Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • be sapak 32 sah. 194—sah. 196 abz. 4
  • Ynamly geplemek

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ynamly geplemek
  • Wagyz mekdebi
  • Meňzeş maglumat
  • Ynamly gepläň
    Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň
  • Ene-atalar, çagalaryňyza halas bolar ýaly, akyldar bolmaga kömek ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Hakykat ýoluny tapandygyňyza ynamly boluň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Hakykata «berk ýapyşyň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
Başgalary
Wagyz mekdebi
be sapak 32 sah. 194—sah. 196 abz. 4

32-NJI SAPAK

Ynamly geplemek

Munuň üçin näme etmeli?

Aýdýan sözleriňiziň hakykatdygyna we wajypdygyna doly ynanýandygyňyzy görkezip geplemeli.

Bu näme üçin wajyp?

Ynamly gepleseňiz, bu adamlary siziň aýdýan sözleriňize çynlakaý seretmäge we şoňa görä hereket etmäge höweslendirer.

ADAM ynamly geplese, aýdýan sözlerine şübhelenmeýändigi görünýär. Pawlus resulyň Hudaýa gulluk edişinden onuň ynamly bolandygyny görse bolýar. Ol Selanikdäki mesihçilere şeýle sözleri ýazdy: «Biziň ýaýradýan Hoş Habarymyz size diňe bir söz bilen däl-de... uly ynam bilen gelip gowuşdy» (1 Sel. 1:5). Onuň ynamlylygy sözleýşinden we durmuşyndan görünýärdi. Biziň hem ynamlydygymyz Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty gürrüň berşimizden aýan bolmaly.

Ynamly geplemek özdiýenli we tekepbir bolmagy aňlatmaýar. Ynamly adam Hudaýyň Sözündäki habary gürrüň berende berk imanynyň bardygyny görkezýär (Ýew. 11:1).

Nähili ýagdaýlarda ynamly geplemeli? Wagyz edeniňizde ynamly geplemek wajypdyr. Köplenç, adamlar siziň diňe aýdýan habaryňyza däl-de, eýsem, ony aýdyşyňyza-da üns berýärler. Olar siziň aýdýan zatlaryňyza özüňiziň nähili garaýandygyňyzy duýýarlar. Siz ynamly gepläp, aýdýan habaryňyzyň örän möhümdigini görkezip bilersiňiz.

Dogan-uýalarymyza ýüzlenenimizde hem ynamly geplemek örän wajyp. Petrus resul Hudaýyň ylhamy bilen ýazan birinji hatynda mesihçileri «ruhlandyryp, Hudaýyň hakyky merhemetine yhlasly güwä geçendigini» aýdýar. Şeýdip, ol doganlary «berk durmaga» höweslendiripdi (1 Pet. 5:12, TD). Pawlus resul Rimdäki ýygnaga hat ýazanda, onuň ynamly sözleri dogan-uýalary ruhlandyrypdy. Ol şeýle ýazdy: «Men ne ölümiň, ne-de ýaşaýşyň, ne perişdeleriň, ne hökümdarlaryň, ne-de gudratlaryň, ne şu wagtyň, ne-de geljegiň, ne belentligiň, ne-de çuňlugyň, ne-de başga mahlugyň Rebbimiz Mesih Isada bolan Hudaý söýgüsinden bizi aýyrmagy başarmajakdygyna ynanýaryn» (Rim. 8:38, 39). Şeýle-de Pawlus adamlara wagyz etmegiň gerekdigini ynamly ýazdy; bu işe özi-de yhlasly gatnaşyp, onuň möhümdigine ynanýandygyny görkezdi (Res. iş. 20:18—21; Rim. 10:9, 13—15). Şonuň ýaly-da, ýygnak ýaşululary Hudaýyň Sözünden tälim berenlerinde, olaryň ynamly gepleýändigi aýdyň görünmeli.

Ata-eneler çagalary bilen ruhy zatlar barada gürrüň edenlerinde ýa-da okuw geçenlerinde ynamly geplemeli. Munuň üçin olar öz ýüreklerinde Hudaýa we onuň kada-kanunlaryna bolan söýgüsini ösdürmeli. Şonda olar çagalary bilen ýürekden gürrüňdeş bolup, ynamly gepläp bilerler, çünki «agyz ýürekden joşanyny sözleýändir» (Luka 6:45; Kan. tag. 6:5—7). Şeýle ynam ata-eneleri «hilesiz iman» babatda görelde görkezmäge-de höweslendirer (2 Tim. 1:5).

Esasan-da, imanyň synalanda ynamly geplemeli. Klasdaşyňyz, mugallymyňyz ýa-da işdeşiňiz siziň baýramçylyklara gatnaşmaýandygyňyza geň galyp bilerler. Siziň berk we paýhasly beren jogabyňyz oňa Mukaddes Ýazgylara görä ýaşaýandygyňyza hormat goýmaga ýardam eder. Eger kimdir biri sizi ýalançylyk, neşe serişdelerini ulanmak ýa-da ahlaksyzlyk ýaly erbet işlere iterjek bolsa näme etmeli? Bu işleri hiç haçan etmejekdigiňizi we hiç bir ýagdaýda-da öz pikiriňizi üýtgetmejekdigiňizi çürt-kesik aýtmalysyňyz. Bu teklipleri inkär etmek üçin ynamly geplemeli. Potyparyň aýaly Ýusuby ahlaksyzlyga yrjak bolanda, ol: «Nädip men beýle gabahat iş edip, Hudaýyň öňünde günä gazanyp bilerin?!» diýip, berk jogap berdi. Aýal yzyny üzmän azar berende, Ýusup gaçyp daşary çykdy (Gel. çyk. 39:9, 12).

Ynamly gepleýändigiňiz nämeden görünmeli? Siziň ynamly gepleýändigiňiz saýlan sözleriňizden hem görnüp biler. Köplenç, Isa wajyp bir zady aýtmakçy bolanda: «Hakykatdan-da, saňa dogrusyny aýdýaryn» diýen sözler bilen başlaýardy (Ýahýa 3:3, 5, 11; 5:19, 24, 25). Pawlusyň ynamlylygy bolsa, «men... ynanýaryn», «men... bilýärin, muňa Reb Mesihde ynamym bar» we «hakykaty aýdýaryn, ýalan sözlemeýärin» ýaly sözlerinden görünýär (Rim. 8:38, 39; 14:14; 1 Tim. 2:7). Käte Ýehowa sözüniň ýerine ýetjekdigini görkezmek üçin pygamberleri arkaly «ol wagt hökman geler» diýip nygtaýardy (Hab. 2:3). Siz hem pygamberliklere salgylananyňyzda şeýle sözleri ulanyp bilersiňiz. Eger siz özüňize däl-de, Ýehowa bil baglasaňyz we adamlar bilen sylaşykly gepleşseňiz, siziň ynamlylygyňyz imanyňyzyň berkdigini aýan eder.

Adam çynlakaý we güýçli äheň bilen gepläp-de ynamlydygyny görkezip biler. Şonda ýüz-gözüň we el hereketleriň kömek edýär, ýöne olar her adamda her hili bolýar. Siz çekinjeň ýa-da ýuwaş gepleýän bolsaňyz-da, aýdýan sözleriňiziň hakykatdygyna we adamlaryň muny eşitmelidigine berk ynansaňyz, onda ynamlylygyňyz açyk görner.

Elbetde, ynamlydygymyzy görkezmek üçin ak ýürekden geplemeli. Eger adamlar biziň ýürekden däl-de, ýasama gepleýändigimizi duýsalar, olar aýdýan habarymyza çynlakaý garamazlar. Şol sebäpli, iň esasy zat, özüňi hemişeki ýaly alyp barmaly. Eger siz köpçülige ýüzlenseňiz, onda batlyrak we güýçli äheň bilen geplemeli bolarsyňyz. Emma ýürekden we adatdaky ýaly geplemegi-de unutmaň.

Ynamly geplemäge näme kömek edýär? Çykyş etmeli temaňyza bolan garaýşyňyz ynamly geplemegiňize täsir edýär. Şol sebäpli oňa gowy taýýarlanmaly. Edebiýatdan ýöne bir maglumat toplap, ony labyzly okamak ýeterlikli däldir. Siz temaňyza aýdyň düşünmeli we ony öz sözüňiz bilen aýdyp bilmeli. Toplan maglumatyňyzyň hakykatdygyna we diňleýjiler üçin peýdalydygyna doly ynamly bolmaly. Munuň üçin çykyşa taýýarlananyňyzda diňleýjileriň ýagdaýyny, tema barada näme bilýändiklerini we oňa bolan garaýyşlaryny göz öňünde tutmaly.

Çykyşyňyz akgynly bolsa, diňleýjiler siziň ynamly gepleýändigiňizi duýarlar. Şonuň üçin diňe bir gowy maglumat toplamak bilen çäklenmän, eýsem, onuň üstünde jan edip işlemeli. Temaňyzyň has çynlakaý gürrüň bermeli bölegine aýratyn üns beriň, şonda ýazgyňyza köp seretmersiňiz. Şeýle-de edýän tagallaňyzy Ýehowanyň patalamagy üçin, oňa doga etmegi unutmaň. Şonda siz Hudaýyň kömegi bilen batyrgaý geplärsiňiz we bu siziň aýdýan habaryňyzyň hakykatdygyna hem-de ähmiýetlidigine ynanýandygyňyzy görkezer (1 Sel. 2:2).

YNAMLY GEPLEMEK ÜÇIN

  • Temaňyza laýyk duýgular bilen çykyş etmeli.

  • Ynamlydygyňyzy görkezýän sözleri ulanmaly.

  • Tema gowy düşünýänçäňiz taýýarlanmaly we öz sözüňiz bilen çykyş etmeli. Toplan maglumatyňyzyň hakykatdygyna we diňleýjilere peýdalydygyna doly ynamyňyz bolmaly.

GÖNÜKME Mukaddes Ýazgylaryň şu kitaplaryny okap özleşdiriň: Müsürden çykyş 14:10—14; 2 Patyşalar 5:1—3; Danyýel 3:13—18; Resullaryň işleri 2:22—36. Ol wakalarda Hudaýyň gullukçylary ynamlydygyny nädip görkezdiler? Olaryň ynamlylygy nämä esaslanýardy? Şeýle ynamlylygy siz nädip görkezip bilersiňiz?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş