Depressiýadan horlanýanlara göwünlik
«Bütin ýaradylyş şu wagta çenli birlikde ah çekip, birlikde burgusy tutup ýatyr» (Rimliler 8:22). Şu setirler ýazylan wagty — 1 900 ýyl gowrak mundan ozal, — adamzat agyr horluk çekýärdi. Ençeme adamlar gaýga batdylar. Şu sebäpli mesihçiler «göwnüçökgünlere göwünlik beriň» diýip çagyrylýardylar (1 Selanikliler 5:14).
Biziň döwrümizde adamzat has hem agyr ýagdaýda ýaşaýar we hemişekiden hem köp adam depressiýadan horlanýar. Emma bu bizi geň galdyrmalymy? Hakyna seretseň — ýok, sebäbi, Mukaddes Ýazgylar bu döwri «soňky günler» diýip kesgitleýär we olary «kyn pursatlar» diýip atlandyrýar (2 Timoteos 3:1—5). Soňky günleriň dowamynda «gorkunç wakalar... bolar» diýip, Isa Mesih öňunden aýtdy (Luka 21:7—11; Matta 24:3—14).
Haçan-da adamlar uzak wagtyň dowamynda biynjalyk, gorky, gaýgy ýa-da şolara meňzeş ýaramaz duýgulary başyndan geçirseler, şonda olar ýygy-ýygydan depressiýadan horluk çekip başlaýarlar. Göwnüçökgünligiň ýa-da juda gaýga batmagyň sebäbi, golaý hossaryň ölmegi, nikanyň bozulmagy, işiňi ýitirmeklik ýa-da üznüksiz kesellemek bolup biler. Şeýle-de, adamlar, özlerini hiç kime gerekli däl duýup, özi barada biderekdirin ýa-da hiç kimiň tamasyny ödeýän däldirin diýip pikir edenlerinde hem göwnüçökgün bolýarlar. Her kim hem stress ýagdaýyndan basylyp biler, emma, haçan-da adam tamasyzlyk duýgusyna ýol berse we kyn ýagdaýdan hiç bir çykalga görmese, netijesi agyr depressiýa bolmagy ähtimal.
Gadymky döwrüň adamlary şoňa meňzeş duýgulary başdan geçiripdiler. Eýýup keselden we öz şowsuzlygyndan ejir çekipdi. Ol, Hudaý ony terk edendir diýip pikir etdi, şonuň üçin ol ýaşaýşa ýigrenç bildirdi (Eýýup 10:1; 29:2, 4, 5). Ýakup, ogly ölendir öýdüp, gam çekýärdi we özüne teselli berilmegini islemän, ölesi gelýärdi (Barlyk 37:33—35). Dawut patyşa, agyr günä edendigini duýup, gam çekýärdi: «Bütin gün ýasly gezýärin. Takatdan düşdüm» (Zebur 38:6, 8; 2 Korintoslylar 7:5, 6).
Biziň döwrümizde köpleriň depressiýa bilen horlanmagynyň sebäbi — özlerine çendenaşa agram salmaklaryndadyr we olaryň akyl, duýgy we güýç mümkinçiliklerinden öte geçýän gün tertibine eýerjek bolmaklaryndadyr. Gürrüňsiz, stress, ýaramaz pikirler we duýgular bilen bilelikde organizme täsir edip we beýniň himiki deňagramlygyny bozup, depressiýany döredip biler. (Deňeşdir Süleýmanyň Tymsallary 14:30).
Olara zerur gerekli kömek
Filipa şäherinden bolan birinji asyryň mesihçisi Epafrodit «özüniň hassadygyny [onuň dostlary] eşidenleri üçin gaty gussa çekýärdi». Dostlary ony, Pawlus resul üçin maddy kömek bilen Rime iberenlerinden soň kesellän Epafrodit, mümkin, olaryň umydyny ödemedim we olar meni iş oňarmazak hasaplaýandyrlar diýip, pikir edendir (Filipililer 2:25—27; 4:18). Pawlus resul oňa nädip kömek etdi?
Ol Epafroditi hat bilen öýüne, filipili dostlarynyň ýanyna iberdi, hatda şeýle diýilýärdi: «Bütin şatlyk bilen ony [Epafroditi] Rebde garşylaň, onuň ýaly adamlary hormatlaň» (Filipililer 2:28—30). Pawlusyň oňa uly duýgudaşlyk bildirmegi we filipilileriň ony şeýle mylaýym we mähir bilen kabul etmegi, gürrüňsiz, Epafroditi köşeşdirmelidi we onuň depressiýasynyň ýatyşmagyna kömek etmelidi.
Hakykatdan, Mukaddes Ýazgylaryň «göwnüçökgünlere göwünlik bermek» maslahaty iň gowusydyr. «Başga adamlaryň sen barada şahsyýet kimin gyzyklanýandyklaryny seniň hökman bilmegiň gerek, — diýip, depressiýadan horluk çekýän aýal aýdýar. — Kimdir biriniň: „Men saňa düşünýärin; sen gowulaşarsyň“ diýmegi seniň üçin zerurdyr».
Depressiýa ýagdaýyna düşene, derdini paýlaşmaga duýgudaş adam tapmak üçin gaýrat görkezmegi gerek. Ol adam üns bilen ahyryna çenli diňlemeli we örän sabyrly bolmaly. Ol, takal okamakdan ýa-da: «Saňa şunuň ýaly pikir etmegiň geregi ýok» ýa-da: «Bu nädogry pikir» — diýen käýinç tassyklamalardan ägä bolmaly. Depressiýadan horlanýan adamyň duýgusy gowşakdyr we şular ýaly tankydy aýdylan sözler gaýtam ony özi barada has-da erbet pikir etmegine getirer.
Depressiýa ýagdaýly adam özüni dereksiz duýmagy mümkin (Ýunus 4:3). Her niçik-de bolsa, onuň ýadynda bolmaly, esasy zat — bu, Hudaýyň ony nähili sylaýanlygydyr. Adamlar Mesihi «hiç bir zatça saýmadylar», emma Hudaýyň öňünde onuň hakyky gymmaty üýtgemedi (Işaýa 53:3, ST). Hudaý öz gadyrdan Ogluny söýşi ýaly seni hem şeýle söýýändigine arkaýyn bol (Ýahýa 3:16).
Isa, betbagtçylyga düşen adamlara haýpy gelýärdi we olaryň şahsy mertebesini özlerine görkezmek üçin yhlas bilen kömek edýärdi (Matta 9:36; 11:28—30; 14:14). Ol, Hudaý üçin kiçijik, ujypsyzja guşlaryň hem gymmatlydygyny düşündiripdi. Ol diýdi: «Hudaý olaryň hiç birini unutmaýar». Onuň islegini yhlas bilen ýerine ýetirýän adamlary bolsa, Ol gör näçe gymmatly görýär! Şol adamlar barada Isa aýtdy: «Siziň başyňyzyň saçlary hem bütinleý sanalgydyr» (Luka 12:6, 7).
Dogry, öz ejizlikleri we ýetmezçilikleri bilen basylyp agyr depressiýa düşen adama, elbetde, Hudaý tarapyndan onuň şeýle gymmatly görülýändigine ynanmak kyndyr. Mümkin, ol özüni Hudaýyň söýgüsine we aladasyna mynasyp däl diýip hasap edýändir. Hudaýyň Sözi ylalaşýar: «Ýüregimiz bizi ýazgarýar». Emma bu ýagdaý aýgytly bolup bilermi? Ýok, bolup bilmez. Günäli adamlaryň ýaramaz pikir edip, hatda öz-özlerini ýazgaryp-da biljekdiklerine Hudaý düşünýär. Şonuň üçin Onuň Sözi olary köşeşdirýär: «Hudaý ýüregimizden uludyr, hemme zady bilýändir» (1 Ýahýa 3:19, 20).
Hawa, biziň söýgüden doly göklerdäki Atamyz, biziň günälerimizden we ýalňyşlarymyzdan başga-da köp zatlary görýär. Ol, günäni ýeňledýän ýagdaýlary, biziň bütin durmuş ýolumyzy, sebäplerimizi we niýetlerimizi bilýär. Biziň günäni, keselleri we ölümi miras alandygymyzy, şonuň üçin-de mümkinçiliklerimiziň örän çäklidigini Ol bilýär. Biziň gaýgyly we özümizden nägile bolmagymyz, bu biziň günä edesimiziň gelmeýändigini we gaty öte geçmedigimizi eýýäm aýratyn subut edýär. Mukaddes Ýazgylar, biz öz islegimize garşy «puçluga tabyn bolduk» diýýär. Şonuň üçin Hudaý biziň gaýgyly ýagdaýymyza rehim edýär we duýgudaşlyk bildirip biziň ejizliklerimizi hasaba alýar (Rimliler 5:12; 8:20).
