85-NJI HEKAÝA
Isa malýatakda dogulýar
BUJAGAZ bäbejik kimdir öýdýäň? Hawa, ol Isa. Ol edil şu wagt malýatakda doguldy. Merýem Isany mala iýmit berilýän ahyrda ýatyrýar. Ýöne Merýem bilen Ýusup malýataga näme üçin geldilerkä? Eýsem, bu ýer çaga dogurmaga amatly ýermi?
Elbetde, amatly däl. Olaryň bu ýere gelmeginiň sebäbi bar. Rim hökümdary Kaýsar Awgust kanun çykarýar. Şol kanun boýunça her kim doglan ýerine baryp, adyny kitaba ýazdyrmalydy. Ýusup bolsa Beýtullahamda doglupdy. Haçan-da Ýusup Merýem bilen şähere gelende, olara hiç ýerde ýer tapylmaýar. Şonuň üçin olar şu ýere, ýagny malýataga gelmeli boldular. Edil şol gün hem Isa doguldy. Ýöne görşüň ýaly, Isanyň ýagdaýy gowy.
Isany görmäge gelen çopanlary görýäňmi? Olar gijelerine düzde goýun bakyp ýörkäler, birden gözlerini nur gamaşdyrýar. Bu perişdedi. Çopanlar gaty gorkdular. Emma perişde olara: «Gorkmaň! Size gowy habarym bar. Şu gün Beýtullahamda Reb Mesih doguldy. Ol adamlary halas eder. Ol ahyrda ýatandyr we gundaga dolangydyr» diýýär. Birdenem Hudaýy şöhratlandyrýan ençeme perişde göründi. Soňra çopanlar Isanyň gözlegine çykyp, ony şu ýerden tapdylar.
Isanyň nämesi üýtgeşik? Ol aslyýetinde kim? Ýadyňda bolsa, şu kitabyň birinji hekaýasynda Hudaýyň ilkinji Ogly barada okapdyk. Ol gögi, Ýeri we ähli beýleki zatlary Ýehowa bilen bile ýaradypdy. Indi Isanyň kimdigine düşünen bolsaň gerek!
Hawa, Ýehowa gökdäki Oglunyň janyny Merýemiň göwresine geçirdi. Beýleki çagalaryň ulalyşy ýaly, Merýemiň göwresindäki çaga hem ulalýar. Ýöne bu çaga Hudaýyň Ogludy. Şeýdip, Isa Beýtullahamdaky malýatakda dogulýar. Isanyň doglanyny perişdeleriň näme üçin şatlyk bilen buşlanyna indi sen düşündiňmi?