Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • be sapak 12 sah. 121—sah. 123 abz. 3
  • El we ýüz hereketleri

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • El we ýüz hereketleri
  • Wagyz mekdebi
  • Meňzeş maglumat
  • Joşgunly gepläň
    Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň
  • Gepleşik dili
    Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň
  • Mähir we duýgy bilen gepläň
    Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň
  • Okyjylaryň sowallary
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
Wagyz mekdebi
be sapak 12 sah. 121—sah. 123 abz. 3

12-NJI SAPAK

El we ýüz hereketleri

Munuň üçin näme etmeli?

Pikiriňi ýa-da garaýşyňy görkezmek üçin eliňi, egniňi, ýa-da bütin bedeniňi hereketlendirmeli.

Aýdýan sözleriňi täsirli etmek hem-de duýgularyňy bermek üçin başyňy, gözüňi we dodaklaryňy hereketlendirmeli.

Bu näme üçin wajyp?

El we ýüz hereketleri çykyşy täsirli edýär hem-de aýdylýan zatlary göz öňüne getirmäge kömek edýär. Olar arkaly güýçli duýgulary görkezip, sözleýşiňi joşgunly edip bolýar.

KÄBIR ýurtlarda ýaşaýan adamlar beýleki ýurtlardaky adamlara garanyňda, el we ýüz hereketlerini erkin ulanýarlar. Emma geplände ýüz-gözüni we ellerini hereketlendirmeýän adam ýok bolsa gerek. Bu hereketler adaty gepleşikde-de, köpçüligiň öňünde çykyş edilende-de ulanylýar.

El hereketlerini Isa we onuň şägirtleri-de ulanypdyrlar. Bir gün Isanyň ýanyna gepleşmek üçin ejesiniň we doganlarynyň gelendiklerini aýdýarlar. Şonda Isa: «Meniň ejem kim? Doganlarym kimler?» diýýär. Soňra Mukaddes Ýazgylarda şeýle habar berilýär: «(Isa) Öz şägirtlerine tarap elini uzadyp diýdi: „Ine, Meniň ejem, Meniň doganlarym“» (Mat. 12:48, 49). Şeýle-de Resullaryň işleri 12:17 we 13:16-da Petrus bilen Pawlus resulyň hem el hereketlerini ulanandygy barada aýdylýar.

Pikirleri, duýgulary diňe bir ses bilen däl, eýsem, eliň we ýüzüň hereketleri bilenem berip bolýar. Çykyş edýän adam olary gowy ulanmasa, onda aýdýan zatlaryna parhsyz garaýan ýaly bolup görner. Emma geplände hereketler sazlaşykly ulanylsa, aýdylýan zatlar güýçli täsir edýär. Telefonda gepleşeniňizde-de, el we ýüz hereketlerini ulansaňyz, sözleriňiziň wajyplygyny görkezmek hem-de duýgyňyzy bermek aňsat bolar. Şol sebäpli siz nutuk bilen çykyş edeniňizde ýa-da okamaly bolanyňyzda, diňleýjiler size seretseler-de, Mukaddes Ýazgylardan yzarlasalar-da, el we ýüz hereketlerini ulanmak wajypdyr.

El we ýüz hereketleri ýasama bolmaly däl. Siz gülmegi ýa-da gaharlanmagy ýörite öwrenen dälsiňiz. Şonuň ýaly-da, hereketler siziň hakyky duýgularyňyzy görkezmeli. Olar näçe adaty bolsa, şonça-da gowy bolar.

El we ýüz hereketleri iki topara bölünýär: suratlandyryjy hem-de nygtaýjy hereketler. Suratlandyryjy hereketler arkaly bir zadyň hereketini, möçberini we ýerleşýän ýerini görkezip bolýar. Eger siz bu sapagyň üstünde işlemeli bolsaňyz, onda birki hereket bilen çäklenmäň. Olary bütin çykyşyň dowamynda adaty görnüşde ulanjak boluň. Eger bu size kyn bolsa, bir zadyň ugruny, uzaklygyny, ölçegini, ýerleşýän ýerini we ýagdaýyny görkezýän sözlere üns berseňiz peýdaly bolar. Emma diňleýjilerde täsir galdyrmak barada alada etmän, nutuk bilen gyzyklanyň. Siziň gepleýşiňiz we hereketiňiz gündelik durmuşdaky ýaly bolsun. Sebäbi özüňi arkaýyn duýsaň, hereketler öz-özünden döreýär.

Nygtaýjy hereketler arkaly duýgyňy we ynamlylygyňy görkezip bolýar. Olar pikiri nygtaýar, janlandyrýar we güýçlendirýär. Bu hereketler wajypdyr. Ýöne seresap boluň! Nygtaýjy hereketleriň aňsatlyk bilen ýasama bolup başlamagy mümkin. Eger siz şol bir hereketi ulansaňyz, diňleýjileriň bar ünsüni nutugyňyza däl-de, özüňize çekersiňiz. Eger Mekdebiň gözegçisi siziň şeýle hereketi endik edinendigiňizi görüp, onuň üstünde işlemegi tabşyrsa, onda diňe suratlandyryjy hereketleri ulansaňyz gowy bolar. Biraz wagtdan bolsa, nygtaýjy hereketleri-de ulanyp başlarsyňyz.

Nygtaýjy hereketleriň haýsysyny we nähili ýagdaýda ulanmalydygyny bilmek üçin diňleýjileri göz öňünde tutmaly. Meselem, diňleýjilere barmagyňyzy çommaldyp görkezseňiz, olar özlerini oňaýsyz duýarlar. Mysal üçin, käbir ýurtlarda eliňi agzyňa goýup geň galmak hereketi aýal-gyzlara mahsusdyr; eger şeýle hereketi erkek kişiler ulansa, geň görülýär. Käbir ýurtlarda bolsa, aýallar elini aşa köp hereketlendirip geplese gelşiksiz hasaplanylýar. Şeýle ýurtlarda uýalar, esasan-da, ýüz hereketlerini ulansalar gowy bolar. Emma kiçi toparyň öňünde çykyş edeniňizde hereketleri çendenaşa ulansaňyz gülkünç görner.

Siz wagtyň geçmegi bilen tejribe toplap, has erkin geplemegi öwrenersiňiz. Nygtaýjy hereketleriň kömegi bilen çuňňur duýgulary adaty ýagdaýda görkezip bilersiňiz. Şeýle-de olar siziň ynamly we ýürekden gepleýändigiňizi aýan eder. Bu-da çykyşyňyzy täsirli eder.

Ýüz hereketleri. Beýleki hereketlere garanyňda, ýüz hereketleri biziň hakyky duýgularymyzy görkezýär. Göz, dodak, başyňy egmek — bularyň ählisi duýgularyňy bildirmäge kömek edýär. Adam ýekeje söz aýtmasa-da, onuň ýüzünden biparhdygyny, närazydygyny, düşünmeýändigini, geň galýandygyny ýa-da begenýändigini görse bolýar. Eger şeýle hereketler bilen birlikde ýerlikli sözler ulanylsa, olar çykyşy has-da täsirli edýär hem-de aýdylýan zatlary göz öňüne getirmäge kömek edýär. Ýehowa ynsanyň ýüzünde 30-dan gowrak myşsa ýaradypdyr. Adam diňe bir ýylgyranda, olaryň ýarysy diýen ýaly hereket edýär.

Siz sahnada çykyş etseňiz-de, wagyzda bolsaňyz-da, adamlara ýakymly we ýüreklerine täsir etjek zatlar barada geplemäge çalşyň. Bu babatda size mähirli ýylgyrmaklyk ýardam eder. Emma geplänimizde ýüzümizde hiç hili duýgy görünmese, adamlar biziň ýürekden sözleýändigimize şübhelenerler.

Siz ýylgyrmak bilen adamlara bolan mähirli duýgularyňyzy hem görkezersiňiz. Bu örän wajypdyr, çünki häzir adamlar kesekilerden gorkýarlar. Siz ýylgyrsaňyz, adamlar özüni arkaýyn duýarlar we aýdýan zatlaryňyzy höwes bilen diňlärler.

GÖZ ÖŇÜNDE TUTMALY ZATLAR

  • El we ýüz hereketleri adaty ýagdaýda bolsa täsirli bolýar. Başgalaryň hereketine syn ediň, ýöne olara öýkünmäň.

    Berlen temany gowy özleşdirýänçäňiz, onuň üstünde işläň. Onuň manysyna gowy düşünjek boluň we ondaky pikirleri göz öňüne getiriň. Soňra olary diňleýjilere ýetirmek üçin sesiňizi, el we ýüz hereketlerini ulanyň.

GÖNÜKME 1) Gelip çykyş 6:13—22-nji aýatlary okaň. Soňra gäminiň gurluşyny we haýwanlaryň oňa girişini öz sözüňiz bilen gürrüň beriň. Jikme-jikliklere üns bermäň, diňe ýadyňyzda galanlary aýdyň. Munuň üçin suratlandyryjy hereketleri ulanyň. Kimdir birinden sizi diňlemegini we pikirini aýtmagyny haýyş ediň. 2) Hudaýyň Patyşalygy we onuň berjek bereketleri barada kimdir birine wagyz edýän ýaly edip gürrüň beriň. Aýdýan sözleriňize bolan garaýşyňyzy ýüzüňiziň hereketleri bilen görkezmäge çalşyň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş