Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • kl bap 10 sah. 90—97
  • Hudaýyň patyşalygy höküm sürýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýyň patyşalygy höküm sürýär
  • Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • BELLI BIR MAKSAT ÜÇIN NIÝETLENEN PATYŞALYK
  • HUDAÝYŇ PATYŞALYGY HAKYKATDAN-DA BAR
  • PATYŞALYK HAÇAN HÖKÜM SÜRMÄGE BAŞLAR?
  • Hudaýyň Patyşalygy näme?
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Patyşalyk «hiç haçan ýok bolmaz»
    Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
  • Hudaýyň Patyşalygy näme?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Hudaýyň Patyşalygy nämedir?
    Hudaý bizden näme talap edýär?
Başgalary
Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
kl bap 10 sah. 90—97

10-njy bap

Hudaýyň patyşalygy höküm sürýär

1, 2. Adamzat hökümetleriniň başarnyksyzlygy nämeden görünýär?

BELKI sende şeýle bolandyr: bir gural satyn alýarsyň, soňra welin görseň — ol işlänok. Diýeli, sen ussany çagyrdyň. Ýöne «bejerlenden» soň, köp wagt geçmänkä gural ýene-de bozulýar. Diýseň gynandyryjy ýagdaý!

2 Bu mysal adamzat hökümetlerini ýatladýar. Adamlar parahatlyk we bagt getirjek hökümedi mydama arzuw edipdiler. Emma, jemgyýetiň kemçiliklerini düzetmek ugrundaky tagallalary puç bolup çykdy. Birgiden ýaraşyk şertnamalary baglanyp, soňra bozuldy. Onsaňam, haýsy bir hökümet garyplygyň, adalatsyzlygyň, jenaýatçylygyň, näsaglygyň we tebigatyň hapalanmagynyň öňüni alyp bildi? Bu iş ynsan hökümetlerine başartmaýar. Hatda, Ysraýylyň akyldar patyşasy Süleýman hem şeýle soragy beripdi: «Ynsan öz ýoluna nähili düşünüp bilsin?» (Süleýmanyň Tymsallary 20:24).

3. a) Isa näme hakda wagyz edýärdi? b) Käbir adamlar Hudaýyň Patyşalygyny nähili göz öňüne getirýärler?

3 Ýöne umydyňy üzme! Ygtybarly dünýä hökümeti — bu ýöne bir arzuw däl. Ol barada Isa wagyz edýärdi. Isa ony «Hudaýyň Patyşalygy» diýip atlandyrdy we şägirtlerine ol hakda doga etmegi öwredýärdi (Luka 11:2; 21:31). Elbetde, Hudaýyň Patyşalygy käwagt dindarlaryň arasynda hem agzalýar. Millionlarça adam Rebbiň dogasyny (nusgalyk doga hem diýilýär) öwran-öwran gaýtalap, her gün bu Patyşalyk barada doga edýär. Emma, «Hudaýyň Patyşalygy näme?» diýip soralanda, adamlar dürli-dürli jogap berýärler. Käbirleri: «Ol ýürekdedir» diýýärler. Başgalar bolsa, Patyşalyk diýip asmany göz öňünde tutýarlar. Emma seredip görsek, Mukaddes Ýazgylar bu soraga anyk jogap berýär.

BELLI BIR MAKSAT ÜÇIN NIÝETLENEN PATYŞALYK

4, 5. Ýehowa näme üçin öz hökümdarlygyny başgaça ulanmak kararyna geldi we munuň netijesinde näme bolmaly?

4 Ýehowa Hudaý hemişe-de Älemiň Patyşasy, doly hukukly Hökümdarydy. Ähli zady Ýaradan hökmünde, bu beýik orny eýelemäge Onuň haky bar (1 Taryhlar 29:11; Zebur 103:19; Resullaryň Işleri 4:24). Ýöne, Isanyň wagyz eden Patyşalygy, Hudaýyň hökümdarlygynda kömekçi, ýa-da ikinji derejededir. Bu Mesihi Patyşalygyň aýratyn maksady bar, göreli nähili maksat?

5 Bu kitabyň 6-njy babynda düşündirilişi ýaly, ilkinji ynsan jübüti Hudaýyň häkimiýetine garşy baş göterdi. Jedelli meseleler sebäpli, Ýehowa öz hökümdarlygyny başgaça ulanmak kararyna geldi. Hudaý, Ýylany, ýagny Şeýtany ýeňjek we adamzadyň miras alan günäsini aradan aýyrjak «nesli» döretmekçidigini mälim etdi. Baş «nesil» Isa Mesihdir. «Hudaýyň Patyşalygy» bolsa, Şeýtany döwjek esasy gural. Bu Patyşalyk arkaly Isa Mesih ýeriň üstünden Ýehowanyň hökümdarlygyny gaýtadan dikelder we Hudaýyň adalatly hökümdarlygyny ebedilik aklar (Barlyk 3:15; Zebur 2:2—9).

6, 7. a) Patyşalyk nirede ýerleşýär, onuň Patyşasy we kömekçi hökümdarlary kimler? b) Patyşalygyň raýatlary kimler?

6 Mukaddes Ýazgylaryň türkmen dilindäki terjimesinde Isanyň zalym fariseýlere aýdan sözleri şeýle berilipdir: «Hudaýyň Patyşalygy siziň içiňizdedir» (Luka 17:21). Isa, Patyşalyk şol zalym, binamys adamlaryň ýüreklerinde diýjek boldumyka? Elbetde ýok. Grek diliniň has dogry terjimesi şeýle diýýär: «Hudaýyň Patyşalygy siziň araňyzdadyr» (Täze Dünýä terjimesi). Isa olaryň arasyndady, şonuň üçin, geljekki Patyşa hökmünde ol özi hakda yşarat etdi. Hudaýyň Patyşalygy adamyň ýüregindäki bir howaýy zat däl-de, hökümdarly we raýatly, hakykatdan-da bar bolan, işleýän hökümetdir. Ol — gökdäki hökümetdir, çünki oňa «Gökleriň Patyşalygy», hem-de «Hudaýyň Patyşalygy» diýilýär (Matta 13:11; Luka 8:10). Daniýel pygamber görnüşde «Ynsan Ogluna meňzeş» bolan şol Patyşalygyň Hökümdaryny görüpdi: ol Hökümdar, Ähli Zady Başarýan Hudaýyň ýanyna getirildi we «ähli halklar, taýpalar we diller Oňa gulluk etsin diýip, Oňa häkimiýet, şöhrat we patyşalyk berildi» (Daniýel 7:13, 14). Bu patyşa kimkä? Mukaddes Ýazgylarda «Ynsan Ogly» diýip Isa Mesihe diýilýär (Matta 12:40; Luka 17:26). Hawa, Ýehowa öz Ogluny, Isa Mesihi Patyşa edip belledi.

7 Isa ýeke özi höküm sürenok. Onuň bilen bilelikde patyşa we ruhany bolmak üçin «ýer ýüzünden satyn alnan» 144 000 adam bar (Ylham 5:9, 10; 14:1, 3; Luka 22:28—30). Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlary, Mesihiň baştutanlygyna tabyn adamlardan ybarat bolup, bütindünýä maşgalasyny düzýärler (Zebur 72:7, 8). Ýöne, Patyşalygyň dogrudan-da Hudaýyň Älemiň Hökümdarydygyny subut edip, ýer ýüzünde jennetdäki şertleri gaýtadan dikeltjegine, biz näme üçin ynanyp bileris?

HUDAÝYŇ PATYŞALYGY HAKYKATDAN-DA BAR

8, 9. a) Hudaýyň Patyşalyk baradaky wadalaryny näme bilen deňeşdirse bolar? b) Patyşalygyň hakykylygyna näme üçin ynanyp bileris?

8 Göz öňüne getir, seniň öýüň ýangyn zerarly haraba dönýär. Emma, ýagdaýy ýetýän bir dostuň ony täzeden dikeltmäge hem-de maşgalaňy iýmit bilen üpjün etmäge kömekleşjegine saňa söz berýär. Eger, dostuň saňa hemişe-de dogrusyny aýdýan bolsa, bu gezek sen oňa ynanmazdyňmy? Aýdaly, ertesi gün işden geleniňde, eýýäm harabalary aýryp duran işgärleri hem-de maşgalaň üçin kimdir biriniň iýmit getirendigini görýärsiň. Gürrüňsiz, indi ähli zadyň dikeldilip, öňküden hem gowy boljagyna ynamyň artar.

9 Şuňa meňzeşlikde, Ýehowa bizi Patyşalygyň hakykylygy barada ynandyrýar. Mukaddes Ýazgylaryň Ýewreýler kitabynda düşündirilişi ýaly, Kanunyň köp tarapy Patyşalygyň kölegesidi (Ýewreýler 10:1). Hudaýyň Patyşalygynyň nusgasy ýerdäki Ysraýyl patyşalygynyň mysalynda hem görkezildi. Ol, beýleki döwletler ýaly däldi, çünki onuň hökümdarlary «Ýehowanyň tagtynda» oturýardylar (1 Taryhlar 29:23, TD). Üstesine-de: «Şiloa gelene deňeç patyşalyk hasasy Ýahudadan, kanun çykaryjy-da onuň aýaklarynyň arasyndan gitmez; we milletler oňa boýun bolarlar» diýip, öňünden aýdylypdy (Barlyk 49:10). Hawa, Hudaýyň hökümetiniň müdümilik Patyşasy Isa, Ýahudanyň neslinden gelip çykmalydy (Luka 1:32, 33).

