Bu dünýä galarmyka?
Ahyrzaman barada hiç bir nesil biziň neslimiz ýaly, şunça köp gürrüň eşiden däldir. Köpler, ahyrzaman elhenç ýadro heläkçiliginiň üsti bilen geler öýdüp gorkýarlar. Başgalar, dünýäniň soňy tebigatyň hapalanmagy zerarly geler diýip pikir edýärler. Üçünjiler bolsa, ykdysady bulam-bujarlyklar halk köpçüliklerini bir-birine garşy çykarar diýip ynjalyksyz bolýarlar.
Bu dünýä hakykatdan-da soňuna gelip bilermi? Gelip bilýän bolsa, onda bu nämäni aňladýarka? Mundan ozal heý bir wagt dünýä öz soňuna gelipdimi?
Bir dünýä soňuna gelýär — başgasy ony çalyşýar
Hawa, bir dünýä soňuna gelipdi. Nuhuň günlerinde juda zalym bolan dünýä seredip gör. «Ýöne ol wagtky dünýä şol suwda hem gark bolup heläklenipdi» — diýip Mukaddes Ýazgylar düşündirýär. Mukaddes Ýazgylar şeýle-de: «[Hudaý] gadym dünýä rehim etmän, hudaýsyzlar dünýäsiniň başyna tupan turzanda, dogrulyk wagyzçysy Nuhy beýleki ýedi adam bilen saklady» — diýýär (2 Petrus 2:5; 3:6).
Üns ber, şol dünýäniň soňy nämäni aňladyp, nämäni aňlatmaýardy. Ol, adamzadyň soňuny aňlatmaýardy. Nuh we onuň maşgalasy bütin ýer ýüzüni alan tupanda ölmän galdylar. Şeýle-de, Ýer planetasy we ajaýyp ýyldyzly asman hem ötmän galdylar. «Hudaýsyzlar dünýäsi» bolsa, ýagny zalym zatlar sistemasy ýok edildi.
Wagt geçip, Nuhuň nesli köpelende, başga dünýä emele geldi. Bu ikinji dünýä, ýa-da zatlar sistemasy biziň günlerimize gelip ýetdi. Onuň taryhy uruşdan, jenaýatdan we zulumdan doludyr. Bu dünýä näme bolar? Ol galarmyka?
Bu dünýäniň gelejegi
Nuhuň günlerindäki dünýäniň ýok edileni barada ýazylan sözlerden soň, Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ýöne welin, häzirki gökler, ýer Onuň sözi bilen ot üçin goralyp... saklanýar» (2 Petrus 3:7). Dogrudan-da, ýagdaýlar, Mukaddes Ýazgylaryň başga ýerinde aýdylyşy ýaly: «[Häzirki] Dünýä... geçip gider» (1 Ýahýa 2:17).
Nuhuň günlerinde ýer we ýyldyzly asman ýok edilmedi, şonuň ýaly-da, Mukaddes Ýazgylar ýeriň we gögüň geçjegini aýdanda ony başga manyda diýýär (Zebur 104:5). Bu dünýä öz «gökleri», ýagny Şeýtanyň täsirinde bolan döwlet hökümdarlary bilen we «ýeri», ýagny adamzat jemgyýeti bilen, otda ýanan kimin ýok ediler (Ýahýa 14:30; 2 Korintoslylar 4:4). Tupandan öňki dünýäniň heläk bolşy ýaly, bu dünýäniň hem, ýagny zatlar sistemasynyň galmajagy bes-bellidir. Hatda Isa Mesih hem bu dünýäniň ahyrynda näme boljagyny görkezmek üçin, Nuhuň günlerinde bolan ýagdaýlary mysal getirdi (Matta 24:37—39).
Bir zady bellemek gerek, Nuhuň günleri barada aýtmak bilen, Isa, resullaryň: «Seniň gelmegiňiň we ahyrzamanyň alamaty näme bolar?» diýen soragyna jogap beripdi (Matta 24:3). Bu dünýäniň öz ahyryna geljegini Isanyň şägirtleri bilýärdiler. Bu geljek olary gorkuzypdymy?
Ýok, tersine, Isa ahyrzamanyň öň ýanynda boljak wakalary gürrüň berende: «Çünki gutulyşyňyz golaýlap gelýändir» — diýip olary ruhlandyrdy (Luka 21:28). Hawa, Şeýtandan we onuň zalym zatlar sistemasyndan, parahat täze dünýä üçin gutulyşymyz ýakynlaşandyr! (2 Petrus 3:13).
Emma haçan bu dünýä öz soňuna geler? Isa özüniň «gelmeginiň we ahyrzamanyň alamaty» näme bolar diýdi?
«Alamat»
Bu ýerde (Isanyň) «gelmegi» diýip terjime edilen grek sözi parousia, (Onuň) «barlygyny» aňladýar. Şu sebäpden «alamat» görnende, bu, Mesihiň basym gelmegini däl-de, onuň eýýäm gelendigini aňladýar. Bu bolsa, onuň, göze görünmez gökdäki patyşa bolup hökümdarlyga başlandygyny we tiz wagtdan duşmanlarynyň soňuna çykjagyny aňladýar (Ylham 12:7—12; Zebur 110:1, 2).
Isa, «alamat» hökmünde, diňe bir wakany däl-de, eýsem birgiden dünýä wakalaryny we ýagdaýlaryny belläp geçdi. Olaryň barysy Mukaddes Ýazgylaryň «soňky günler» — diýip atlandyrýan döwründe bolmalydyr (2 Timoteos 3:1—5; 2 Petrus 3:3, 4). Isanyň welilikleri boýunça «soňky günleri» görkezýän käbir pursatlary gözden geçireliň.
«Millet — millete, patyşylyk — patyşalyga garşy çykar» (Matta 24:7). Öňki döwürlere garanyňda biziň döwrümizde bolan uruşlar has uly we elhençdir. Bir taryhçy şeýle belledi: «[1914-nji ýylda başlan] Birinji jahan urşy — birinji „düýpgöter gyrlyşykly“ uruşdy». Emma ikinji jahan urşy ondan hem has weýrançylykly boldy. Uruşlar şindi hem ýeri tozdurýar. Hawa, Isanyň sözleri betbagtçylykly ýagdaýda ýerine ýetdi!
«Açlyklar bolar» (Matta 24:7). Birinji jahan urşynyň yz ýanyndan taryhda ähtimal iň uly açlyk boldy. Ikinji jahan urşyndan soň hem açlyk bolupdy. Açlyk belasy adamzadyň bäşden bir bölegine agyr täsir ýetirip, her ýylda 14 milliona golaý çagany öldürýär. «Açlyklar» hakykatdan-da bar!
«Güýçli ýertitremeler... bolar» (Luka 21:11). 1914-nji ýyldan başlap, her ýyl ýertitremelerde ölýän adamlaryň ortaça sany öňki asyrlara garanyňda on esse kändir. Käbir ýertitremeleriň netijesine üns berip gör: 1920-nji ýyl, Hytaý, 200.000 öli; 1923-nji ýyl, Ýaponiýa, takmynan 140.000 ölen-ýiten; 1948-nji ýyl, Türkmenistan, 160.000 öli; 1970-nji ýyl, Peru, 66.800 öli; we 1976-njy ýyl, Hytaý, 240.000 golaý (başga maglumatlar boýunça 800.000) öli. Hakykatdan-da, «güýçli ýertitremeler»!
«Aýry-aýry ýerlerde yzly-yzyna epidemiýalar» (Luka 21:11, TD). Birinji jahan urşynyň yzysüre ispanka keselinden 21 milliona golaý adam öldi. «Saýens daýjest» («Science Digest») žurnaly şeýle habar berdi: «Bütin taryhda ajalyň şeýle çalt we şeýle rehimsiz çozuşy bolmandy». Ondan bäri ýürek, rak, SPID keselleri we başga birgiden belalar ýüz millionlarça adamlaryň janyny alyp gitdi.
«Şer işleriň artanlygy» (Matta 24:12). 1914-nji ýyldan bäri biziň dünýämiz jenaýatçylygyň we zorlugyň dünýäsi diýip tanalýar. Köp ýerlerde adamlar özlerini hatda gündiz hem howpsuz duýmaýarlar. Gijelerine bolsa, daşary çykmaga gorkup demirlenen gapylaryny gulplap öýlerinde galýarlar.
Soňky günleriň dowamynda başga-da ençeme zatlaryň boljagy öňünden aýdylypdy we bularyň barysy hem ýerine ýetýär. Bu bolsa, ahyrzamanyň ýakynlandygyny aňladýar. Emma, bagtymyza, bu wakany ölmän geçjekler hem bolar. «Dünýä... geçip gider» diýen sözlerden soň, Mukaddes Ýazgylar wada edip: «Kim Hudaýyň islegini ýerine ýetirse, baky galar» diýýär (1 Ýahýa 2:17).
Şonuň üçin, Hudaýyň islegini bilip ony ýerine ýetirmek bize zerurdyr. Şonda biz ahyrzamandan sag-aman geçip, täze dünýäniň eşretlerini görüp bileris. Mukaddes Ýazgylar wada berýär: «Ol [Hudaý] olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar» (Ylham 21:3, 4).
Şu kitapçadaky görkezilen aýatlar Mukaddes Ýazgylaryň türkmen dilindäki terjimesinden alyndy. Eger aýatdan soň TD belligi goýlan bolsa, onda şol aýat, iňlis dilinde neşir edilen «Mukaddes Ýazgylaryň Täze Dünýä Terjimesinden» alnyp terjime edilendigini aňladýar.
[6-njy sahypadaky surat]
Suratlary ulanmak ygtyýaryny berenler: Samolýot: USAF photo. Çagajyk: WHO photo by W. Cutting. Ýertitreme: Y.Ishiyama, Hokkaido University, Japan.