Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 102
  • Isa diri

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa diri
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaý Ogluny direltdi
    Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Isanyň mazary boş. Ol direlipdir!
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Isa direlýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Isany jaýlaýarlar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Başgalary
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 102

102-NJI HEKAÝA

Isa diri

BU AÝAL bilen iki adamyň kimdigini bilýäňmi? Bu aýal Isanyň dosty Magdalaly Merýem. Ak eşikli adamlar bolsa perişdeler. Merýem Isanyň ölüsi goýlan otaga seredýär. Bu otaga mazar diýilýär. Emma ol ýerde Isanyň ölüsi ýok! Ony kim aldyka? Gel, bileli.

Isa ölende ruhanylar Pilatusa şeýle diýdiler: «Isa dirikä, özüniň üç günden direljegini aýdypdy. Şonuň üçin mazary goramagy tabşyr. Şonda şägirtleri ölüsini ogurlap, halka: «Ol direldi!» diýip bilmez». Muny diňläp, Pilatus ruhanylara mazary goramak üçin esger ibermegi buýurýar.

Isanyň ölenine üç gün geçende, daň bilen birdenkä Ýehowanyň perişdesi peýda bolýar. Ol mazaryň agzyndaky daşy bir çete togalaýar. Esgerler gorkudan ýaňa duran ýerinde doňup galýarlar. Olar mazaryň içine seretseler, Isanyň ölüsi ýok! Käbir esgerler bolan zatlary ruhanylara gürrüň bermäge şähere gidýär. Erbet ruhanylar näme edendir öýdýäň? Ruhanylar esgerlere pul berip: «Şägirtleri gije gelip, biz ýatyrkak, onuň ölüsini ogurlapdyrlar» diýip, ýalan sözlemegi tabşyrýarlar.

Şol wagt mazaryň ýanyna Isanyň dostlaryndan käbir aýallar gelýär. Olar boş mazary görüp, haýran galýarlar. Birdenkä, ak eşikli iki perişde peýda bolýar. Olar aýallara: «Siz näme üçin Isany bu ýerden gözleýäňiz? Ol direldi. Gidiň-de, şägirtlere aýdyň» diýýärler. Aýallar ylgaşyp gidýärler. Birdenkä olary ýolda bir adam saklaýar. Onuň kimdigini bilýäňmi? Ol Isa! Isa olara: «Gidiň-de, muny şägirtlerime aýdyň» diýýär.

Aýallar Isanyň direlendigini we ony görendiklerini şägirtlere aýdýar. Olar ynanmaýar. Şonuň üçin Petrus bilen Ýahýa öz gözi bilen görmek üçin mazara tarap ylgaýar. Görseler, mazar boş! Petrus bilen Ýahýa yzyna gaýdýar, Magdalaly Merýem bolsa şol ýerde galýar. Ol eglip, mazaryň içine seredende iki perişdäni görýär.

Isanyň ölüsi niredekä? Hudaý onuň ölüsini aýyrdy. Hudaý Isany ölen teninde direltmedi. Ol Isa gökdäki perişdeleriňki ýaly ruhy ten berdi. Isa özüniň diriligini görkezmek üçin şägirtlerine ynsan teninde göründi.

Matta 27:62—66; 28:1—15; Luka 24:1—12; Ýahýa 20:1—12.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş