Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 78
  • El diwara hat ýazýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • El diwara hat ýazýar
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Diwara ýazylan hat
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Daniýel kitabyndan peýdaly pikirler
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 78

78-NJI HEKAÝA

El diwara hat ýazýar

BU ÝERDE näme bolýar? Olar uly baýramçylyk belleýär. Babyl patyşasy müňlerçe abraýly adamlary myhmançylyga çagyrdy. Olar Ýehowanyň Iýerusalimdäki ybadathanasyndan alnan altyndyr kümüş gaplardan we käselerden şerap içýärdi. Emma birdenkä adam eli peýda bolup, diwara hat ýazyp başlaýar. Hemmeler gaty gorkýarlar.

Şol wagt Nebukadnezaryň agtygy Belşazar höküm sürýärdi. Ol akyldarlary çagyrdyp: «Kim bu haty okap, manysyny düşündirse, köp sowgatlar alar we patyşalykda üçünji hökümdar bolar» diýip yglan edýär. Emma akyldarlar haty ne okap, ne-de düşündirip bildiler.

Patyşanyň ejesi galmagaly eşidip, olaryň ýanyna gelýär. Ol: «Gorkma, patyşalykda mukaddes hudaýlary bilýän bir adam bar. Seniň ataň Nebukadnezar patyşaka, ony hemme akyldarlaryň başy edip belledi. Onuň ady Daniýel. Ony çagyrtsaň, bu zatlaryň barysyny düşündirer» diýýär.

Şeýlelikde, şol wagtyň özünde Daniýeli çagyrýarlar. Ol sowgatlary almaýar. Ýöne Ýehowanyň näme sebäpden Belşazaryň atasy Nebukadnezary patyşalykdan aýrandygyny gürrüň berýär. «Ol örän ulumsy adamdy, şonuň üçin Ýehowa oňa temmi berdi» diýip, Daniýel düşündirýär.

Daniýel Belşazara ýüzlenip: «Nebukadnezar bilen bolan zatlaryň barysyny bilseň-de, senem ulumsylyk etdiň. Sen Ýehowanyň ybadathanasyndan gapdyr käseleri alyp, olardan şerap içdiň. Agaçdan we daşdan ýasalan taňrylary şöhratlandyrdyň, emma Beýik Ýaradyjyny şöhratlandyrmadyň, şonuň üçinem Hudaý bu sözleri ýazdyrdy» diýýär.

«Ýazylan sözleriň okalyşy şeýle: «MENE, MENE, TEKEL we IFARSIN».

MENE sözüniň manysy: Hudaý seniň patyşalygyň günlerini sanady we ony eliňden alar. TEKEL sözüniň manysy: seni terezide çekip, hiç zada mynasyp görmedi. IFARSIN bolsa, seniň patyşalygyň midiýalylar bilen parslara berler diýmekdir».

Daniýel bu sözleri aýdyp durka, midiýalylar hem-de parslar Babyla çozdular. Olar şäheri basyp alyp, Belşazary-da öldürdiler. Diwara ýazylan hat şol gije ýerine ýetdi! Ýöne indi ysraýyllylara näme bolarka? Tizden muny bileris, ýöne ilki bilen, gel, Daniýele näme bolanyny bileli.

Daniýel 5:1—31.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş