100-NJI HEKAÝA
Isa bagda
ISA we resullary ýokarky otagdan çykyp, Getsemani bagyna gitdiler. Bu ýere olar öňem gelipdi. Isa resullaryna oýa bolup, doga etmelidigini aýdýar. Özi bolsa biraz arany açyp, ýüzüni ýere berip, doga etdi.
Soň resullarynyň ýanyna barýar. Seniň pikiriňçe, olar näme edýärkä? Olar uklap ýatyr! Isa olardan üç gezek oýa bolmagy haýyş edýär. Her gezegem olar ýatyrka, üstlerinden barýar. Isa üçünji gezek olaryň ýanyna dolanyp gelende: «Şu wagt siziň nädip ukyňyz gelýär? Men duşmanlaryň eline häzir berilýän ahyryn» diýýär.
Ol entek gepläp durka, ýakynlaşyp gelýän adamlaryň sesi eşidildi. Ynha, eli gylyçly we taýakly adamlar geldi. Şeýle-de ýoly ýagtyltmak üçin çyralary bardy. Adamlar ýakynlaşanda olaryň arasyndan biri Isanyň ýanyna gelýär. Seret, ol Isany ogşaýar. Ol Iuda Iskariot! Ýöne ol Isany näme üçin ogşaýarka?
Isa oňa: «Iuda! Sen meni ogşuk bilen satýaňmy?» diýdi. Hawa, Iuda Isany ogşap, ýany bilen gelen adamlara kimiň Isadygyny görkezdi. Şonda duşmanlar Isany tutmak üçin topuldylar. Emma Petrus garşylyk görkezdi. Ol gylyjyny alyp, ýanyndaky duran adamyň sag gulagyny kesdi. Şonda Isa onuň gulagyna elini degrip sagaltdy.
Isa Petrusa: «Gylyjyňy ýerine sal. Ýa Men Atama müňlerçe perişde iber diýip bilmez öýdýäňmi?» diýdi. Ol, dogrudan-da, muny edip bilerdi! Ýöne Isa Atasyndan perişdeleri ibermegi haýyş etmeýär, sebäbi ony duşmanlary tutmalydy. Şonuň üçin ol boýun bolýar. Şeýdip, Isany alyp gidýärler. Gel, soňra Isa näme bolanyny bileli.