Nädip hat ýazmaly?
HATLAR millionlarça adamlaryň durmuşyny we häsiýetini gowy tarapa özgertmäge kömek edýär. Mukaddes Ýazgylaryň grek dilinde ýazylan bölegi, esasan, hatlardan ybarat. Şu günler biz gyzyklanýanlaryň imanyny berkitmek, dostlarymyz bilen aragatnaşyk saklamak, jogapkärli işleri ýerine ýetirmek üçin bellenen dogan-uýalary ruhlandyrmak, kynçylyga duçar bolýanlary goldamak we ýygnagyň işleri bilen bagly maglumatlary beýan etmek üçin hat ýazýarys (1 Sel. 1:1—7; 5:27; 2 Pet. 3:1, 2).
Şeýle-de hat arkaly gowy güwälik edip bolýar. Käbir ýerlerde köp adamlar goragly jaýlarda ýaşaýarlar. Şol sebäpli ol ýerlere barmak kyn bolýar. Köplenç, öýden-öýe wagyz edenimizde, adamlaryň öýünde bolmaýandygy sebäpli, olara duşup bolmaýar. Käbir adamlar bolsa, uzak ýerlerde ýaşaýarlar.
Biz syrkawlanymyzda, howa erbetleşende ýa-da köçä çykmak gadagan edilende (komendant wagty) öýde oturmaly bolýarys. Şeýle ýagdaýlarda siz dogan-garyndaşlaryňyza ýa-da resmi däl ýagdaýda wagyz eden adamlaryňyza hat arkaly güwälik edip bilermisiňiz? Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän adam başga ýere göçen bolsa, oňa hat ýazyp, ruhy taýdan ösmäge ýardam edip bilersiňiz. Şeýle-de ýaňy maşgala guran, çagasy bolan ýa-da dogan-garyndaşlaryndan biri aradan çykan adamlar bilen Mukaddes Ýazgylardan gerekli pikirleri paýlaşmak üçin hat ýazyp bilersiňiz.
Hat arkaly wagyz etmek
Nätanyş adama hat ýazanyňyzda, ilki bilen, özüňizi tanyşdyryň. Siz bütindünýä wagyz işine gatnaşýandygyňyzy ýazyp bilersiňiz. Eger ýerlikli bolsa, Ýehowanyň Şaýadydygyňyzy aýdyň. Näme üçin onuň bilen görşüp bilmän, hat ýazýandygyňyzy düşündiriň. Hatyňyz adam bilen gepleşýän ýaly bolsun. Emma «ýylanlar ýaly akylly, gögerçin ýaly sada boluň» diýen maslahata eýerip, özüňizi tanyş edeniňizde nämeleri aýtmaly ýa-da aýtmaly däldigi hakynda oýlanyň (Mat. 10:16).
Adam bilen görşeniňizde, oňa näme aýtmak isleýän bolsaňyz, şony-da hat arkaly beýan edip bilersiňiz. Siz «Ýazgylar esasynda söhbetdeşlik» (rus.) kitabyndaky ýa-da «Hudaýa gullugymyzyň» soňky sanyndaky tekliplerden peýdalanyp bilersiňiz. Adama sorag berip, ony oýlanmaga höweslendiriň. Käbir wagyzçylar adamlarda döreýän soraglara Mukaddes Ýazgylar esasynda jogap berýändigini düşündirýärler we sapak geçýän edebiýatlarymyzdan käbir baplaryň adyny ýazýarlar. Şu kitabyň 73-nji sahypasynda nusgalyk haty berlen. Onda hat arkaly nädip wagyz edip bolýandygy görkezilýär. Adamlar birmeňzeş haty gaýta-gaýta almaz ýaly, onuň mazmunyny üýtgetseňiz gowy bolar.
Käbirleri nätanyş adamdan gelen uzyn haty okamak islemeýärler. Şol sebäpli adamlar haty soňa goýman okar ýaly, ony gysgaça ýazsaňyz paýhasly bolar. Patyşalyk zalynda geçirilýän duşuşyga çagyrmak üçin, konwerte çakylyk hatyny hem goýup bilersiňiz. Şeýle-de oňa kitapça, broşýura, «Garawul diňi» ýa-da «Oýanyň!» žurnallaryny ýollap bilersiňiz. Eger adam islese, bu edebiýatlary yzygiderli iberip durjakdygyňyzy ýa-da onuň bilen gürrüňdeş bolmak üçin öýüne hem baryp biljekdigiňizi ýazyň.
Hat barada birki söz
Bu bölümdäki hatyň nusgasyna seredip, şulara üns beriň: 1) hat arassa ýazylan; 2) konwert ýiten ýagdaýynda, ony ýazan adamyň ady we salgysy hatyň özünde görkezilen; 3) hatyň maksady onuň birinji abzasynda aýdyň düşündirilen; 4) esasy pikirleriň her biri täze setirden ýazylan; 5) hat ne tanyş adama, ne-de resmi ýagdaýda ýazylan.
Resmileşdirilip ýazylan hatlarda, meselem, ýygnagyň kätibi filiala hat ýazanda, özüniň we ýygnagyň adyny, salgysyny, hatyň senesini görkezmeli. Soňra haty almaly adamyň ýa-da guramanyň adyny we salgysyny görkezip, salamlaşmak bilen başlamaly. Köplenç, hatyň soňy «Sizi hormatlamak bilen» diýlen jümle bilen tamamlanýar we onuň yzyndan gol çekilýär.
Hat kime ýazylanda-da, onuň arassa, orfografik hem grammatik ýalňyşsyz we dyngy belgileriniň dogry goýlup ýazylmagyna üns bermeli. Şonda adama we hatdaky habara hormat goýdugymyz bolar.
Konwertiň daşynda hökman haty ýollanyň salgysy görkezilmeli. Hat arkaly nätanyş adama wagyz edeniňizde, öz salgyňyzy görkezmeseňiz, onda ýygnagyň ýaşulusyna ýüz tutup, Patyşalyk zalynyň salgysyny ýa-da ýygnaga gelýän hatlary kabul edýän ýaşulynyň salgysyny görkezmegi sorap bilersiňiz. Şeýle ýagdaýda filialyň salgysyny ulanmaly däl, sebäbi hat filial tarapyndan goýberilendir diýip pikir ederler. Eger konwerte edebiýat salyp, öz salgyňyzy görkezmeseňiz, ony alan adam ýene-de haty filial ýollandyr öýtmegi ahmal.
Eger siz hat bilen bilelikde edebiýat hem iberýän bolsaňyz, onda konwerte ýeterlikli marka ýelmemeli. Eger konwerte ýeterlikli marka ýelmenilmese, onuň bahasyny haty kabul edýän adamdan talap etmekleri mümkin. Bu-da hoş habaryň gymmatyny gaçyryp biler. Köp ýurtlarda hat bilen bile žurnal ýa-da broşýura goýberilse, onuň bahasy biraz gymmat bolýar.
Mylaýym äheň
Haty ýazyp tamamlanyňyzdan soň, ony doly okap çykyň. Onuň äheňi nähili? Mähirli we mylaýymmy? Biz adamlara söýgi we ýagşylyk ýaly häsiýetleri bildirmäge jan edýäris (Gal. 5:22, 23). Eger siz hatyňyzy okap, nädogry ýa-da göwnüçökgün äheňi duýsaňyz, ony derrew düzediň.
Hat biziň baryp bilmejek ýerlerimize ýetip bilýär. Şol sebäpli hat arkaly wagyz etmek usulyna wajyp gural diýse bolar. Hatyňyz siz barada we aýtjak bolýan habaryňyz hakda köp zady aýan eder, şonuň üçin onuň äheňine, ýazýan sözleriňize we arassa ýazylyşyna üns bermeli. Belki-de, siziň hatyňyz Ýehowanyň gymmat saýýan adamyny ýaşaýyş ýolundan ýöremäge höweslendirer we oňa güýç-kuwwat berer.