98-NJI HEKAÝA
Zeýtun dagynda
OLAR Zeýtun dagynda oturan Isa we dört resuly Petrus we dogany Andreas, Ýakup we dogany Ýahýa. Uzakdan görünýän jaýlar — Hudaýyň Iýerusalimdäki ybadathanasy.
Isanyň taýhara münüp, Iýerusalime gelenine iki gün boldy. Şu gün hepdäniň ikinji güni. Isa eýýäm ybadathanada bolupdy. Şonda ruhanylar ony tutup, öldürjek boldular. Emma adamlardan gorkdular, sebäbi olar Isany gowy görýärdi.
Isa dini ýolbaşçylara: «Ýylanlar we ýylanyň çagalary!» diýdi. Şeýle-de Hudaýyň olara jeza berjegini aýtdy, sebäbi olar köp erbet iş edýärdiler. Soňra Isa Zeýtun dagyna çykdy. Şol ýerde dört resuly oňa sorag berýär. Olaryň näme soranyny bilýäňmi?
Resullar gelejek barada soradylar. Olar Isanyň ýer ýüzünden erbetligi ýok etjegini bilýärdi. Ýöne olar şonuň haçan boljagyny bilmek isleýärler. Isa haçan gaýdyp geler we haçan patyşa bolar?
Isa gaýdyp gelende, şägirtleriniň ony görüp bilmejegini bilýärdi. Sebäbi Isa gökde bolmaly. Gökde bolsa ony görüp bolmaýar. Şonuň üçin Isa gökde patyşa bolanda, ýer ýüzünde nähili wakalaryň boljagyny resullaryna gürrüň berýär. Nähili wakalar bolmalyka?
Isa uly uruşlaryň, keselçiligiň, açlygyň boljagyny, jenaýatçylygyň köpeljegini we uly ýertitremeleriň boljagyny aýtdy. Şeýle hem, Isa Hudaýyň patyşalygy baradaky hoş habaryň bütin ýer ýüzünde wagyz ediljegini aýtdy. Şu wakalar şu günler bolýarmy? Elbetde! Şonuň üçin biz Isanyň gökde patyşalyk edýänine ynanýarys. Tizden ol ýer ýüzünden erbetligi ýok eder.