37-NJI HEKAÝA
Sežde etmek üçin çadyr
BU ÝASALAN zadyň nämedigini bilýäňmi? Ýehowa sežde etmek üçin ýörite ýasalan çadyr. Halk ony Müsürden çykyp, bir ýyl geçensoň ýasady. Ýöne kimiň görkezmesi boýunça ýasalandygyny bilýäňmi?
Ol Ýehowanyň görkezmesi boýunça ýasaldy. Musa bu görkezmäni Sina dagynda Ýehowadan alypdy. Ýehowanyň görkezmesi boýunça çadyry söküp bolýardy. Başga ýere göçülende bolsa, ýene-de gurnap bolýardy. Şeýlelikde, çölde bir ýerden başga ýere göçenlerinde ysraýyllylar çadyry ýany bilen alyp gidýärdiler.
Eger-de sen çadyryň kiçi otagyna seretseň, ol ýerde sandyk görersiň. Bu äht sandygy. Onuň üstünde iki sany altyndan ýasalan perişde, ýagny kerubi bar. Olaryň hersi bir tarapynda ýerleşýär. Hudaý iki sany tekiz daşyň ýüzüne on tabşyrygy ýene-de ýazdy, sebäbi öňküsini Musa döwüpdi. Olar äht sandygynyň içinde saklanýar. Şeýle-de onuň içinde mannaly gap bar. Mannanyň nämedigi ýadyňdamy?
Ýehowa Musanyň dogany Haruny baş ruhany edip belleýär. Ol Ýehowa sežde etmekde halka baştutanlyk edýär. Onuň ogullary hem ruhany.
Indi bolsa çadyryň uly otagyna seret. Ol kiçi otagdan iki esse uly. Ol ýerde içinden tüsse çykýan sandygy görýäňmi? Bu gurban edilýän ýer. Ruhanylar onuň üstünde buhur diýip atlandyrylýan ýakymly ysly ösümligi ýakýarlar. Onsoňam bu ýerde ýedi çyraly şemdan dur. Üçünjisi stol, onuň üstünde on iki sany çörek goýlupdyr.
Çadyryň howlusynda suwly uly legen bar. Bu suwly legenden ruhanylar ýuwunýar. Şeýle-de bu ýerde gurban edilýän uly ýer bar. Onda soýlan mallary ýakyp, Ýehowa gurban berýärler. Çadyr düşelgäniň göni ortasynda ýerleşýär, ysraýyllylar bolsa onuň töweregindäki çadyrlarda ýaşaýarlar.