69-NJY HEKAÝA
Bir gyzjagaz abraýly adama kömek edýär
BU GYZJAGAZYŇ näme barada gürrüň berýänini bilýäňmi? Ol Ýehowanyň Elişa pygamberi hakda we onuň Hudaýyň kömegi bilen eden täsin işleri barada gürrüň berýär. Bu aýal ysraýylly däl, şonuň üçinem ol Ýehowa barada hiç zat bilenok. Gel, bu aýalyň öýüne gyzjagazyň nädip düşenini bileli.
Bu aýal siriýaly, onuň adamsy Naaman bolsa, Siriýa goşunynyň baştutany. Siriýalylar gyzjagazy ýesirlige alyp, Naamanyň aýalynyň hyzmatkäri etdiler.
Naamanyň ýagdaýy agyrdy, ol heýwere keseli bilen keselledi. Bu kesel bilen kesellän adamyň eti bölek-bölek bolup gopýar. Şonuň üçin gyzjagaz Naamanyň aýalyna: «Eger-de hojaýynym, Ýehowanyň Ysraýyldaky pygamberiniň ýanyna barsa, onda pygamber ony heýwere keselinden bejererdi» diýýär. Tizden bularyň gürrüňi barada onuň adamsy hem eşidýär.
Naamanyň sagalasy gelýär, şonuň üçinem ol Ysraýyla gidýär. Ysraýyla baryp, ol Elişanyň öýüne tarap ugraýar. Elişa bolsa, hyzmatkärini iberip, Naamana Iordan derýasynda ýedi gezek çümüp çykmagy buýurýar. Naaman gaty gaharlanyp: «Meniň ýurdumdaky derýalar Ysraýylyň hemme derýalaryndanam gowudyr» diýip gidýär.
Emma onuň hyzmatkärleriniň biri: «Hojaýyn, eger-de saňa Elişa kyn zady buýran bolsa, sen ederdiň. Onda oňa gulak asyp, derýa çümüp çykmak aňsat dälmi näme?» diýdi. Naaman hyzmatkäriniň aýdanyny edip, Iordanda ýedi gezek çümüp çykýar. Şondan soň, onuň endamy berkäp sagalýar.
Naaman begenjinden ýaňa, Elişanyň ýanyna baryp: «Indi men dogrudanam Ysraýylyň Hudaýynyň ýer ýüzünde ýeke-täk hak Hudaýdygyny bildim! Haýyş edýärin, menden bu sowgady kabul et» diýýär. Elişa oňa: «Ýok, aljak däl» diýýär. Ol sowgat almagyň nädogrudygyny bilýärdi, çünki ony Ýehowa sagaltdy. Ýöne sowgady Elişanyň hyzmatkäri Gehazyň alasy gelýär.
Şonuň üçin Gehaz Naamanyň yzyndan ýetip: «Elişa ýaňy gelen dostlary üçin sowgatlaryňdan käbir zady aljak diýýär» diýdi. Elbetde, ol ýalan sözleýärdi. Emma Naaman onuň ýalan sözleýändigini bilmeýär. Şonuň üçin käbir sowgatlary berýär.
Gehaz öýüne dolananda, Elişa eýýäm hemme zady bilýärdi. Muny oňa Ýehowa aýtdy. Ol: «Seniň bu eden erbetligiň üçin Naamanyň heýwere keseli saňa geçer» diýdi. Edil şobada onuň aýdyşy ýaly hem boldy!
Mundan biz näme öwrenip bileris? Birinjiden, bu gyzjagaz ýaly Ýehowa barada gürrüň bermeli. Munuň peýdasy köp. Ikinjiden, Naamanyň başda ulumsy bolşy ýaly, ulumsy bolmaly däl, biz Hudaýyň gullukçylaryna gulak asmaly. Üçünjiden bolsa, biz Gehaz ýaly ýalan sözlemeli däl. Biz Mukaddes Ýazgylardan köp peýdaly zatlary öwrenýäris gerek?