Mukaddes Ýazgylar ynandyrýar: «Reb rehimdar we mähribandyr. Gündogar günbatardan nähili uzak bolsa, şonça-da Ol jenaýatlarymyzy bizden uzaklaşdyrdy. Çünki Ol biziň nähili ýaradylandygymyzy bilýär, toprakdandygymyz Onuň ýadynda» (Zebur 103:8, 12, 14). Ýehowa, hakykatdan-da, «bütin teselliler Hudaýydyr ...Ol her muşakgatymyzda bize teselli berýär» (2 Korintoslylar 1:3, 4).
Depressiýadan horluk çekýänleriň mätäç bolýan iň esasy kömegi, olaryň rehimdar Hudaýy bilen golaý aragatnaşygy ösdürmekde we «ýüküňi Rebbiň üstüne taşla» — diýen çakylygy kabul etmekdedir. Hakykatdan Ol «tukatlylaryň ýüreklerini janlandyrmagy» başarýar (Zebur 55:22; Işaýa 57:15, ST). Şol sebäpli Hudaýyň Sözi doga etmäge höweslendirip aýdýar: «Ähli gam-gussaňyzy Onuň [Ýehowanyň] üstüne atyň; sebäbi Ol siziň gamhoryňyzdyr» (1 Petrus 5:7). Hawa, doga we dilegiň üsti bilen Hudaýa ýakynlaşyp bolýar we «her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygy» size geler (Filipililer 4:6, 7; Zebur 16:8, 9).
Durmuşy praktiki taýdan üýtgetmeklik hem depressiýa ýagdaýyndan üstün çykmaga kömek eder. Beden maşklar, peýdaly iýmit, arassa howa, ýeterlikli dynç, telewizory görmekde çäklenmek, — bularyň hemmesiniň uly ähmiýeti bar. Bir aýal, depressiýadan horlanýan adamlary aktiw gezelenç etmäge höweslendirip olara kömek edýärdi. Haçan-da bir depressiýaly aýal: «Meniň gezelenje gidesim gelmeýär» — diýende, ol sypaýyçylyk bilen, ýöne pugta: «Sen gidersiň» — diýdi. Ol aýal aýdýar: «Biz alty kilometr ýöredik. Gaýdyp gelenimizde ol ýadawdy, emma özüni öňküsinden has gowy duýýardy. Özüňiz synanyşyp görmeseňiz, şular ýaly gezelenjiň nähili peýdalydygyny siz göz öňüne getirip bilmersiňiz».
Emma käwagt hemme usullary, şol sanda medisina bejerilişini-de ulanyp depressiýany doly ýeňip bolmaýar. Orta ýaşly bir aýal aýdýar: «Men hemme zady ulanyp gördüm, emma depressiýa aýrylmady». Şonuň ýaly, köplenç şu gün köri, keri ýa-da maýyby bejermek mümkin däl. Şeýle bolsa-da, depressiýadan horlanýanlar wagtly-wagtynda Hudaýyň Sözüni okamakdan göwünlik we umyt tapyp bilerler, onda adamlaryň ähli kesellerden ebedilik boşamaklaryna berk umyt berilýär (Rimliler 12:12; 15:4).
Eýýäm hiç kimiň depressiýadan horluk çekmejek wagty
Haçan-da Isa soňky günlerde erbet wakalaryň geljegini beýan edende, ol goşup diýdi: «Bu zatlar bolmaga duranda, ýokaryk galyp başyňyzy galdyryň, çünki gutulyşyňyz golaýlap gelýändir» (Luka 21:28). Isa, ol gutulyşdan soň Hudaýyň adalatly täze dünýäsinde başlanjak ýaşaýyş barada aýdýardy: «Munda ýaradylyşyň özi hem çüýreme gullugyndan azat edilip, Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowşar» (Rimliler 8:21).
Haçan-da adamlar öten kynçylyklardan dynanlarynda, her gün dury pikirli oýananlarynda we hereket etmäge yhlasdan doly bolanda, olara gör nähili ýeňil bolar! Indi depressiýa perdesi hiç kime zyýan etmez. Adamzada berk tassyklama berilýär: «Ol [Hudaý] olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar aradan aýryldy» (Ylham 21:3, 4).
Şu kitapçadaky görkezilen aýatlar Mukaddes Ýazgylaryň türkmen dilindäki terjimesinden alyndy. Eger aýatdan soň ST belligi goýlan bolsa, bu, Mukaddes Ýazgylaryň rus dilinde neşir edilen Sinod terjimesinden alnyp, terjime edilendigini aňladýar.