Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • g20 No. 2 sah. 14—15
  • 5. Jebir-jepasyz ýaşaýyş bolarmy?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • 5. Jebir-jepasyz ýaşaýyş bolarmy?
  • Oýanyň! — 2020
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Şu soragyň jogabyny näme üçin bilmeli?
  • Oýlanyp görüň
  • Mukaddes Kitapda näme aýdylýar?
  • Hudaý biz barada alada edýärmikä?
    Hudaý biz barada alada edýärmikä?
  • Horluklar gutararmyka?
    Horluklar gutararmyka?
  • Horluklara çydamagyň bize berýän peýdasy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Hudaý horluklara näme üçin ýol berýär?
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
Başgalary
Oýanyň! — 2020
g20 No. 2 sah. 14—15
Bir maşgala deňziň kenarynda dynç alýar. Olar gülşüp-degşip otyrlar.

5. Jebir-jepasyz ýaşaýyş bolarmy?

Şu soragyň jogabyny näme üçin bilmeli?

Soragyň jogabyny bilsek, gelejege umydymyz bolar we horluklaryň Allanyň jezasy däldigine düşüneris.

Oýlanyp görüň

Adamlar horluklary aýyrmak isleýär, ýöne olaryň elinden hiç zat gelmeýär. Käbir subutnamalara seredeliň.

Medisina ösýär, ýöne...

  • ýürek keselinden köp adamlar ölýär.

  • rak keselinden her ýyl millionlarça adamlar aradan çykýar.

  • bir professoryň aýtmagyna görä, köp keselleri bejerip bolmaýar. Şeýle-de täze keseller döreýär we öňki keseller ýene-de ýaýraýar («Frontiers in Immunology» žurnaly).

Käbir ýurtlaryň ykdysadyýeti ösýär, ýöne...

  • garyp ýurtlarda her ýyl millionlarça çagalar aradan çykýar.

  • arassaçylyk şertleriniň ýokdugy sebäpli milliardlarça adamlar kösenýär.

  • arassa agyz suwunyň ýetmezçiligi sebäpli ýüz millionlarça adamlar kösenýär.

Adam hukuklary goralýar, ýöne...

  • köp ýurtlarda adamlary gul-gyrnak edip satmak gün-günden artýar. Birleşen Milletler Guramasynyň hasabatynda ynsan söwdasyny edýän jenaýatçylara jeza berilmeýändigi hakda şeýle diýilýär: «Döwlet işgärleri jenaýatçylara göz ýumýarlar ýa-da olar bilen göreşmäge güýji ýetmeýär».

    KÖPRÄK BILIŇ

    JW.ORG saýtyndan «Hudaýyň Patyşalygy näme?» diýen wideony görüň.

Mukaddes Kitapda näme aýdylýar?

Hudaý aladamyzy edýär.

Ol horluk çekenimizde gynanýar.

«Alla ejiziň derdine göz ýumýan däldir, ondan ýüz öwürýän däldir, perýadyny eşidýändir» (ZEBUR 22:24).

«Gaýgy-aladaňyzy Hudaýyň üstüne atyň, sebäbi ol siziň aladaňyzy edýär» (1 PETRUS 5:7).

Horluklar hemişe bolmaz.

Mukaddes Kitapda Allanyň adamzat baradaky niýetini amala aşyrjakdygy aýdylýar.

«Hudaý olaryň gözlerinden ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne hasrat, ne agy, ne-de agyry bolar» (YLHAM 21:3, 4).

Alla adamlaryň çekýän jebir-jepasyny aýrar.

Ol muny Patyşalygy, ýagny gökdäki hökümeti arkaly eder.

«Gögüň Hudaýy hiç haçan ýok edilmejek bir patyşalygy döreder. Ol patyşalyk başga halkyň eline geçmez... özi bolsa ebedi durar» (DANYÝAR 2:44).

Jebir-jepasyz ýaşaýyş bolarmy?

Elbetde! Ynsan hökümetleri kynçylyklaryň öňüni almaga çalyşýar, ýöne olaryň elinden hiç zat gelmeýär. Hudaý bolsa Patyşalygy arkaly horluklary bütinleý ýok eder.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş