Söýgüli ölenlerimiz üçin näme umyt bar?
«Adam ölensoň, ol ýene-de ýaşarmyka?» diýip, ençeme ýyl mundan ozal Eýýup sorapdy (Eýýup 14:14). Mümkin sen hem şu zat barada oýlanyp görensiň. Sen özüňi nähili duýardyň, eger hut şu taýda, ýer ýüzünde, iň oňat ýagdaýlarda ýene-de öz ýakynlaryň bilen bile ýaşamaga mümkinçiligiň bardygyny bilen bolsaň?
Mukaddes Ýazgylar wada berýär: «Seniň merhumlaryň direler, ölen tenler täzeden galar!» Şeýle-de, Mukaddes Ýazgylar aýdýar: «Dogry adamlar ýeri miras alyp, onda ebedi ýaşar» (Işaýa 26:19; Zebur 37:29).
Şu wadalara hakykatdan hem ynanmak üçin, käbir öňden gelýän soraglara jogap tapmagymyz gerek: adamlar näme üçin ölýär? Ölüler nirede bolýarlar? Olaryň ýene-de ýaşap biljekdiklerine biz näme esasda ynanyp bileris?
Ölüm, we ölümden soň näme bolýar
Mukaddes Ýazgylar açyk görkezýär: Hudaý ilkibaşda adamlaryň ölümini islemedi. Ol ilkinji ynsan jübütini, Adam-atany we How-enäni ýaratdy, olary ýer ýüzünde, Aden atly jennetde ýerleşdirdi we olara çaga dogurmagy we jennet bagyny bütin ýer ýüzüne ýaýratmagy tabşyrdy. Diňe bir ýagdaýda, ýagny Hudaýyň tabşyrygyna gulak asmasalar olar ölmelidiler (Barlyk 1:28; 2:15—17).
Adam-ata we How-ene Hudaýyň ýagşylygyny bilmediler we gulak asmaz boldular, şonuň üçin hem öňünden aýdylan jeza olaryň başyna geldi. Hudaý Adam-ata aýtdy: «Topraga öwrülersiň... çünki ondan alyndyň; çünki topraksyň, we topraga öwrülersiň» (Barlyk 3:19). Adam-ata ýaradylmagyndan öň ýokdy; ol toprakdy. We gulak asmazlyk, ýagny günä edeni üçin Adam-ata topraga öwrülmek — ýokluga dolanmak jezasyna höküm edildi.
Şonuň üçin ölüm — ýaşaýşyň ýoklugydyr. Mukaddes Ýazgylar tapawudyny görkezýär: «Günäniň muzdy ölüm, Hudaýyň sylagy bolsa... ebedi ýaşaýyşdyr» (Rimliler 6:23). Ölümiň bütinleý huşsuzlyk ýagdaýydygyny görkezip Mukaddes Ýazgylar aýdýar: «Diriler öljeklerini bilýärler, ölüler bolsa hiç zat bilmeýär» (Wagyzçy 9:5). Ýazgylar boýunça adam ölende şeýle bolýar: «Onuň ruhy çykyp, topraga öwrülip, niýetleri şol günüň özünde puja çykýar» (Zebur 146:3, 4).
Emma, Adende şol tabşyrygy diňe Adam-ata bilen How-ene bozan bolsa, onda näme üçin biziň hemmämiz ölýäris? Sebäbi — biziň hemmämiz Adam-atanyň gulak asmazlygyndan soň doguldyk, we şonuň üçin günä bilen ölümi ondan miras aldyk. «Bir adam [Adam-ata] arkaly günäniň we günä arkaly ölümiň dünýä girişi ýaly, ölüm hem ähli adamlara geçdi» diýip, Mukaddes Ýazgylar düşündirýär (Rimliler 5:12; Eýýup 14:4).
Emma, mümkin, kimdir biri sorar: «Näme, adamda ölümden soň ýaşaýşy dowam edýän ölmez jan ýokmy?» Köpler şu düşünjäni öwredýärler we ölüm barada, hatda, bu başga ýaşaýşa geçirýän gapy diýýärler. Emma bu düşünje Mukaddes Ýazgylardan gelmeýär. Tersine, Hudaýyň Sözi boýunça seniň özüň jan, seniň janyň — bu, hakykatdan seniň özüň, bütin ten we akyl häsiýetleriň bilen bilelikde (Barlyk 2:7; Kanunyň Gaýtalanyşy 27:25; Süleýmanyň Tymsallary 2:10). Şeýle hem Mukaddes Ýazgylar aýdýar: «Günä edýän jan, ol öler» (Ezekiýel 18:4). Teniň ölümünden soň ýaşaýşy dowam edýän jan bar diýip Mukaddes Ýazgylaryň hiç bir ýerinde öwredilmeýär.
Adamlar nädip ýene-de ýaşap bilerler
Günä bilen ölüm dünýä gireninden soň, Hudaý ölüleri direliş üsti bilen ýaşaýşa getirjegini aýan etdi. Şonuň üçin Mukaddes Ýazgylar düşündirýär: «Ybraýym Hudaýyň ölüleri [onuň ogly Yshagy] hem direltmegi başarjagyna pikir etdi» (Ýewreýler 11:17—19). Ybraýymyň ynamy esassyz däldi, çünki Mukaddes Ýazgylar Gudratly Hudaý barada şeýle aýdýar: «Ol ölüleriň däl-de, dirileriň Hudaýydyr, çünki Onuň ýanynda hemmeler diridir» (Luka 20:37, 38).
Hawa, öz garaýşy boýunça adamlary direltmek üçin, Gudratly Hudaýyň diňe bir güýji däl, eýsem höwesi-de bardyr. Isa Mesihtdy: «Muňa geň galmaň, çünki gabyrdakylaryň hemmesiniň Onüň sesini eşitjek wagtlary gelýär» (Ýahýa 5:28, 29; Resullaryň Işleri 24:15).
Şuny aýdandan soň az wagt geçipdi, Isa, Ysraýylyň Nain atly şäherinden bir ölüni ugradyp gelýän märekä duş geldi. Ölen ýaş ýigit dul aýalyň ýalňyz ogludy. Isa aýalyň çäksiz gynanjyny görende oňa gaty haýpy geldi. Şonuň üçin ölüniň jesedine ýüzlendi-de: «Eý ýaş ýigit! Saňa diýýärin, tur!» diýip buýurdy. Ýaş ýigit ýerinden galyp oturdy we Isa ony ejesine gowşurdy (Luka 7:11—17).
Isa ýahuda sinagogasynyň başlygy Ýaýrusyň öýüne gelende-de, şol dul eneli wakada bolşy ýaly, ýene-de uly şatlyk boldy. Munuň öň ýanynda Ýaýrusyň 12 ýaşly gyzy ölüpdi. Emma Isa Ýaýrusyň öýüne gelende, ol öli çaganyň ýanyna baryp: «Gyzym, gal!» diýdi. Ol hem galdy! (Luka 8:40—56).
Birnäçe wagtdan soň Isanyň dosty Lazar öldi. Isa onuň obasyna gelende Lazar eýýäm dört günläp ölüdi. Onuň uýasy Marta gaty gynansa-da: «Men ahyret güni boljak kyýamatda onuň direljegini bilýärin»,— diýip umyt edýärdi. Emma Isa mazaryň ýanyna bardy, onsoň daşy süýşürmegi buýurdy-da: «Lazar, daşaryk çyk!» diýip çagyrdy. Ol hem çykdy! (Ýahýa 11:11—44).
Indi bolsa şu zat barada oýlanyp gör: Lazar dört günläp öli ýatyrka, ol nähili ýagdaýdady? Eger Lazar gökdäki behiştde ýa-da ejirler dowzahynda bolan bolsa, onda ol bu barada hökman aýdardy, emma ol hiç zat aýtmady. Ýok, öli Lazar bütinleý huşsyz ýagdaýdady. Eger şonda Isa ony direltmedik bolsa, Lazar «ahyret güni boljak... direlişe» çenli şol ýagdaýda galardy.
Dogry, Isanyň bu gudratlary diňe wagtlaýynça peýda getirdi, çünki onuň direlden adamlary soňra ýene-de öldüler. Emma şol gudratlary görkezip, Hudaýyň güýji bilen ölüleriň hakykatdan-da täzeden ýaşap biljekdiklerini, ol eýýäm 1 900 ýyl mundan ozal subut etdi! Şeýlelikde, Hudaýyň Patyşalygynyň hökümdarlygynda, ýer ýüzünde nämeleriň boljakdygyny, Isa kiçiräk möçberde görkezdi.
Ýakyn adam ölende
Haçan duşman — ajal uranda, seniň direlişe umydyň bolanda-da örän gynanmagyň mümkin. Ybraýym, aýalynyň täzeden ýaşajagyna ynanýardy, muňa garamazdan: «Ybrahym Sara matam tutup aglamaga geldi» diýip okaýarys (Barlyk 23:2). Isa bolsa özüni nähili duýýardy? Lazar ölende, Isa «ruhda gynanyp, ýüregi gyýyldy», onsoň ol «aglady» (Ýahýa 11:33, 35). Şonuň üçin ýakynyň ölende sen aglasaň, bu ejizlik däldir.
Çaganyň ölümi enesi üçin has-da gynançly bolýar. Şu sebäpli Mukaddes Ýazgylar enäniň agyr gam-gussa çekýändigini tassyklaýar (2 Patyşalar 4:27). Elbetde, çagasyndan mahrum bolmak ata üçin hem agyrdyr. Ogly Abşalom ölende Dawut patyşa: «Wah, seniň ýeriňe men ölsem bolmaýardymy» diýip, ah çekýärdi (2 Şamuwel 18:33).
Şeýle bolsa-da, direlişe ynanýanlygyň sebäpli seniň gynanjyň dyngysyz bolmaz. Mukaddes Ýazgylaryň aýdyşy boýunça, sen «beýleki umytsyzlar ýaly gaýgy çekmersiň» (1 Selanikliler 4:13). Munuň deregine sen, doga üsti bilen Hudaýa ýakynlaşarsyň, Mukaddes Ýazgylar bolsa wada berýär: «Ol seni saklar [goldar]» (Zebur 55:22).