109-NJY HEKAÝA
Petrus Korneliusyň öýüne gelýär
SEN suratda Petrus resuly we ýanyndaky iki dostuny görýäňmi? Ol adam näme üçin Petrusyň öňünde dyza çöküp durka? Adamyň öňünde dyza çökmek bolýarmy näme? Onuň kimdigini bilýäňmi?
Ol adam Kornelius. Rim goşunynyň ýüzbaşysy. Ol Petrusy tanamasa-da, ony öýüne çagyrdy. Gel, munuň nädip beýle bolanyny bileli.
Isanyň ilkinji şägirtleri ýehudylardy. Kornelius bolsa ýehudy däldi. Emma ol Hudaýy söýýärdi we oňa doga edýärdi. Şeýle-de adamlara köp ýagşylyk edýärdi. Bir gün onuň ýanyna perişde gelýär. Perişde oňa: «Hudaý seni gowy görýär. Ol seniň dogalaryňa jogap bermekçi. Petrus atly adamyň yzyndan hyzmatkärleriňi iber. Häzir ol Ýafada, deňziň ýakasynda ýaşaýan Simun atly adamyň öýünde» diýdi.
Kornelius Petrusyň yzyndan adam iberýär. Ertesi hyzmatkärler Ýafa gelende, Petrus Simunyň tamynyň üstündedi. Hudaý Petrusa gökden inip gelýän uly saçak görkezýär. Saçakda her hili haýwanlar bardy. Hudaýyň kanuny boýunça olary iýmek bolanokdy, ýöne ses oňa: «Petrus, tur. Soýup, olary iý» diýýär.
Petrus: «Ýok! Men hiç haçan haram zat iýmändim» diýýär. Ses bolsa: «Hudaýyň arassa diýýän zadyna haram diýme» diýýär. Ses muny üç gezek gaýtalaýar. Petrus gören zadynyň näme aňladýandygy hakda oýlanyp durka, Korneliusyň ýollan adamlary Simunyň öýüne gelip, Petrusy soraýarlar.
Petrus aşak düşüp: «Şol gözleýän adamyňyz men. Näme hyzmat?» diýýär. Gelen adamlar bir perişdäniň Korneliusa Petrusy öýüne çagyrmagy aýdandygyny gürrüň berýärler. Petrus olary diňläp, bile gitmäge razy bolýar. Ertesi gün Petrus we dostlary Korneliusyň öýüne Kaýsariýa gidýärler.
Kornelius bolsa, dogan-garyndaşlaryny, ýakyn dostlaryny ýygnap, Petrusy garşylamaga çykdy. Seret, ol Petrusyň öňünde dyza çöküp, tagzym edýär. Emma Petrus ony galdyryp: «Tur, menem adam» diýýär. Hawa, Mukaddes Ýazgylaryň görkezişi ýaly, adamlaryň öňünde dyza çöküp, sežde etmeli däl. Biz diňe Ýehowa sežde etmeli.
Indi Petrus ýygnanan adamlara wagyz edýär. Ol adamlara ýüzlenip: «Görýän welin, Hudaý gulluk etmek isleýän adamlaryň hemmesini kabul edýär» diýýär. Petrus gürrüň berip durka, Hudaý mukaddes ruhuny iberýär. Şol ýerdäki adamlar dürli dilde gepläp başlaýarlar. Petrus bilen gelen ýehudy şägirtler muňa haýran galýar, sebäbi olar Hudaý diňe ýehudylary gowy görýändir öýdýärdiler. Şu wakadan olar Hudaýyň bir milleti başga milletden ýokary tutmaýandygyna düşündiler. Bizem şuny ýatda saklasak, gowy bolmazmy?