Üçünji bap
Hudaýyň sözüni gaýym tut
1. a) Gadymy ysraýyllylar Hudaýyň sözüniň hakykatdygyna nädip göz ýetirdiler? b) Bu bizi näme üçin gyzyklandyrmaly?
«HUDAÝYŇYZ Rebbiň siz barada aýdan ähli ýagşy sözleriniň ýerine ýetendigini bütin ýüregiňiz we janyňyz bilen bilýärsiňiz, siziň üçin bary ýerine ýetdi» (Ýeşuw 23:14—16). Ysraýyllylar Wada edilen diýara göçüp baranda, Ýeşuw Ysraýyl ýaşulularyna şeýle diýipdi. Hawa, Ýehowanyň ähli wadasy ýerine ýetdi. Biz muny Mukaddes Ýazgylardan bilýäris. Şeýle hekaýalar «umytly bolmaga» kömek edýär (Rimliler 15:4).
2. a) Mukaddes Ýazgylar «Hudaýyň ylhamy» diýmek näme aňladýar? b) Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň ylhamydygyny bilip, biz näme etmeli?
2 Mukaddes Ýazgylary 40 töweregi adam ýazsa-da, onuň Awtory Ýehowa. Eýsem, tutuş kitabyň ýazylmagyna Hudaýyň özi ýolbaşçylyk edipdir diýse bolarmy? Hawa. Ol muny kuwwatly mukaddes ruhy, ýagny hereketdäki güýji bilen etdi. Ynha, bu barada Pawlus resul şeýle diýdi: «Ýazgylaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy bolup, Hudaý... [bendesi] her bir oňat iş üçin taýyn, kämil bolar ýaly... peýdaly». Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýdandygyna ýürekden ynanýan adamlar oňa gulak asyp, taglymatlaryna laýyk ýaşaýarlar (2 Timoteos 3:16, 17; 1 Selanikliler 2:13).
Adamlara Mukaddes Ýazgylara düşünip, gadyryny bilmäge kömek ediň
3. Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýdandygyna ynanmaýan adamlara nädip kömek edip bolar?
3 Adamlaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýdandygyna ynanmaýar. Olara nädip kömek edip bolar? Mukaddes Ýazgylary açyp, aýatlary görkezmeli we okap bermeli. «Hudaýyň sözi diri hem täsirlidir, her bir iki ýüzli gylyçdan kesgirdir... ýüregiň düşünjeleridir niýetlerine höküm edýändir» (Ýewreýler 4:12). «Hudaýyň Sözüne» boş gürrüň diýip bolmaz! Mukaddes Ýazgylardaky wadalaryň ýerine ýetmegine az wagt galdy, olaryň ýerine ýetmegine hiç zat päsgel berip bilmez. Adamlara öz sözümiz bilen aýdandan, Mukaddes Ýazgylardan okasak, has güýçli täsir eder.
4. Mukaddes Ýazgylardan nämeleri düşündirsek, adamlaryň garaýşy üýtgär we näme üçin?
4 Köp adamlar Hudaýyň adyny Mukaddes Ýazgylarda görende, ony öwrenmek islediler. Beýleki adamlar bolsa, Mukaddes Ýazgylardan durmuşyň manysy, Hudaýyň erbetlige ýol bermeginiň sebäbi, bolýan wakalaryň ähmiýeti hem-de ýerdäki Jennetde boljak ebedi ýaşaýyş barada bilenlerinde, ony öwrenmegi ýüregine düwdiler. Käbir ýurtlarda dini däp-dessurlar zerarly zalym ruhlar adamlary biynjalyk edýär. Şol ýurtlarda bu zatlaryň näme sebäpden bolýandygyny we olardan nädip dynyp bolýandygyny bilenlerinde, adamlar Mukaddes Ýazgylar bilen gyzyklanyp başlaýarlar. Şeýle bilim ak ýürekli adamlary näme üçin özüne çekýär? Sebäbi Mukaddes Ýazgylar dogry bilim berýän ýeke-täk kitap bolup, durmuşda ýüze çykýan wajyp soraglara birkemsiz jogap berýär (Zebur 119:130).
5. a) Adamlaryň Mukaddes Ýazgylara ynanmaýandygyna näme sebäp bolup biler? b) Şeýle adamlara nädip kömek etmeli?
5 Ýöne adamlar Mukaddes Ýazgylara ynanamyzok diýseler, nätmeli? Gürrüňi gutaraýmalymy? Eger-de adam paýhasly pikir alyşmaga taýyn bolsa, gürrüňi dowam etmeli. Mümkin, olar Mukaddes Ýazgylary hristianlaryň kitaby hasaplaýandyr. Hristian buthanalary syýasata goşulyp, ikiýüzlüligi we hemişe pul diläp ýöremegi bilen ýaramaz şöhrat gazandylar. Ine, şol sebäpli-de köp adamlar Mukaddes Ýazgylara ynanmaýar. «Şular sebäpli ynanaňyzokmy?» diýip sorasak, bolmazmy? Eger-de Mukaddes Ýazgylar hristian dünýäsinde edilýän işleri ýazgarýar diýip düşündirsek hem-de hristian dünýäsi bilen Isanyň hakyky şägirtleriniň ara tapawudyny görkezsek, belki-de, olar gyzyklanyp başlarlar (Mika 3:11, 12; Matta 15:7—9; Ýakup 4:4).
6. a) Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň Sözüdigine seni nämeler ynandyrýar? b) Adamlara Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýdandygyny düşündirmek üçin ýene-de nähili subutnamalar getirip bilersiň?
6 Käbir adamlara bolsa, Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýdandygyny subut etseň, oňat täsir eder. Mukaddes Ýazgylaryň Ýehowa Hudaýyň kitabydygyna seni näme ynandyrýar? Mümkin, Mukaddes Ýazgylaryň ýazylyşy barada özüniň aýdýanlarydyr? Ýa-da Mukaddes Ýazgylarda gelejek barada jikme-jik aýdylan pygamberliklermi? Belki, şol pygamberlikleri adamlaryň öz güýji bilen aýtmandygy ynandyrandyr? (2 Petrus 1:20, 21). Belki-de, 1600 ýylyň dowamynda 40-a golaý adamyň ýazandygyna garamazdan, Mukaddes Ýazgylaryň sazlaşykly ýazylşydyr? Ýa-da onuň ylmy taýdan dogrulygydyr? Şol döwürde ýazylan başga işler ylmy taýdan nädogry. Belki, Mukaddes Ýazgylaryň aç-açanlygydyr? Ony ýok etjek bolup, güýçli synanyşyk etseler-de, saklanyp galyşydyr? Seni ynandyrýan zat, başgalary-da ynandyrmagy mümkina.
Mukaddes Ýazgylary okamaly
7, 8. a) Mukaddes Ýazgylar bize näme üçin berildi? b) Mukaddes Ýazgylary özbaşdak okamakdan başga, biz ýene-de näme etmeli? ç) Ýehowanyň niýetine sen nädip düşündiň?
7 Adamlara Mukaddes Ýazgylara ynanmaga kömek etmek ýeterlik däl, gaýtam, özümiz hem ony yzygiderli okamaga wagt sarp etmeli. Sen şeýle edýäňmi? Mukaddes Ýazgylar kitaplaryň arasynda iň möhümi. Emma ony öýde okasak ýeterlikdir öýtmeli däl. Ýazgylar bize özüňi çetde tutmazlygy berk maslahat berýär. Ähli soraga özüm jogap taparyn diýip pikir etmeli däl. Paýhasly mesihçi özbaşdak okuwyň wajypdygyna düşünişi ýaly, Hudaýyň halkynyň duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşmagyň-da wajypdygyna düşünýär (Süleýmanyň tymsallary 18:1; Ýewreýler 10:24, 25).
