Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • rq sapak 13 sah. 26—27
  • Hakyky dini nädip tapmaly?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hakyky dini nädip tapmaly?
  • Hudaý bizden näme talap edýär?
  • Meňzeş maglumat
  • Siz hakyky dini nädip tapyp bilersiňiz?
    Hudaýyň hoş habary
  • Hudaýa ýaraýan sežde
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Hakyky dini nädip tapmaly?
    Sen Hudaýyň dosty bolup bilersiň!
  • Isa pygamberiň hakyky şägirtlerini nädip tanap bolýar?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
Başgalary
Hudaý bizden näme talap edýär?
rq sapak 13 sah. 26—27

13-nji sapak

Hakyky dini nädip tapmaly?

Hemme dinler Hudaýa ýaramlymy ýa-da diňe biri? (1)

Näme üçin dünýäde, hristian diýip atlandyrylýan dinleriň sany şeýle köp? (2)

Hakyky mesihçileri nädip anyklap bolar? (3—7)

1. Isa, diňe bir hakyky mesihçiler dinini döretdi. Şonuň üçin, Ýehowa Hudaýyň hakyky sežde edijileriniň diňe bir ugry ýa-da ýeke topary bolmaly (Ýahýa 4:23, 24; Efesliler 4:4, 5). Mukaddes Ýazgylar, adamlaryň diňe käbirleri ýaşaýşa eltýän dar ýol bilen barýandygyny anyklaýar (Matta 7:13, 14).

2. Resullar öleninden soň, mesihçiler ýygnagyna ýalan öwretmeleriň we mesihçilere degişli däl däpleriň ornaşjagy barada Mukaddes Ýazgylarda öňünden aýdyldy. Şeýle hem, täsirli adamlar, imanly adamlary Mesihiň yzyna däl-de, öz yzlaryna düşürmek maksadyna ýeterler diýip ýazylgydyr (Matta 7:15, 21—23; Resullaryň Işleri 20:29, 30). Ine näme üçin, şu wagt özlerini mesihçiler diýip atlandyrýan dinler şeýle köp. Kimleriň hakyky mesihçilerdigini nädip bilmeli?

3. Hakyky mesihçilere mahsus bolan iň uly aýratynlyk — olaryň akýürekli bir-birlerine bildirýän söýgüsi (Ýahýa 13:34, 35). Hakyky mesihçileriň arasynda hamala bir jyns başga jynsdan ýa-da bir reňkli adamlar başga reňkli adamlardan gowudyr diýip öwretmeýärler. Şeýle hem olaryň arasynda başga ýurtlaryň adamlaryny ýigrenmeli diýip öwretmeýärler (Resullaryň Işleri 10:34, 35). Şol sebäpli hakyky mesihçiler uruşlara gatnaşmaýarlar. Olar bir-birleri bilen doganlar we uýalar ýaly gatnaşýarlar (1 Ýahýa 4:20, 21).

4. Indiki aýratynlyk — Mukaddes Ýazgylary çuňňur hormatlamak. Hakyky mesihçiler ony Hudaýyň Sözi hökmünde kabul edýärler we onda ýazylan hemme zatlara ynanýarlar (Ýahýa 17:17; 2 Timoteos 3:16, 17). Olar üçin Hudaýyň Sözi, adamlaryň pikirlerinden we däp-dessurlaryndan ähmiýetli (Matta 15:1—3, 7—9). Olar elmydama Mukaddes Ýazgylar boýunça ýaşamak üçin yhlas edýärler. Şonuň üçin olaryň wagyz edýän sözleri, olaryň edýän işleri bilen ters gelmeýär (Titus 1:15, 16).

5. Şeýle-de hakyky diniň tarapdarlary Hudaýyň adyny hem hormatlamalydyrlar (Matta 6:9). Isa adamlara Hudaýyň ady barada — Hudaýyň ady — Ýehowadygy barada aýdýardy. Hakyky mesihçiler hem şonuň ýaly etmeli (Ýahýa 17:6, 26; Rimliler 10:13, 14). Seniň ýaşaýan ýeriňde adamlara Hudaýyň ady barada kimler aýdýar?

6. Hakyky mesihçiler Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etmeli. Munuň bilen Isa meşgullanýardy. Ol hemişe Patyşalyk barada aýdýardy (Luka 8:1). Edil şol habary hem ol öz şägirtlerine, ýer ýüzüniň ähli ýerinde wagyz etmegi tabşyrdy (Matta 24:14; 28:19, 20). Hakyky mesihçiler, diňe Hudaýyň Patyşalygy ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etjegine ynanýarlar (Zebur 146:3—5).

7. Isanyň şägirtleri bu zalym dünýäniň işlerine gatnaşmaýarlar (Ýahýa 17:16). Olar dünýäniň syýasatyna we sosial dawalaryna goşulmaýarlar. Olar, dünýä mahsus bolan zyýanly höwesleri, däp-dessurlary we düşünjeleri kabul etmeýärler (Ýakup 1:27; 4:4). Sen, hakyky mesihçileriň sanalan aýratynlyklary, ýene-de haýsy dini ugurda bardygyny aýdyp bilermisiň?

[26, 27-nji sahypadaky surat]

Hakyky mesihçiler bir-birlerini söýýärler, Mukaddes Ýazgylary hormatlaýarlar we Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edýärler.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş