Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • rq sapak 14 sah. 28—29
  • Ýehowanyň Güwäleriniň guramasynyň düzümi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowanyň Güwäleriniň guramasynyň düzümi
  • Hudaý bizden näme talap edýär?
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaýyň guramasy näme üçin gerek?
    Hudaýyň hoş habary
  • Ýygnak abatlansyn!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Ýehowanyň Şaýatlary sadakalary nämä harçlaýarlar?
    Ýehowanyň Şaýatlary barada köplenç berilýän soraglar
  • Ýehowanyň Şaýatlaryna nädip tälim berilýär?
    Ýehowanyň Şaýatlary barada köplenç berilýän soraglar
Başgalary
Hudaý bizden näme talap edýär?
rq sapak 14 sah. 28—29

14-nji sapak

Ýehowanyň Güwäleriniň guramasynyň düzümi

Ýehowanyň Güwäleriniň häzirki taryhy haçan başlady? (1)

Ýehowanyň Güwäleriniň duşuşyklary nädip geçirilýär? (2)

Çykdajylar nädip ödelýär? (3)

Ýygnakda ýolbaşçylygy öz üstüne kim alýar? (4)

Her ýyl nähili köpçülikleýin duşuşyklar geçirilýär? (5)

Baş uprawleniýede we filiallarda nähili işler geçirilýär? (6)

1. Ýehowanyň Güwäleriniň häzirki taryhy 1870-nji ýyllarda başlandy. Ilki başda olar Mukaddes Ýazgylary Barlag Geçirijiler diýip atlandyrylýardylar. Emma 1931-nji ýylda Mukaddes Ýazgylary Barlag Geçirijiler özlerine, Mukaddes Ýazgylar esasynda, Ýehowanyň Güwäleri diýen ady aldylar (Işaýa 43:10). Başda kiçiräk gurama ýaly bolsa-da, indi oňa, 230-dan hem köp ýurtlarda aktiw wagyz edýän, millionlarça Güwäler degişli.

2. Ýehowanyň Güwäleriniň ýygnaklarynyň köpüsinde her hepdede üç duşuşyk geçirilýär. Isleýän adamlaryň hemmesi duşuşyklaryň islendigine çagyrylýar (Ýewreýler 10:24, 25). Esasy öwrenilýän zat — Mukaddes Ýazgylar. Duşuşyklar doga bilen başlanyp, doga bilen hem gutarýar. Duşuşyklaryň köpüsinde ýürekden «ruhy nagmalar» aýdylýar (Efesliler 5:18, 19). Arkaýyn giribermeli, pul alynmaýar (Matta 10:8).

3. Ýygnaklaryň köpüsi duşuşyklaryny Patyşalyk Zallarynda geçirýärler. Hemişe bu ýönekeý, Güwäleriň öz elleri bilen meýletin guran jaýlary. Jaýlaryň içinde şekiller, el-aýagy çüýlenen Isanyň şekili çekilen haçlar we şoňa meňzeş zatlar ýok. Çykdajylar, meýletin sowgatlaryň üsti bilen ödelýär. Sowgat bermegi isleýänler üçin ýörite gapyrjaklar bar (2 Korintoslylar 9:7).

4. Her ýygnakda ýaşulular, ýa-da gözegçiler bar. Olar ýygnakdaky okuwa ýolbaşçylyk edýärler (1 Timoteos 3:1—7; 5:17). Olara gulluk kömekçileri kömek edýärler (1 Timoteos 3:8—10, 12, 13). Agzalan gullukçylar — ýygnakdaky başga mesihçilerden beýik däl (2 Korintoslylar 1:24). Olaryň ýörite titullary ýok (Matta 23:8—10). Olaryň geýnişleri hem hemmeleriňki ýaly. Olaryň işine pul tölenmeýär. Ýaşulular ýygnaklaryň ruhy zerurlyklary barada meýletin aladalanýarlar. Kynçylyklar bolanda olar göwünlik we maslahat berip bilerler (Ýakup 5:14—16; 1 Petrus 5:2, 3).

5. Munuň daşyndan, her ýyl Ýehowanyň Güwäleriniň köpçülikleýin uly duşuşyklary, ýagny kongressleri geçirilýär. Olarda, köp ýygnaklar bilelikde, Mukaddes Ýazgylar öwütleriniň ýörite taýynlanan programmasyny diňleýärler. Hemişe, her kongressde täze şägirtler suwda çokundyrylýar (Matta 3:13—17; 28:19, 20).

6. Ýehowanyň Güwäleriniň Bütindünýä baş uprawleniýesi Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýär. Ol ýerde Ýolbaşçylyk maslahaty işleýär, bu — bütindünýä ýygnagyna gözegçilik edýän, tejribeli ýaşulularyň esasy sostawydyr. Onuň daşyndan, dürli ýurtlarda 100-den gowrak filiallar hereket edýär. Ol ýerde meýletin işgärler Mukaddes Ýazgylar edebiýatyny çap etmäge we ýaýratmaga kömek edýärler. Şeýle hem filiallardan wagyz-nesihat işine-de ýolbaşçylyk edilýär. Iň golaýdaky filiala baryp görmegi planlaşdyrsaň nähili görýärsiň?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş