4. Allatagala adamlary ejir çekmek üçin ýaratdymy?
Şu soragyň jogabyny näme üçin bilmeli?
Soragyň jogabyny bilsek, ýagty gelejege umydymyz bolar.
Oýlanyp görüň
Owadan Ýer şaryny ýaradan Hudaý adamlaryň horluk çekmegini islärmi?
Hiç bir dine uýmaýan adamlar Allatagalanyň bardygyna şübhelenýärler, ynsanlaryň aladasyny edýändigine ynanmaýarlar. Olar 1) Allanyň horluklary aýyrmaga güýji ýetmeýär, 2) Ol adamlaryň jebir-jepasyna üns hem bermeýär ýa-da 3) Hudaý ýokdur öýdýärler.
Aslynda adamlar näme üçin ejir çekýär?
KÖPRÄK BILIŇ
JW.ORG saýtyndan «Mukaddes Kitabyň Hudaýyň kitabydygyna ynansa bolýarmy?» diýen wideony görüň.
Mukaddes Kitapda näme aýdylýar?
Hudaý adamlary ejir çekmek üçin ýaratmady.
Ol adamlaryň bagtly ýaşamagyny isleýär.
«Ynsan üçin şatlanmakdan, ömürboýy ýagşylyk etmekden gowy zat ýok ekeni; her bir adam iýip içmeli, edýän işini ýürekden halamaly. Ählisi Allanyň bereni» (NESIHAT 3:12, 13).
Allatagala Adam ata bilen How ene kösenmän ýaşar ýaly ähli gerek zatlary berdi.
Hudaý olaryň we nesilleriniň horluk çekmän, bagtly ýaşamagyny isledi.
«Hudaý olara ak pata berip: „Perzent dünýä indirip, köpeliň, ýer ýüzüni dolduryň we eýeçilik ediň... gözegçilik ediň“ diýdi» (1 MUSA 1:28).
Adam ata bilen How ene Hudaýa gulak asman, özbaşdak ýaşamak islediler.
Şeýlelikde, olaryň özleri hem, nesilleri hem görgi baryny gördüler.
«Bir adam arkaly günä we günä arkaly ölüm peýda boldy. Ölüm hem ähli adamlara geçdi, sebäbi hemmeler günä etdi» (RIMLILER 5:12)a.
Hudaý adamlary özbaşdak ýaşamaklary üçin ýaratmady.
Adamlar suwuň astynda ýaşap bilmeýärler. Şonuň ýaly Hudaýsyz hem ýaşap bilmezler.
«Adam ýörejek ýoluny saýlap bilmeýär» (ÝERMEÝA 10:23).
Alla adamlaryň jebir-jepa çekmegini islemeýär.
Ol adamlaryň aladasyz ýaşamagyny isleýär.
«Eger tabşyryklarymy diňleseňiz, parahatlygyňyz derýa kimin... bolar» (IŞAÝA 48:18).
a «Günä» diýlende diňe adamyň edýän erbet işleri göz öňünde tutulmaýar. Mukaddes Kitapda ähli adamlaryň günäli dogulýandygy we günäniň nesilden nesle geçýändigi aýdylýar.