8 Bu babatda, Injilde Işaýa pygamberiň kitabyny okan hebeşli wezir barada gürrüň berilýär. Perişdäniň görkezmesine eýerip, Filipus atly mesihi wagyzçy oňa şeýle sorag berdi: «Okaýan zatlaryňa düşünýärmisiň?» Wezir kiçigöwünlilik bilen: «Biri ýol görkezmese, nähili düşüneýin?» diýip jogap berdi-de, Filipusdan Ýazgylaryň şol parçasyny düşündirmegi sorady. Filipus pygamberligi öz düşünişi boýunça düşündirmedi, sebäbi ol Mukaddes Ýazgylary diňe bir özbaşdak okaman, eýsem, Hudaýyň ýerdäki guramasy bilen ýakyndan gatnaşyk saklaýardy. Şonuň üçin Ýehowanyň şol gurama arkaly berýän okuwynda öwrenen zatlaryny gürrüň berip, hebeşli wezire kömek edip bildi (Resullaryň işleri 6:5, 6; 8:5, 26—35). Şu günler hem Ýehowanyň niýetlerine adamlar özbaşdak dogry düşünip bilmeýärler. Biziň hemmämize kömek gerek. Şeýle kömegi Ýehowa ýerdäki guramasy arkaly söýgi bilen berýär.
9. Mukaddes Ýazgylary haýsy programma boýunça okasak, biziň hemmämiz peýda alyp bileris?
9 Ýehowanyň guramasy bize Mukaddes Ýazgylary düşündirmek üçin dürli edebiýaty çap edýär. Şeýle hem, bütin dünýä boýunça Ýehowanyň Güwäçileriniň ýygnaklarynda Teokratiki gulluk mekdebi geçirilýär. Şol mekdebiň programmasynda Mukaddes Ýazgylary okamagyň tertibi bar. Mukaddes Ýazgylary özbaşdak öwrenip köp peýda alyp bolýar (Zebur 1:1—3; 19:7, 8). Mukaddes Ýazgylary yzygiderli okamak üçin tagalla baryny ediň. Ähli ýazylan zatlara düşünmeseňiz-de, Mukaddes Ýazgylar barada umumy düşünje almak örän peýdaly. Meselem, her gün 4—5 sahypa okasaňyz, bir ýylyň dowamynda Mukaddes Ýazgylary başdan-aýak okap çykarsyňyz.
10. a) Sen Mukaddes Ýazgylary haçan okaýaň? b) Mukaddes Ýazgylary kim bilen okasaň gowy bolardy we yzygiderli okamak näme üçin wajyp?
10 Mukaddes Ýazgylary okamak üçin nädip wagt tapmaly? Eger-de her gün bary-ýogy 10—15 minut wagt sarp etsek, köp peýda berer. Eger-de beýle etmek başartmasa, onda her hepde üçin okamagyň tertibini düzüp, şol boýunça okaň. Är-aýal Mukaddes Ýazgylary birek-birege okap berse bolar. Maşgalada okap bilýän çaga bar bolsa, onda hersi gezekli-gezegine sesli okap biler. Mukaddes Ýazgylary okamak edil nahar iýmek ýaly, durmuşda zerur zat bolmaly. Oňat naharlanmasak, saglyga zyýanlydygyny bilýäris. Edil şonuň ýaly, biz «Hudaýyň agzyndan çykan her bir söz» bilen yzygiderli iýmitlensek, ruhy taýdan berkäris hem-de ebedi ýaşaýşa gowşarys (Matta 4:4).
Näme maksat bilen okamaly?
11. Mukaddes Ýazgylary näme maksat bilen okamaly?
11 Mukaddes Ýazgylary okaňda, öňüňde näme maksat goýmaly? Sahypa sanyna kowalaşmaly däl. Bizde Ýehowa söýgümizi artdyrmaga, halaýşy ýaly sežde etmäge, has gowy tanamaga isleg bolmaly (Ýahýa 5:39—42). Mezmurçy şeýle diýdi: «Ýa Reb, ýollaryňy maňa salgy ber, ýodalaryňy maňa öwret». Bizde-de şeýle isleg bolmaly (Zebur 25:4).
12. a) Näme üçin «dogry bilim» almaly we onuň üçin nähili tagallalar etmeli? b) Mukaddes Ýazgylary okanymyzda haýsy dört bölümiň üstünde pikirlensek, peýdaly bolardy? (30-njy sahypadaky çarçuwa serediň). w) Abzasdaky soraglara jogap berip, şol bölümleriň üstünde pikirleniň. Sözleri getirilmedik aýatlaryň hemmesini açyp okaň.
12 Ýehowanyň ýollaryny öwreneňde, «dogry bilim» (TD) almaga yhlas etmeli. Şeýle bilimiň bolmasa, Hudaýyň Sözüni durmuşda dogry ulanyp, adamlara dogry düşündirip bilmersiň (Koloseliler 3:10, TD; 2 Timoteos 2:15). Dogry bilim alasymyz gelse, Mukaddes Ýazgylary ünsli okamaly, bir ýerine düşünmek kyn bolsa, aňymyzda galar ýaly, gaýta-gaýta okamaly. Şeýle-de pikirlenip, okan zadymyz hakda dürli tarapdan oýlanmaga wagt sarp etsek, gowy bolardy. Muňa 30-njy sahypadaky dört sany wajyp bölüm kömek eder. Mukaddes Ýazgylary okaňda şolaryň biriniň ýa birnäçesiniň üstünde pikirlenmek örän peýdaly. Indiki sahypalardaky soraglara jogap berip, munuň peýdalydygyny görersiň.
1. Ýazgylarda okan zadymyz köplenç Ýehowanyň haýsydyr bir häsiýetini görkezýär. Meselem, Zebur 139:13, 14-nji aýatlardan dünýä inmedik çaga Hudaýyň garaýşyny bilýäris: «Ejemiň göwresinde Sen meni emele getirdiň. Saňa şükür ederin, çünki men gaty gorkunç we täsin tärde ýaradylypdyryn; Seniň işleriň ajaýyp, janym muny gaty oňat bilýär». Ýehowa ähli zady ajaýyp edip ýaratdy! Biziň täsin ýaradylyşymyz Hudaýyň bize bolan uly söýgüsini görkezýär.
Ýahýa 14:9, 10-njy aýatlara laýyklykda, Isanyň adamlar bilen gatnaşygy barada okap, Ýehowanyň şeýle ýagdaýlarda näme etjegini bilse bolýar. Şoňa görä-de, Ýehowa barada Luka 5:12, 13-nji we 7:11—15-nji aýatlardaky wakalardan näme bilýäris?
2. Gürrüň berilýän zatlaryň Mukaddes Ýazgylaryň esasy temasy bilen baglanyşygy barada pikirlen. Mukaddes Ýazgylaryň esasy temasy — Ýehowanyň höküm sürmäge hakynyň bardygyny subut etmek hem-de adyny mukaddes etmek. Ol muny wada edilen Nesliň, ýagny Isa Mesihiň ýolbaşçylygyndaky Patyşalyk arkaly eder.
Ezekiýel we Daniýel kitaplarynda Mukaddes Ýazgylaryň esasy temasy nähili bellenip geçilýär? (Ezekiýel 38:21—23; Daniýel 2:44; 4:14; 7:9—14).
Mukaddes Ýazgylar Isanyň wada edilen Nesildigini nädip aýdyň görkezýär? (Galatýalylar 3:16).
Ylham kitabynda Mukaddes Ýazgylaryň esasy temasy nädip jemlenýär? (Ylham 11:15; 12:7—10; 17:16—18; 19:11—16; 20:1—3; 21:1—5).
3. Okan zadyňy nädip ulanyp biljekdigiň barada oýlan. Meselem, Çykyş kitabyndan tä Kanunyň gaýtalanyşy kitabyna çenli ysraýyllylaryň ahlaksyzlygy we pitneçiligi barada aýdylýar. Şol sebäpli heläkçilige uçrandyklaryny bilýäris. Şol ysraýyllara meňzemän, eýsem, Ýehowany razy etjek bolup jan edeliň! «Bu zatlaryň bary olaryň başyna görelde hökmünde inip, döwürleriň soňuna ýeten bize ündew üçin ýazyldy» (1 Korintoslylar 10:11).
Kabylyň Abyly öldürişi hakdaky hekaýadan näme öwrenip bileris? (Barlyk 4:3—12; Ýewreýler 11:4; 1 Ýahýa 3:10—15; 4:20, 21).
Gökde ýaşamaga umyt edýän mesihçilere Mukaddes Ýazgylarda berlen maslahatlar ýerde ebedi ýaşamaga umyt edýän adamlara-da degişlimi? (Sanlar 15:16; Ýahýa 10:16).
Mesihçiler ýygnagynda abraýly bolsak-da, Mukaddes Ýazgylardan öwrenen maslahatlarymyzy näme üçin köpräk ulanmak barada pikirlenmeli? (2 Korintoslylar 13:5; 1 Selanikliler 4:1).
4. Adamlara kömek etmek üçin okan zadyňy nädip ulanjakdygyň barada oýlan. Hemme adamlar saglygy barada alada edýär, diýmek, Isanyň ýer ýüzünde eden işleri baradaky aýatlary okap bermeli. Şol aýatlar gökdäki Patyşalagyň Patyşasy hökmünde şol işleri uly möçberde amala aşyrjakdygyny görkezýär: «Onuň ýanyna bir uly märeke geldi, olaryň ýanlarynda agsaklar, körler, lallar, çolaklar we ýene-de bir topar syrkawlar bardy... Ol hem olary sagaltdy» (Matta 15:30).
Isanyň Ýaýrus atly adamyň gyzyny direltmegi baradaky hekaýa kime teselli berip biler? (Luka 8:41, 42, 49—56).
13. Mukaddes Ýazgylary yzygiderli okasaň hem-de Ýehowanyň guramasy bilen bilelikde öwrenseň, näme peýdasy bar?
13 Mukaddes Ýazgylary okanymyzda ýokarda agzalan dört bölümiň üstünde pikirlensek, köp peýda berer! Hawa, Mukaddes Ýazgylary okamak aňsat däl. Ýöne peýdasy ömürlik, çünki Ýazgylary okap, biz ruhy taýdan berkeýäris. Mukaddes Ýazgylary yzygiderli okasak, söýgüli Atamyz Ýehowa hem-de mesihçi doganlar bilen aramyz oňatlaşar. Şeýle-de «ýaşaýyş sözüni gaýym tutmaga» kömek berer, çünki bize şeýle etmek ündelýär (Filipililer 2:16).
[Çykgyt]
a Mukaddes Ýazgylaryň ynama mynasypdygy barada Ýehowanyň Güwäçileriniň köp dillerde neşir edýän «Hemmeler üçin ýazylan kitap» diýen kitapçasyndan okap bilersiňiz.
Gaýtalamak üçin soraglar
• Mukaddes Ýazgylar näme üçin ýazylypdyr we şu güne çenli saklanypdyr?
• Adamlara Mukaddes Ýazgylara düşünip, gadyryny bilmäge nädip kömek edip bileris?
• Mukaddes Ýazgylary özbaşdak yzygiderli okamak näme üçin peýdaly? Okan zadyň üstünde oýlanaňda, haýsy dört bölümi göz öňüne tutsak gowy bolardy?
[30-njy sahypadaky surat]
MUKADDES ÝAZGYLARY OKAŇDA, ŞULAR BARADA OÝLAN:
...Ýehowanyň haýsy häsiýetleri görünýär?
...Mukaddes Ýazgylaryň esasy temasy bilen näme baglanyşygy bar?
...Özüň nädip ulanyp bilersiň?
...Adamlara kömek etmek üçin nädip ulanyp bilersiň?