Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • be sah. 33—sah. 38 abz. 4
  • Nädip gözleg geçirmeli?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Nädip gözleg geçirmeli?
  • Wagyz mekdebi
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Esasy guralymyz — Mukaddes Ýazgylar
  • Başga gollanmalary ulanmagy öwreniň
  • Başga kitaphanalarymyz
  • Öz arhiwiňiz bolsun
  • Adamlar bilen gürrüňdeş boluň
  • Toplan maglumatyňyza baha beriň
  • Gözleg geçirmek üçin täze gural
    Hudaýa gullugymyz — 2014
  • Patyşalyk zalynyň kitaphanasynyň nähili peýdasy bar?
    Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
  • Okyjylaryň sowallary
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Siz nädip maslahat berýärsiňiz?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
Başgalary
Wagyz mekdebi
be sah. 33—sah. 38 abz. 4

Nädip gözleg geçirmeli?

SÜLEÝMAN PATYŞA «ençeme tymsallary düzmek üçin oýlanypdyr we çuňňur gözleg geçiripdir». Näme üçin? Sebäbi ol «hakykat sözlerini» ýazmakçydy (Wag. 12:9, 10). Luka-da Mesihiň ömrüni beýan etmek üçin «başyndan hemmesini üns bilen barlaşdyrypdyr» (Luka 1:2). Görşümiz ýaly, Hudaýyň gullukçylary gözleg geçiripdirler.

Gözleg geçirmek näme? Bu bir tema degişli maglumaty agtaryp tapmakdyr. Munuň üçin okamaly we şahsy okuw babatda berlen maslahatlary ulanmaly. Käte adamlar bilen gürrüňdeş bolmaly.

Şahsy okuwyň dowamynda ýa-da Mukaddes Ýazgylary okanyňda käbir soraglar ýüze çykmagy mümkin. Belki, siz wagyzda berlen soraga umumy däl-de, anyk jogap bermek isleýänsiňiz. Ýa-da ýygnakda çykyş etmeli bolýansyňyz. Şeýle ýagdaýda gözleg geçirmek wajypdyr.

Geliň, häzir ýygnakda çykyş etmek barada gürrüň edeliň. Aýdaly, size umumy tema berilýär. Siz ony ýerli ýagdaýa görä nädip ulanyp bilersiňiz? Eger siz berlen tema boýunça gözleg geçirseňiz, çykyşyňyz has gyzykly we täsirli bolar. Siz ýerlikli we diňleýjilere tanyş mysallary ýa-da hasabatlary getirseňiz, hatda iň ýönekeý pikir-de gyzykly bolar. Belki-de, size berlen tema bütin dünýäde ýaşaýan okyjylara niýetlenendir. Şol sebäpli ony mysallar arkaly giňişleýin düşündirmeli we belli bir ýygnaga ýa-da adama degişli taraplaryny görkezmeli. Muny nädip etmeli?

Maglumaty ýygnap başlamankaňyz, diňleýjiler barada oýlanyň. Olar bu tema boýunça nämeleri bilýärler? Ýene-de nämeleri bilmeli? Soňra maksadyňyzy kesgitläň. Siziň maksadyňyz: düşündirmekmi, ynandyrmakmy, ýalana çykarmakmy ýa-da höweslendirmekmi? Düşündirmek — bir temany aýdyňlaşdyrar ýaly goşmaça maglumat getirmegi aňladýar. Diňleýjiler esasy pikirleri bilýän bolsa, onda ony haçan we nädip ýerine ýetirmelidigini düşündirmäge köpräk wagt sarp etmeli. Ynandyrmak üçin bolsa delilleri getirip, olaryň sebäbini düşündirmeli. Nädogry garaýşy ýalana çykarmak üçin, adamyň näme hakda pikir edýändigini bilmeli we olaryň getirýän subutnamalaryny dykgatly derňemeli. Şeýle-de öz garaýşyňy anyk bilmeli we getirjek delilleriňi öwrenmeli. Elbetde, biz diňe bir anyk delilleri getirmek bilen çäklenmän, eýsem, ony ýumşaklyk bilen düşündirmeli. Höweslendirmek üçin bolsa, diňleýjileriň ýüregine täsir etmeli. Diýmek, siziň çykyşyňyz diňleýjilerde eşiden zatlaryny berjaý etmäge isleg döretmeli. Kynçylyklara garamazdan, Hudaýyň ýolunda ýörän wepaly adamlary mysal getirseňiz, olaryň ýüregine täsir eder.

Onda başlamaga taýýarmysyňyz? Howlukmaň. Ilki, näçeräk maglumatyň gerekdigi barada oýlanyň. Köp zat berlen wagta bagly. Size diňleýjileriň öňünde çykyş etmäge näçe wagt berilýär? Bäş minutmy? Otuz minutmy? Meselem, ýygnakda her bir çykyş üçin çäkli wagt berilýär. Emma Mukaddes Ýazgylar okuwy geçirilende ýa-da ýaşulular wagyzçylary ideg edende wagt çäklendirilmeýär.

Sizde gözleg geçirmek üçin nähili gurallar bar? Belki, käbir edebiýatlary Patyşalyk zalyndaky kitaphanadan tapsa bolar? Ýa-da Ýehowa köpden bäri gulluk edýän doganlar size öz edebiýatlaryndan berer? Mümkin, siziň ýaşaýan ýeriňizdäki kitaphanalardan gerekli maglumatlary tapsa bolar?

Esasy guralymyz — Mukaddes Ýazgylar

Eger siz bir aýadyň manysy barada gözleg geçirmeli bolsaňyz, onda Mukaddes Ýazgylardan başlaň.

Özara baglanyşygyny biliň. Özüňize şeýle soraglary beriň: «Bu aýatdaky sözler kime degişli? Başga aýatlar bu sözleriň nähili ýagdaýda ýazylandygyny we waka gatnaşan adamlaryň pikir-düşünjesini bilmäge nädip kömek eder?» Şeýle soraglar size aýada gowy düşünmäge kömek eder we çykyşyňyzy gyzykly eder.

Meselem, Ýewreýler 4:12-däki sözler, köplenç, Hudaýyň Sözüniň adamlaryň ýüregine we olaryň durmuşyna täsir edişini görkezmek üçin getirilýär. Başga aýatlar bolsa, onuň manysyna has çuňňur düşünmäge kömek edýär. Pawlusyň aýtmagyna görä, ysraýyllylar Ýehowanyň Ybraýyma wada eden diýaryna girmänkä, 40 ýyl çölde sergezdan bolupdyrlar (Ýew. 3:7—4:13). Ybraýym bilen baglaşylan ähte görä, ysraýyllylar wada edilen diýara, ýagny dynçlyk ülkä barmalydy. Diýmek, «Hudaýyň sözi», ýagny ysraýyllylary dynçlyk ülkä eltmek wadasy «diridi» we ýerine ýetmegiň ugrundady. Muňa şübhelenmäge ysraýyllylarda hiç hili esas ýokdy. Emma Ýehowa olara Müsürden tä Sina dagyna we Wada edilen diýara çenli ýol görkezse-de, olaryň imansyzlygy gaýta-gaýta äşgär bolýardy. Şeýdip, olar Hudaýyň wadasynyň ýerine ýetişine bolan garaýşy bilen ýüreginiň nähilidigini görkezdiler. Şu günler hem adamlaryň Hudaýyň wada beren sözlerine bolan garaýşy olaryň ýüregini aýan edýär.

Goşmaça aýatlara serediň. Mukaddes Ýazgylaryň käbir terjimelerinde goşmaça (parallel) aýatlar görkezilýär. Siziň kitabyňyzda-da şeýle aýatlar barmy? Bar bolsa, olar köp peýda berip biler. Geliň, «Täze Dünýä terjimesinden» bir mysala seredeliň. 1 Petrus 3:6-a görä, Sara mesihçi aýallara ajaýyp görelde galdyrdy. Gelip çykyş 18:12-de bolsa, ondaky sözleri tassyklap, Sara ýanýoldaşy Ybraýyma «içinden» baýarym diýendigi aýdylýar. Bu Saranyň oňa ýürekden tabyn bolandygyny görkezýär. Şeýle-de goşmaça aýatlar Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikleriň ýerine ýetişini we Kanun ähtiniň nusgasyny görkezýär. Emma şeýle düşündirişiň goşmaça aýatlaryň ählisinde bolmaýandygyny unutmaň. Olaryň käbirinde diňe meňzeş pikirler, terjimehal ýa-da geografik jikme-jiklikler bolýar.

Simfoniýa boýunça gözleg geçiriň. Mukaddes Ýazgylaryň simfoniýasy — Mukaddes Ýazgylardaky sözleriň elipbiý tertibi boýunça düzülen indeksi. Simfoniýa size gözleýän temaňyza degişli aýatlary tapmaga kömek eder. Şeýle gözleg arkaly siz köp peýdaly zatlary bilersiňiz. Siz Hudaýyň Sözünde ýazylan hakykatyň «nusgasyny» görersiňiz (2 Tim. 1:13). «Täze Dünýä terjimesinde» «Mukaddes Ýazgylardaky sözleriň indeksi» bar. Eger siziň düşünýän diliňizde simfoniýa bar bolsa, ol size çuňňur gözleg geçirmäge ýardam berer.

Başga gollanmalary ulanmagy öwreniň

33-nji sahypadaky çarçuwada gözleg geçirmäge kömek edýän gollanmalar sanalýar. Olary «sadyk hem akylly hyzmatkär» taýýarlady (Mat. 24:45—47). Bu gollanmalaryň köpüsinde sözbaşylar we indeksler bolup, olar anyk bir maglumaty tapmaga kömek edýär. «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallarynyň soňky sanynda, ýylyň dowamynda çap edilen makalalaryň indeksi görkezilýär.

Mukaddes Ýazgylara esaslanan bu edebiýatlarda berilýän maglumatlar biziň gözlegimizi has-da çaltlandyrar. Aýdaly, siz bir pygamberlik, taglymat, haýsydyr bir häsiýet barada ýa-da bir prinsipiň ulanylyşy hakda bilmek isleýärsiňiz. Bu babatda size «Garawul diňi» žurnaly kömek eder. «Oýanyň!» žurnalynda bolsa häzirki wakalar, kynçylyklar, din, ylym we dürli ýurtda ýaşaýan adamlar hakda ýazylýar. «Ýer ýüzünde ýaşan iň beýik adam» (rus.) kitabynda Isa Mesihiň ömri yzygiderli beýan edilip, düşündiriş berilýär. Meselem, «Ylham — onuň şöhratly tamamlanyşy ýakyndyr!»a, «Danyýeliň pygamberligine üns beriň!»* we iki tomluk «Işaýanyň pygamberligi — ähli adamzat üçin nurdur!»* diýen kitaplarda Mukaddes Ýazgylardaky kitaplar aýatma-aýat düşündirilýär. «Ýazgylar esasynda söhbetdeşlik»* diýen kitapda wagyzda berilýän ýüzlerçe soraglara doly jogap tapyp bilersiňiz. Başga dinler, olaryň taglymatlary we döreýşi hakda köpräk bilmek üçin «Adamzat Hudaýyň gözleginde»* diýen kitaby okap bilersiňiz. Ýehowanyň Şaýatlarynyň häzirki zaman taryhy barada «Ýehowanyň Şaýatlary — Hudaýyň Patyşalygynyň wagyzçylary»* diýen kitapda jikme-jik gürrüň berilýär. Eger size bütin dünýä boýunça wagyz işiniň häzirki ýagdaýy barada maglumat gerek bolsa, onda «Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýyllyk kitabyna»* seredip bilersiňiz. «Ýazgylara düşünmek»* — Mukaddes Ýazgylar boýunça ensiklopediýa we kartalar ýygyndysy. Eger siz Mukaddes Ýazgylarda agzalan adamlar, ýerler, zatlar, diller we taryhy wakalar barada bilmek isleseňiz, onda bu ajaýyp ensiklopediýany ulanyp bilersiňiz.

«Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlarynyň indeksi»*. «Indeks» 20-den gowrak dilde çap edildi. Ol size dürli edebiýatlardan gerekli maglumaty tapmaga kömek eder. Bu gollanma temalaryň we aýatlaryň indeksine bölünendir. Temalar indeksinde siz özüňize gerekli sözi, aýatlar indeksinde bolsa, gyzyklandyrýan aýady tapyp bilersiňiz. Siziň gözleýän aýadyňyz ýa-da temaňyz edebiýatlarda getirilen bolsa, onda birnäçe salgylary taparsyňyz. Indeksiň ilkinji sahypalarynda edebiýatlaryň gysgaldylan belgisi berilýär. (Meselem, w99 1/3 15 bu «Garawul diňiniň» 1999-njy ýylyň 1-nji martynda çykan sanynyň 15-nji sahypasyny aňladýar). Eger siz çykyş edeniňizde ruhlandyryjy pikirleri aýtmak isleseňiz, onda «Wagyzda bolan wakalar» we «Ýehowanyň Şaýatlarynyň terjimehaly» atly sözbaşylara üns beriň.

Gözleg geçirmek örän gyzyklydyr, şol sebäpli temadan ünsüňiz sowulmaz ýaly seresap bolmaly. «Indeksden» gerekli temany tapyp, onuň görkezýän sahypasyny açyň, soňra sözbaşylara we abzaslaryň başyndaky sözlere seredip, gerekli maglumaty gözläň. Eger size bir aýadyň düşündirilişi gerek bolsa, onda, ilki, «Indeksden» şol aýady tapyň, soňra oňa degişli düşündirişi okaň.

«Ýehowanyň Şaýatlarynyň elektron kitaphanasy». Eger siziň kompýuteriňiz bar bolsa, onda «Ýehowanyň Şaýatlarynyň elektron kitaphanasyny» ulanyp bilersiňiz. Ol size gerekli sözi, söz düzümini we aýatlary islän edebiýatyňyzdan tapmaga kömek eder. Bu kitaphana köp dillerde çykdy. Eger ol siziň ene diliňizde däl-de, düşünýän başga diliňizde bolsa-da ulanyp bilersiňiz.

Başga kitaphanalarymyz

Pawlus Timoteosa ýazan ikinji hatynda ýaş dostundan «kitaplary ylaýta-da, gaýyş kitaplary getirmegi» haýyş etdi (2 Tim. 4:13). Hawa, Pawlus käbir golýazmalary gowy görüp, olary ýygnaýardy. Siz hem onuň göreldesine eýerip bilersiňiz. Siz «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallaryny, «Hudaýa gullugymyzy» ýygnakda geçilenden soň ýygnap goýýarmysyňyz? Olar size beýleki edebiýatlar bilen bir hatarda gözleg geçirmek üçin gowy gollanma bolup hyzmat eder. Patyşalyk zalynda her ýygnagyň öz kitaphanasy bar. Ýygnagyň her bir agzasy Patyşalyk zalyna gelip, ondan arkaýyn peýdalanyp biler.

Öz arhiwiňiz bolsun

Siz peýdaly boljak maglumatlary ýygnap goýuň, çünki olar çykyş edeniňizde ýa-da okuw geçireniňizde gerek bolar. Eger gazetlerde ýa-da žurnallarda bir wakany, hasabaty ýa-da mysallary görseňiz, olary kesip ýa-da göçürip alyň. Şeýle maglumaty wagyzda ulanyp bilersiňiz. Olary haýsy edebiýatdan alandygyňyzy, çykan senesini, mümkin bolsa, awtoryny ýa-da neşirýatyň adyny görkezmegi unutmaň. Eger hakykaty düşündirmäge kömek edýän pikirler, deliller we mysallar ýygnakda aýdylsa, olary belläp alyň. Käte gowy mysal oýlap tapsaň-da, ony ulanmaga mümkinçilik bolmaýar. Şeýle mysaly ýazyp alyň-da, arhiwiňize goşuň. Wagyz mekdebine ýazylsaňyz, çykyş etmäge taýýarlanyp başlarsyňyz. Şol sebäpli ýazgylaryňyzy zyňmaň-da, olary ýygnap goýuň. Olaryň size kömegi deger.

Adamlar bilen gürrüňdeş boluň

Adamlar arkaly köp maglumatlary bilse bolýar. Meselem, Luka wakalara gatnaşan adamlar bilen gürrüňdeş bolup, hoş habary ýazmak üçin anyk maglumatlary toplady (Luka 1:1—4). Biz hem bilmeýän soragymyza imandaşlarymyz arkaly jogap tapyp bileris. Efesliler 4:8, 11—16-njy aýatlara görä, Mesih «adamlar görnüşindäki sylaglary» ulanyp, bize «Hudaýyň Ogluny tanamaga» ýardam berýär. Tejribeli dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolsak, köp peýdaly pikirleri bileris. Şeýle gürrüňdeşlik arkaly biz adamlaryň pikir edişine düşüneris, bu bolsa peýdaly maglumatlary toplamaga kömek eder.

Toplan maglumatyňyza baha beriň

Bugdaýy ýygnanyňdan soňra, onuň dänesini samanyndan aýyrmaly. Gözleg geçirmegi-de şoňa meňzetse bolýar. Çykyş etmek üçin, toplan maglumatyňdan geregini saýlamaly.

Çykyşa taýýarlananyňyzda, özüňize şeýle soraglary beriň: «Bu maglumat meniň temama wajyp pikiri goşarmy ýa-da ol diňleýjileriň ünsüni sowar?» Eger siz üýtgäp durýan ylma, meselem, lukmançylyga degişli maglumatlary toplaýan bolsaňyz, onda olaryň könelmändigini anyklaň. Biziň has öň çap edilen edebiýatlarymyzda getirilen maglumatlaryň we pikirleriň könelýändigini unutmaly däl. Şol sebäpli gerekli maglumatlary soňky edebiýatlar bilen deňeşdiriň.

Dünýewi edebiýatlardan maglumat almakçy bolsak, onda has-da seresap bolmaly. Hudaýyň Sözüniň hakykatdygyny hiç haçan unutmaň (Ýahýa 17:17). Hudaýyň niýetiniň amala aşmagynda Isa Mesihiň tutýan orny örän uludyr. Koloseliler 2:2-de «akyldarlygyň hem bilimiň bütin hazynalary» Mesihde gizlenendigi aýdylýar. Şol sebäpli geçiren gözlegiňizi şu nukdaýnazardan barlaň. Dünýewi edebiýatlardan toplan maglumatlaryňyz barada şeýle soraglaryň üstünde oýlanyň: bu pikirde ähli maglumatlar göz öňünde tutulýarmy, çaklamalara esaslanýarmy ýa-da ulaldylyp aýdylýar? Kimdir biriniň bähbidi göz öňünde tutulýarmy ýa-da pul gazanmak niýeti göz öňünde tutulýar? Olara ynanmaga esas barmy? Iň wajyby-da, Mukaddes Ýazgylara gabat gelýärmi?

Süleýmanyň tymsallary 2:1—5-nji aýatlarda bilimi, paýhasy we düşünjäni «kümüş kimin gözlemek, gizlin hazyna kimin agtarmak» maslahat berilýär. Munuň üçin tagalla etmeli bolsa-da, onuň peýdasy köpdür. Hawa, gözleg geçirmek üçin jan etmeli, emma bu Hudaýyň pikirini bilmäge, nädogry garaýşyňy düzetmäge we hakykatda berkemäge kömek eder. Bu siziň çykyşyňyzy manyly hem gyzykly eder we size hem-de diňleýjilere lezzet berer.

a Dürli dillerde çap edilen.

SIZDE BU GOLLANMALARYŇ HAÝSYSY BAR?

  • «Mukaddes Ýazgylaryň Täze Dünýä terjimesi»

  • Simfoniýa

  • «Garawul diňi» we «Oýanyň!»

  • «Ýazgylar esasynda söhbetdeşlik»

  • «Ýehowanyň Şaýatlary — Hudaýyň Patyşalygynyň wagyzçylary»

  • «Ýazgylara düşünmek»

  • «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlarynyň indeksi»

  • «Ýehowanyň Şaýatlarynyň elektron kitaphanasy»

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş