Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • g18 No. 2 sah. 14
  • 11. Zähmetsöýerlik

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • 11. Zähmetsöýerlik
  • Oýanyň! — 2018
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • NÄME?
  • NÄME ÜÇIN WAJYP?
  • NÄME EDIP BILERSIŇIZ?
  • Öz zähmetiň hözirini gör
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Çekýän zähmetiňizden lezzet alyň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi (2016)
Oýanyň! — 2018
g18 No. 2 sah. 14
Ýaş gyz ylgap barýar

Zähmet çekmek sport bilen meşgullanýan ýaly. Onuň häzirem, soňam köp peýdasy degýär

ÝAŞLARA

11. Zähmetsöýerlik

NÄME?

Zähmetsöýer adamlar işden gaçmaýar. Gaýtam olar özüni eklemek üçin islendik işde-de agyr zähmet çekýärler. Ýönekeý işde işleseler-de, adamlar üçin elinden gelen kömegi gaýgyrmaýarlar.

NÄME ÜÇIN WAJYP?

Biz islesek-islemesek-de, durmuşda uly jogapkärçiliklerimiz bolýar. Köp adamlar agyr zähmet çekmek islemeýär. Ýöne zähmetsöýer adamlar hemişe üstünlik gazanýarlar (Nesihat 3:13).

«Agyr zähmet çekenimde, öz-özümden hoşal bolup, edýän işimiň ýerine düşendigine begenýärin. Şonda hasam işeňňir bolasym gelýär. Zähmetsöýer bolsaň, il arasynda abraýly bolarsyň» (Ruslan).

MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Agyr zähmetiň peýdasy köpdür» (Nakyllar 14:23).

NÄME EDIP BILERSIŇIZ?

Aşakdaky maslahatlar edýän işiňi gowy görmäge kömek eder.

Işiňe höwes bilen ýapyş. Öýüň işlerini etseňem, sapaklaryňa taýýarlansaňam, bir ýerde işleseňem, ählisini ýürekden etmeli. Özüňe tabşyrylan işi ýerine ýetirip, indiki gezek ony nädip hasam gowy hem-de tiz edip biljekdigiň hakda pikirlen. Işiňi näçe gowy etseň, şonça-da köp şatlanarsyň.

MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Işine ökde adamy gördüňmi? Ol garamaýak adamlara däl-de, patyşalara hyzmat eder» (Nakyllar 22:29).

Peýdasy hakda oýlan. Eger sen özüňe tabşyrylan işi gowy ýerine ýetirseň, ýanyňdakylara-da köp peýda berer. Meselem, eger ene-ataňa öýüň işlerini etmäge kömek etseň, olaryň ýüküni ýeňledersiň.

MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Bermek almakdan has bagtly edýändir» (Resullar 20:35).

Artygy bilen ýerine ýetir. Diňe bir aýdylan işi etmän, özüňden bilip etmäni hem öwren. Şonda sen işiňi mejburlyk bilen däl-de, öz islegiň bilen etmegi öwrenersiň (Matta 5:41).

MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Seniň mejburlyk bilen däl-de, meýletinlik bilen ýagşylyk etmegiňi isleýärin» (Filimun 14).

Paýhasly bol. Zähmetsöýer adamlar ýalta hem däl, iş diýip ölüp hem baranok. Olar agyr zähmet çekişi ýaly, gowy dynç hem alýarlar.

MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Biraz dynç almak agyr zähmet çekmekden we şemaly kowalamakdan gowudyr» (Nesihat 4:6).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş