67-NJI HEKAÝA
Ýehoşafat Ýehowa bil baglaýar
BU ADAMLARYŇ kimdigini we olaryň häzir näme edýänini bilýäňmi? Olar söweşe barýar. Öňde barýan adamlar bolsa aýdym aýdýar. «Onda näme üçin olaryň ne gylyjy, ne-de naýzasy bar?» diýip, soramagyň mümkin. Gel, munuň sebäbini bileli.
Ýehoşafat iki taýpaly Ysraýyl patyşalygynda höküm sürýär. Ol on taýpaly demirgazyk patyşalygyň patyşasy Ahabyň we onuň aýaly Izebeliň döwründe ýaşaýar. Emma Ýehoşafat kakasy Asa ýaly gowy patyşa. Şonuň üçin iki taýpaly günorta patyşalygyň halky köp ýyllap bagtly ýaşaýar.
Ýöne halky howsala düşüren bir waka bolýar. Ýehoşafata: «Saňa garşy Moab, Ammon ýurdundan we Seir dagyndan uly goşun söweşe gelýär» diýip habar berýärler. Ysraýyllylaryň köpüsi Ýehowadan kömek dilemäge Iýerusalime gelýär. Olaryň hemmesi ybadathana tarap ugraýar. Ol ýerde Ýehoşafat: «Hudaýymyz Ýehowa, biz näme etmelidigini bilemizok. Bu uly goşunyň öňünde biz ejiz. Biz senden kömege garaşýarys» diýip doga edýär.
Ýehowa olaryň dogasyny eşidip, bir gullukçysy arkaly: «Bu siziň söweşiňiz däl-de, Hudaýyň söweşi. Siz söweşmersiňiz. Siz diňe Ýehowanyň halas edişine seredip durarsyňyz» diýýär.
Ertesi gün Ýehoşafat halka ýüzlenip: «Ýehowa bil baglaň!» diýýär. Soňra ol goşunyň öňünden aýdymçylary ýöredýär. Olar hem Ýehowa öwgüli aýdymlar aýdýarlar. Söweş meýdanyna ýakynlaşanda, näme bolanyny bilýäňmi? Ýehowa duşmanlary biri-birine garşy uruşdyrýar. Ysraýyllylar söweş meýdanyna gelende, duşmanlarynyň barysy ölüp ýatyr!
Ýehowa bil baglap, Ýehoşafat paýhasly hereket etdi gerek? Bizem Hudaýa bil baglasak, paýhasly bolarys.