11-NJI SAPAK
Mähirlilik we duýgy
DUÝGY — ynsanyň durmuşynda wajyp orun tutýar. Ol adamyň ýüregini, içki dünýäsini, belli bir ýagdaýa we adamlara bolan garaýşyny görkezýär. Köp adamlar agyr kynçylyklary başdan geçirendigi üçin, käbiri bolsa ýaşaýan ýeriniň medeniýeti sebäpli duýgularyny gizleýärler. Ýöne Ýehowa bizi ýagşy häsiýetleri ösdürmäge we olary ýerlikli duýgular bilen aýan etmäge çagyrýar (Rim. 12:10; 1 Sel. 2:7, 8).
Biz geplänimizde duýgymyzy sözler arkaly bildirýäris. Emma sözlerimiz duýgymyza gabat gelmese, adamlar biziň ýürekden sözleýändigimize şübhelenerler. Ýerlikli duýgular biziň sözleýşimizi owadanlaşdyrýar hem baýlaşdyrýar, şeýle-de adamlaryň ýüregine täsir edýär.
Mähirlilik. Mähirli duýgular, köplenç, adamlara bolan garaýşyňy görkezýär. Şol sebäpli biz Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri barada gürrüň edenimizde we onuň ýagşylyklary üçin minnetdarlygymyzy bildirenimizde, sesimiz mähirli bolmaly (Iş. 63:7—9). Adamlar bilen gürrüňdeş bolanymyzda-da, mähirli sözlemeli.
Bir gezek heýwere keselli adam Isanyň ýanyna gelip, sagaltmagyny haýyş edýär. Şonda Isanyň oňa: «Isleýärin, tämiz bol!» diýip, mähirli jogap berşini göz öňüne getiriň (Mar. 1:40, 41). Şeýle-de 12 ýyldan bäri gan akma keselinden ejir çekýän bir aýal bilen bolan waka seredeliň. Ol bildirmän Isanyň ýanyna baryp, geýiminiň syýyna elini degirýär. Aýal gizlin galyp bilmändigini görüp, titräp, Isanyň aýagyna ýykylýar. Ol bütin halkyň öňünde näme üçin oňa elini degrendigini we şol bada hem şypa tapandygyny aýdýar. Şonda Isanyň: «Gyzym! Imanyň saňa şypa berdi. Sag-aman git» diýen mähirli sözleri barada oýlanyp görüň (Luka 8:42b—48). Isanyň şondaky aýdan sözleri şu günlere çenli biziň ýüregimize täsir edýär.
Biz hem Isa ýaly adamlara duýgudaşlyk bildirmek we kömek etmek islesek, bu gepleýşimizden görner. Şeýle mähirli sözler ýasama bolmaly däl-de, ýürekden çykmaly. Biziň mähirliligimiz adamlara güýçli täsir edip biler. Biz, köplenç, wagyzda, esasan-da, adamlar bilen pikir alşanymyzda, olary ruhlandyranymyzda, bir zada ynandyranymyzda we duýgudaşlyk bildirenimizde mähirli sözleýäris.
Eger siz adamlar bilen mähirli bolsaňyz, bu siziň ýüzüňizden görner. Ol aýazly gijede oduň ýylylygy kimin diňleýjileri özüne çeker. Eger ýüzüňizde mähirlilik duýgusy görünmese, diňleýjiler siziň olar bilen ýürekden gyzyklanýandygyňyza şübhelenerler. Mähirlilik — islän wagtyň açyp-ýapyp bolýan örtgi däl. Ol ýürekden bolmaly.
Mähirlilik siziň sesiňizden hem görünmeli. Eger siziň sesiňiz dogabitdi gödek we boguk bolsa, mähirli geplemek kyn bolup biler. Ýöne tagalla etseňiz, wagtyň geçmegi bilen, gowy netije gazanyp bilersiňiz. Gysga we üzlem-saplam sesler gödek hem-de gulaga ýakymsyz bolup eşidilýändigini unutmaň. Şol sebäpli çekimli harplary biraz uzynrak aýtmagy öwreniň. Bu siziň gepleýşiňiziň mähirli bolmagyna ýardam eder.
Emma pikiriňiziň nämä gönükdirilendigine-de üns bermek örän wajyp. Eger siz diňleýjiler barada ýürekden oýlanyp, olara peýdaly zatlary aýtmak isleseňiz, siziň duýgularyňyz gepleýşiňize täsir eder.
Joşgunlylyk bilen çykyş edilen nutuk diňleýjileri hereket etmäge höweslendirýär, ýöne mähirli duýgular hem gerekdir. Biz adamlaryň diňe bir aň-düşünjesini däl, eýsem, ýüregini-de oýarmaly.
Başga duýgular. Gam-gussa batan adamda biynjalyk, gorky we göwnüçökgünlik ýaly duýgulary görse bolýar. Şatlyk bolsa durmuşymyzda agdyklyk etmeli duýgularyň biridir we ol adamlar bilen gepleşenimizde açyk-aýdyň görünmeli. Emma käbir duýgulary saklamagy başarmaly, sebäbi olar mesihçilere ýaraşmaýar (Efes. 4:31, 32; Flp. 4:4). Umuman aýdanyňda, duýgularyň ählisi biziň sözümizden, sesimiziň güýçlüliginden we äheňinden, ýüzümizden hem-de hereketimizden görünýär.
Mukaddes Ýazgylarda ynsanyň ähli duýgusy beýan edilýär. Käte olar agzalyp geçilýär, käte olary gürrüň edilýän wakadan ýa-da sözlerden bilse bolýar. Siz Mukaddes Ýazgylary sesli okanyňyzda, ondaky duýgulary berip bilseňiz, ol size-de, diňleýjilere-de güýçli täsir eder. Munuň üçin özüňizi şol wakadaky adamlaryň ýerine goýup okaň. Emma bu teatrda çykyş edýän ýaly däldir, şol sebäpli ulaldyp okamakdan ägä boluň. Beýan edilýän wakalary diňleýjiler göz öňüne getirip biler ýaly janlandyryp okamaly.
Temanyň mazmuny bilen baglanyşdyryň. Joşgunly sözleýiş ýaly, mähirlilik we başga duýgular hem, köplenç, aýdýan sözlerimize bagly bolýar.
Geliň, Matta 11:28—30-njy aýatlardaky sözlere üns bereliň. Soňra 23-nji bapdaky Isanyň kanunçylary we fariseýleri paş edip aýdan sözlerini okalyň. Elbetde, Isa bu sözleri gowşak we biparh äheňde aýdan däldir.
Siz Gelip çykyş kitabynyň 44-nji babyndaky Ýahudanyň inisi Benýamin üçin ýalbaryp aýdan sözlerini nähili duýgular bilen okarsyňyz? Indi bolsa, 13-nji aýatda beýan edilýän duýga üns beriň. Ýahudanyň başyna inen betbagtçylygy nähili duýgular bilen aýdandygyny 16-njy aýatdaky sözler nädip görkezýär? Gelip çykyş 45:1-den görnüşi ýaly, Ýusup nähili duýgulary başdan geçiripdir?
Diýmek, biz okasak-da, geplesek-de adamlaryň ýüregine täsir etmek üçin, diňe bir sözümize we pikirimize üns bermeli däl-de, eýsem, olary duýgy bilen aýtmaly.