ähli adalara ýaýranda, Indoneziýa buthanalarynyň Birleşigi öz dini agzalaryna Ýehowanyň Şaýatlarynyň edýän işleri hakda bir zat eşitseler, baryp hökümet işgärelerine habar bermeldigini aýtdylar. Netijede, köp adalarda tussag edilmeler, soraga çekmeklik ýaly kynçylyklar başlandy.
Sumba adasynyň Waýngapu şäherinde harby komandir 23 sany dogany ýerli harby lagere çagyryp, olaryň imanyndan dänmeklirini talap edip, gol çekdirjek bolýar. Doganlar boýun bolmandygy üçin, komandir olary ertesi günem lagere gelmeklerini talap edýär. Öýlerine baryp gelmek üçin doganlar 14 kilometr ýol geçmelidi.
Ertesi gün irden doganlar bu ýere gelenlerinde, komandir olary bir-birden çagyryp, imanyndan dänmek babatda gol çekmeklerini talap edip başlaýar. Doganlar gol çekmekden boýun gaçyranlarynda, esgerler olary tikenli çybyk bilen saýgyladylar. Esgerler guduz açan ýaly şeýle bir urdylar welin, käbir doganlar çaşyp, özünden gitdi. Şeýle ýagdaý beýleki doganlara-da garaşýardy. Ahyrsoňy, Mone Kele atly bir ýaş dogan kagyzy aldy-da, oňa bir zatlar ýazyp başlady. Doganlaryň ýüregi agzyndan çykara geldi. Komandir bolsa gahardan ýaňa ýarylaýjak bolýardy. Sebäbi Mone: «Men hemişelik Ýehowanyň Şaýady bolup galmagy ýüregime düwdüm!» diýip ýazypdyr. Şondan soň Moneni şeýle bir urdular welin, ol keselhana düşdi, ýöne imandan dänmedi.
Komandir doganlary 11 günläp özüne boýun egdirmäge synanyşdy. Ol olary uzakly gün jokrama yssyda günüň aşagynda duruzdy. Birnäçe kilometre emedeklemäge we agyr ýük bilen uzak aralyga ylgamaga mejbur etdi. Ol doganlaryň bokurdagyna tüpeňiň ujundaky naýzany diräp, baýdaga sežde etdirjek boldy. Ýöne doganlar boýun gaçyrdy, olary ýene-de urup başladylar.
Doganlary her gün irden lageriň içinde ysgyndan gaçýançalar ýöredýärdiler, şonuň üçin olar ýene nähili sütem ederlerkä diýip alada edýärdiler. Ýolda olar bilelikde uzyn-uzyn dogalar edýärdiler we wepaly galmak üçin bir-birini ruhlandyrýardylar. Agşam düşende bolsa, ysgyn-mydarsyz zordan aýagyny süýräp öýüne dolanýardylar, olaryň üsti-başy gan, endam jany ýaraly, ýöne Ýehowa wepaly galandyklary üçin begenýärdiler.
Bu ýowuz garşylyklar barada filialymyzdaky doganlar eşidenlerinde, olar dessine dwiziýanyň harby komandirleri Timora we Baliýa, şeýle-de Baş komandir Jakerte hem-de beýleki käbir ýokary wezipeli adamlara telegramma ugradyp, nägilelik bildirdiler. Telegramma komandir Waýngapunyň özüne-de gelip ýetdi. Ol özüniň eden wagşylyklary hakda Indoneziýanyň ähli ýerine ýaýrandygyny bilende, özüni oňaýsyz duýdy we doganlara azar bermegini bes etdi.