10. a) Hudaýyň mesihi Patyşalygynyň düýbi haçan tutuldy? b) Isanyň geljekki kömekçi hökümdarlary bütin ýer ýüzünde haýsy işi amala aşyrmaly?

10 Isanyň resullary saýlanmagy bilen Hudaýyň Patyşalygynyň düýbi tutuldy (Efesliler 2:19, 20; Ylham 21:14). Olar gökde Isa Mesih bilen birlikde patyşalyk etjek 144 000-leriň ilkinjileridir. Bu geljekki hökümdarlar entek ýerde ýaşaýarka, Isanyň: «Gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň ady bilen çokundyryň» diýen tabşyrygyna eýerip, wagyz işini giňden alyp barýarlar (Matta 28:19).

11. Patyşalyk baradaky wagyz işi bu gün nähili ýerine ýetirilýär we nähili netijeler gazanyldy?

11 Bu gün, şägirt taýýarlamak tabşyrygy görlüp-eşidilmedik möçberde ýerine ýetirilýär. Ýehowanyň Güwäleri Isanyň pygamberlik sözlerine laýyklykda Patyşalyk baradaky hoş habary bütin ýer ýüzünde wagyz edýärler: «Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler; ahyrzamana şonda geler» (Matta 24:14). Patyşalygy wagyz etme işiniň bir tarapy, uly okuw maksatnamasydyr. Hudaýyň Patyşalygynyň kada-kanunlaryna tabyn bolýan adamlar, ynsan hökümetlerine ýetdirmeýän parahatlygyň hem-de agzybirligiň hözirini eýýäm şu günler görýärler. Bularyň barysy, Hudaýyň Patyşalygynyň hakykatdygyny görkezýän subutnamalardyr.

12. a) Patyşalygyň wagyzçylaryny Ýehowanyň Güwäleri diýip atlandyrmak näme üçin ýerlikli? b) Hudaýyň Patyşalygy ynsan hökümetlerinden nähili tapawutlanýar?

12 Ýehowa Ysraýyllylara şeýle diýipdi: «Siz meniň güwälerim... hatda meniň saýlan gulum» (Işaýa 43:10—12). «Dogruçyl güwä» Isa, Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary yhlasly wagyz edýärdi (Ylham 1:5; Matta 4:17). Şonuň üçin, Patyşalygyň häzirki wagyzçylary, Hudaýyň beren Ýehowanyň Güwäleri diýen adyny ýerlikli göterýärler. Ýöne näme sebäpden, başga adamlar bilen Hudaýyň Patyşalygy barada gürleşmek üçin Güwäler şeýle köp wagt hem-de güýç sarp edýärlerkä? Munuň sebäbi, Patyşalyk adamzadyň ýeke-täk umydy. Ynsan hökümetleri iru-giç dargap gidýärler, Hudaýyň Patyşalygy bolsa hiç haçan dargamaz. Işaýa 9:6, 7-de bu Patyşalygyň hökümdary, Isa, «Parahatlyk Şazadasy» diýip atlandyryldy, mundan başga-da ol ýerde şeýle diýilýär: «Onuň hökümdarlygy we parahatlygy çäksiz artar». Hudaýyň Patyşalygy, bu gün bar, erte bolsa, ýitirim bolýan ynsan hökümetleri ýaly däldir. Daniýel 2:44-de şeýle diýilýär: «Gökdäki Hudaý baky synmajak patyşalyk gurar, we ol başga halka berilmez,.. özi bolsa baky durar».

13. a) Hudaýyň Patyşalygy haýsy meseleleri üstünlikli çözer? b) Hudaýyň wadalarynyň ýerine ýetjegine näme üçin ynanyp bileris?

13 Haýsy bir ynsan patyşasy uruşlary ýatyryp, jenaýatçylygy, keselleri, açlygy ýok edip, öýsüzlik meselesini çözüp biler? Onsoňam, ýer ýüzündäki haýsy bir hökümdar ölenleri direldip bilýär? Hudaýyň Patyşalygy öz Patyşasynyň baştutanlygynda bularyň hemmesini edip biler. Patyşalyk, mydama bejerilip durýan bozuk gural ýaly bolmaz. Tersine, Ýehowanyň wada berişi ýaly, Hudaýyň Patyşalygy üstünlikli bolar: «Agzymdan çykýan sözüm-de... Maňa boş gaýdyp gelmez, emma Maňa ýaraýan zady hökman eder, we Men ony näme üçin iberen bolsam, şony-da üstünlikli amala aşyrar» (Işaýa 55:11, TD). Hudaýyň niýeti hökman ýerine ýeter, ýöne, Patyşalyk haçan höküm sürmäge başlarka?

PATYŞALYK HAÇAN HÖKÜM SÜRMÄGE BAŞLAR?

14. Isanyň şägirtleri Patyşalyk hakynda nämä düşünmeýärdiler, Isa bolsa, öz hökümdarlygy barada näme bilýärdi?

14 «Ýa Reb, Ysraýyl üçin patyşalygy gaýtadan şu wagt berkarar etjekmisiň?» Isanyň şägirtleriniň beren bu soragy, olaryň şol wagt Hudaýyň Patyşalygynyň maksady we höküm sürüp başlajak wagty barada bilmändiklerini görkezýär. Isa olary bu barada çak edip ýörmekden saklap, şeýle diýdi: «Atanyň Öz ygtyýaryna tabyn eden wagt ýa möwsümlerini bilmek siziň işiňiz däl». Isa ýeriň üstünden höküm sürjek wagtynyň gelejekde, ýagny direlip, göge göterilenden has soňra başlanjagyny bilýärdi (Resullaryň Işleri 1:6—11; Luka 19:11, 12, 15). Bu barada Mukaddes Ýazgylarda pygamberlikler bar. Olarda näme aýdylýarka?

15. Zebur 110:1-de Isanyň hökümdarlyk edip başlajak wagty barada näme aýdylýar?

15 Dawut patyşa, Isa barada pygamberlik edende, ony «Reb» diýip atlandyrdy: «Ýehowa meniň Rebbime diýdi: duşmanlaryňy aýaklaryňa basgançak ýaly edýänçäm, sagymda otur» (Zebur 110:1, TD; Resullaryň Işleri 2:34—36 bilen deňeşdir). Bu pygamberlik, Isanyň göge göterilen badyna hökümdarlyga başlamandygyny görkezýär. Ol Hudaýyň sagynda garaşmalydy (Ýewreýler 10:12, 13). Isa näçe wagtlap garaşmaly boldy? Onuň hökümdarlygy haçan başlandyka? Mukaddes Ýazgylar bu soraglaryň jogaplaryny tapmaga kömek edýär.

16. B. e. öň 607-nji ýylda näme boldy we munuň Hudaýyň Patyşalygyna näme degişli ýeri bar?

16 Bütin ýer ýüzünde Ýehowanyň adynyň ýaşan ýeke-täk şäheri Iýerusalimdi (3 Patyşalar 11:36). Ol şeýle hem, Hudaýyň gökdäki Patyşalygynyň ýerdäki nusgasynyň paýtagtydy. Şonuň üçin, b. e. öň 607-nji ýylda babyllylaryň Iýerusalimi weýran etmegi örän wajyp waka boldy. Şondan bäri, uzak wagtyň dowamynda, Hudaý öz ýerdäki halkyna gös-göni hökümdarlyk etmedi. Takmynan, alty ýüz ýyl geçende, Isa, Hudaýyň hökümdarlygynyň entek hem dikeldilmändigini aýtdy, ine onuň sözleri: «Olar [milletler] möwritleri dolýança, Iýerusalimi basgylar» (Luka 21:24).

17. a) Milletleriň möwritleri näme we bu döwrüň uzynlygy nähili? b) Milletleriň möwritleri haçan başlanyp, haçan gutardy?

17 Milletleriň möwritleri dolýança, bu dünýäniň hökümetlerine Hudaýyň makullan hökümdarlygyny basgylamaga ýol berildi. Şol möwritler b. e. öň 607-nji ýylda, babyllylaryň Iýerusalimi weýran etmegi bilen başlandy, Daniýel bolsa, möwritleriň «ýedi döwür» dowam etjekdigini aýtdy (Daniýel 4:20—22). Bu «ýedi döwrüň» uzynlygy nähilikä? Mukaddes Ýazgylarda «üç ýarym döwür» 1 260 güne deň diýip görkezilýär (Ylham 12:6, 14, TD). Diýmek, şonuň ýaly iki döwür, ýagny ýedi döwür, 2 520 güne deň bolýar. Ýöne şeýle gysga wagtyň geçmegi bilen hiç bir üýtgeşiklik bolmady. Emma, Daniýeliň pygamberligine «her günüň bir ýyl» diýen düzgüni ulansak, we b. e. öň 607-nji ýyldan bärligine 2 520 ýyly sanasak, b. e. 1914 ýylyna geleris (Sanlar 14:34; Ezekiýel 4:6).

18. Patyşalyk ygtyýaryny alandan soň, Isa näme etdi we bu ýagdaý ýer ýüzüne nähili täsir etdi?

18 Şol ýyl Isa gökde höküm sürüp başladymyka? Indiki bapda, muny tassyklaýan Mukaddes Ýazgylaryň subutnamalary ara alnyp görüler. Emma, Isanyň höküm sürüp başlamagy, ýer ýüzünde bada-bat parahatlygyň dikeljegini aňlatmaýar. Ylham 12:7—12-de aýdylyşy ýaly, Isa patyşalyk ygtyýaryny alandan soň, Şeýtany we onuň jynlaryny gökden ýere taşlaýar. Bu bolsa, ýeriň ýaşaýjylaryna betbagtlyk getirmeli, emma bizi köşeşdirýän zat, «Iblisiň wagtynyň azalanlygydyr». Diňe Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürýänligi üçin däl, eýsem tiz wagtdan onuň ýer ýüzüne we gulak asýan adamzada görülip-eşidilmedik bereketler berjegi üçin hem biz şatlanyp bileris (Zebur 72:7, 8). Munuň tiz wagtdan boljagyny biz nireden bilýäris?

[Çykgyt]

a Şilo ady «Kimiňki bolsa, Şol; Kime degişli bolsa, Şol» diýmegi aňladýar. Wagty gelende Şilo — bu, «Ýahuda taýpasyndan... bolan Arslan» Isa Mesihdigi belli boldy (Ylham 5:5). Käbir arameý terjimelerinde «Şilo» sözi «Mesih» ýa-da «mesihi Patyşa» sözleri bilen çalşylan.

BILIMIŇI BARLAP GÖR

Hudaýyň Patyşalygy näme we ol nireden höküm sürýär?

Patyşalykda kim höküm sürýär we onuň raýatlary kimler?

Ýehowa Patyşalygynyň hakykydygyna bizi nädip ynandyrýar?

Milletleriň möwritleri haçan başlanyp, haçan gutardy?

[94-nji sahypadaky çarçuwa]

HUDAÝYŇ PATYŞALYGY BILEN BAGLANYŞYKLY KÄBIR WAJYP WAKALAR

• Ýehowa Ýylanyň, ýagny Şeýtan Iblisiň başyny tokmaklajak «nesli» dünýä indirmekçidigini mälim edýär (Barlyk 3:15).

• B. e. öň 1943-nji ýylda, Ýehowa, bu «nesliň» Ybraýymyň neslinden gelip çykjagyny aýdýar (Barlyk 12:1—3, 7; 22:18).

• B. e. öň 1513-nji ýylda Ysraýyl bilen baglanyşylan Kanun ähti, «geljekki oňat zatlaryň... kölegesi» bolýar (Çykyş 24:6—8; Ýewreýler 10:1).

• Ýer ýüzünde Ysraýyl patyşalygy b. e. öň 1117-nji ýylda döredi, soňra ony Dawudyň neslinden bolan patyşalar dolandyrdylar (1 Şamuwel 11:15; 2 Şamuwel 7:8, 16).

• B. e. öň 607-nji ýylda Iýerusalimiň weýran edilmegi bilen ‘milletleriň möwritleri’ başlanýar (2 Şamuwel 25:8—10, 25, 26; Luka 21:24).

• B. e. 29-njy ýylynda Isa Patyşalyga mesh edilip, ýerdäki gullugyna başlaýar (Matta 3:16, 17; 4:17; 21:9—11).

• B. e. 33-nji ýylynda Isa göge çykýar we hökümdarlygy başlanýança Hudaýyň sagynda oturyp garaşýar (Resullaryň Işleri 5:30, 31; Ýewreýler 10:12, 13).

• B. e. 1914-nji ýylynda «milletleriň möwritleri» gutaranda, Isa gökdäki Patyşalyk tagtyna çykýar (Ylham 11:15).

• Şeýtan we onuň jynlary ýeriň çäklerine zyňylyp, adamlaryň barha artýan görgüleriniň sebäpkäri bolýarlar (Ylham 12:9—12).

• Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habar Isanyň ýolbaşçylygynda bütin dünýäde wagyz edilýär (Matta 24:14; 28:19, 20).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş