Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • yp2 bap 6 sah. 58—66
  • Maňa näme bolýar?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Maňa näme bolýar?
  • Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Gyzlarda bolýan üýtgeşmeler
  • Oglanlarda bolýan üýtgeşmeler
  • Üýtgeşmeleriň hötdesinden gelmek
  • Iň wajyp zat
  • Ýetişenlik döwri bilen bagly kynçylyklara nädip hötde gelip bilerin?
    Ýaşlaryň sowallary
  • Näme üçin durmuş gurýançam garaşamaly?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
  • Biz näme üçin elmydama dawalaşýarys?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
  • Jynsy gatnaşyk bizi has ysnyşdyrarmyka?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
Başgalary
Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
yp2 bap 6 sah. 58—66

6-NJI BAP

Maňa näme bolýar?

«Boýumyň çalt ösendigine begendim, ýöne aýagymyň damary çekip başlady. Bu bolsa halys ýüregime düşdi». Rolan

«Bedeniňde üýtgeşmeleriň bolýandygyny görüp, muňa hiç kim üns bermäwersin diýýärsiň. Ýöne birden biri: „Sen-ä durmuşa çykarybermeli“ diýäýse, utanjyňdan ýaňa ýere giräýjek bolýarsyň». Şenaý

MAŞGALAŇ bilen başga şähere göçüp gördüňmi? Eger göçen bolsaň, öýüňi, mekdebiňi, dostlaryňy goýup gaýtmak kyn bolandyr. Dogrudan-da, täze ýere öwrenişmek üçin wagt gerek.

Ýetginjeklik döwründe sen uly adamlaryň hataryna goşulýarsyň we durmuşyňda uly özgerişlikler bolýar. Başgaça aýdanyňda, täze şähere göçýärsiň. Şonuň üçin biraz alada edýänsiň. Ýetginjeklik döwri her hili duýgulary başdan geçirýärsiň we muňa öwrenişmek kynrak bolýar. Durmuşyň hem gyzykly, hem howsalaly döwründe bedeniňde nähili üýtgeşmeleriň bolýandygyna seredeli.

Gyzlarda bolýan üýtgeşmeler

Ýetginjeklik döwründe köp özgerişlikler bolýar. Olaryň käbiri seniň daş keşbiňe güýçli täsir edýär. Meselem, gormonlaryň täsiri bilen gasygyňda tüýler ösüp başlaýar. Şeýle-de sen göwüsleriň, butlaryň we ýanbaşyň ulalýandygyny görýärsiň. Bedeniň ýuwaş-ýuwaşdan özgerip, ýetişen gyzlaryňka meňzär. Bu hakda aladalanmagyň geregi ýok. Sebäbi bular bolmaly zatlar. Şeýle üýtgeşmeler seniň gelejekde çaga dogrup bilmegiň üçin bolýar.

Şeýle-de bu döwürde aýbaşyň gelip başlar. Muňa öňünden taýýarlanmasaň, birbada gorkmagyň mümkin. Samanta atly gyz şeýle diýýär: «Birinji gezek bilim gelende, men näme etjegimi bilmedim. Özümi kirli duýup, birnäçe sagatlap suwa düşdüm. Her aý şeýle boljakdygyny bilenimde keýpim gaçdy».

Her aý aýbaşyň gelmegi organizmi çaga dogurmaga taýýarlaýar. Ýöne bu seniň eýýäm eje bolmaga taýýardygyňy aňlatmaýar. Munuň üçin birnäçe ýyl gerek. Şeýle-de aýbaşyň gelip başlanda özüňi oňaýsyz duýmagyň ahmal. Kelli atly gyz şeýle diýýär: «Keýpimiň çalt üýtgeýändigi alada goýýardy. Öz-özüme düşünmeýärdim. Gündiz-ä hemme zat gowy, gije-de aglap-aglap gözüm çişip gidýärdi. Näme sebäpden şeýle bolýandygyny bilmän gorkýardym».

Sen hem şeýle duýgulary başdan geçirýän bolsaň, sabyrly bol! Wagtyň geçmegi bilen muňa öwrenişersiň. 20 ýaşly Aneta şeýle gürrüň berýär: «Men ulalýandygyma hem-de Ýehowanyň maňa çaga dünýä indirmek sowgadyny berendigine düşünýärin. Üýtgeşmelere öwrenişmek üçin wagt gerek; käbir gyzlara muny kabul etmek hem kyn bolýar. Ýöne wagtyň geçmegi bilen oňa öwrenişýärsiň».

Sende-de şeýle üýtgeşmeler bolýarmy? Munuň bilen bagly sorag ýüze çyksa, boş ýere ýazyp bilersiň.

․․․․․

Oglanlarda bolýan üýtgeşmeler

Ýetginjeklik döwri oglanlaryň daş keşbinde üýtgeşmeler bolýar. Teniň ýagly bolup, her dürli düwürtikleriň çykmagy mümkin.a 18 ýaşly Martin şeýle diýýär: «Düwürtiklerden ýaňa bizar bolýarsyň. Edil urşa gatnaşan ýaly. Bu uruşda öz düwürtikleriňe garşy söweşmeli. Olardan dynyp bolarmy ýa ýok, yz galdyryp, adamlary senden daşlaşdyrarmy, muny bilmeýärsiň».

Gowy tarapy bolsa, sen ösýändigiňi, güýçlenýändigiňi we eginleriň hem ulalýandygyny görýänsiň. Şeýle-de aýaklaryňda, döşüňde, ýüzüňde we goltugyňda tüýler çykýar. Ýöne tüýüň köp bolmagy «hakyky erkekdigiňi» aňlatmaýar; bu diňe nesilden-nesle geçýän zat.

Ýetginjeklik döwründe bedeniň ähli agzalary deň-derejede ösmeýär. Şol sebäpli el-aýagyň özüňki däl ýaly bolýandyr. Duwaýn atly ýaş oglan şeýle diýýär: «Özümi düýe ýaly tagaşyksyz duýýaryn. Bir zat etjek bolsam birnäçe gün gerek bolýan ýalydy».

Ýetginjeklik döwri başlandan birnäçe wagt geçensoň, sesiň ýuwaş-ýuwaşdan ýognar, käte bolsa gepläniňde gaty inçe çykar. Şol sebäpli başgalar üstüňden gülmekleri ahmal. Ýöne alada etme! Wagtyň geçmegi bilen sesiň kadalaşar. Öz üstüňden gülmegi başarsaň, azajygam bolsa utanjaňlygyňy ýeňersiň.

Ýetişdigiň saýy jyns organlary ulalyp, gapdallarynda tüýler çykýar. Şeýle-de organizmde tohum suwuklygy (döl) döräp başlaýar. Bu suwuklyk millionlarça spermatozoidlerden (erkeklik tohumlygyndan) ybarat bolup, jynsy gatnaşyk edilende çykýar. Spermatozoidler enäniň ýumurtgalyk öýjügini tohumlandyranda, çaga emele gelip başlaýar.

Organizmde emele gelen tohum suwuklygynyň belli bir bölegi endamyňa siňýär, käte bolsa gije ýatyrkaň akýar. Bu oglanlarda bolýan zat. Hatda bu barada Mukaddes Ýazgylarda hem agzalýar (Lewiler 15:16, 17). Şeýle üýtgeşmeler jyns organlaryň kadaly işleýändigini we ýetişip başlandygyňy görkezýär.

Sende-de şeýle üýtgeşmeler bolýarmy? Munuň bilen bagly sorag ýüze çyksa, boş ýere ýazyp bilersiň.

․․․․․

Üýtgeşmeleriň hötdesinden gelmek

Ulaldygy saýyn oglanlar gyzlar bilen, gyzlar bolsa oglanlar bilen gyzyklanyp başlaýar. Met şeýle diýýär: «Ahyry ýetginjeklik döwrüne-de ýetdim. Baý-bow, daş-töweregim owadanja gyzlardan doly. Ýöne ýaşym kiçi bolansoň, heniz söýüşmegiň irdigine düşünýärin». Şu kitabyň 29-njy babynda şeýle duýgularyň hötdesinden gelmäge kömek edýän maslahatlar bar. Häzir bolsa jynsy höwesleriňe erk etmegi öwren (Koloslylar 3:5). Kyn görünýän hem bolsa, sen muny başararsyň!

Ýetginjeklik döwri başga duýgular bilen hem göreşmeli bolýar. Meselem, özüňe pes baha bermegiň, ýeke duýmagyň ýa-da az wagtlyk göwnüçökgünlige düşmegiň ahmal. Bu duýgular köp ýaşlarda bolýar. Şeýle ýagdaýda ene-ataň ýa-da uly ýaşly ynamdar dostuň bilen gepleş. Aşakdaky boş ýere kime içiňi döküp biljekdigiňi ýazyp bilersiň.

․․․․․

Iň wajyp zat

Muňa daş keşbiň — ýüzüň, boý-syratyň däl-de, içki dünýäň — pikiriň, duýgularyň, esasan-da, Hudaý bilen dostlugyň degişlidir. Pawlus resul: «Men çagakam, çaga ýaly gepleýärdim, çaga ýaly pikirlenýärdim, çaga ýaly oýlanýardym; ýöne ulalanymda, özümi çaga ýaly alyp barmagymy bes etdim» diýýär (1 Korinfliler 13:11). Diýmek, daşyňdan uly adam ýaly görünmek ýeterlikli däl. Sen özüňi uly adam ýaly alyp barmagy, geplemegi we pikirlenmegi öwrenmeli. Bedeniňde bolýan üýtgeşmelere aşa köp üns berip, içki dünýäňi täzelemegi, ýagny gowy häsiýetleri ösdürmegi ýatdan çykarma!

Mundan başga-da, Hudaýyň ýürekleri görýändigini unutma (1 Şamuwel 16:7). Şawul uzyn boýly, görmegeý patyşa bolsa-da, Mukaddes Ýazgylarda onuň tekepbirlik edendigi üçin üstünlik gazanyp bilmändigi aýdylýar (1 Şamuwel 9:2). Zakkaýyň bolsa «boýy gysgady», ýöne ol batyrgaýlyk bilen durmuşyny bütinleý özgerdip, Isanyň şägirdi bolupdy (Luka 19:2—10). Hakykatdanam, esasy zat daş keşp däl-de, içki dünýäň!

Wagty ne saklap, ne-de çaltlandyryp bolýar. Şol sebäpli ýetginjeklik döwründe bolýan üýtgeşmelerden gorkma we aşa alada etme. Gaýtam, ony bolşy ýaly kabul edip, şatlygyňy ýitirme. Ýetginjeklik — kesel däl; bu döwri hemmeler başdan geçirýär. Sen hem şeýle döwürde bolýan kynçylyklary, gaýgy-aladalary ýeňersiň we uly adam bolup ýetişersiň!

INDIKI BAPDA

Aýna seredeniňde özüňi halamasaň näme etmeli? Daş keşbiňe nädip dogry baha bermeli?

[Çykgyt]

a Şeýle ýagdaý gyzlarda-da bolýar. Şol sebäpli teniňe wagtly-wagtynda seretmeli.

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Saňa şükür ederin, çünki men gaty gorkunç we täsin tärde ýaradylypdyryn». Zebur 139:14

MASLAHAT

Ulaldygyňça geýýän eşikleriňi ünsli saýla. Olar özüne çekiji bolmasyn. Hemişe «ýaraşykly we salykatly» geýin (1 Timoteos 2:9).

BILÝÄŇIZMI?

Geçiş döwri käbirlerinde 8 ýaşynda, başgalarda bolsa 14 ýaşynda ýa-da ondanam soň başlaýar. Bu her kimde dürli ýaşda başlaýar.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Ulaldygymça ösdürmeli häsiýetlerim: ․․․․․

Hudaý bilen dostlugymy berkitmek üçin, men ․․․․․

Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?

● Ýetginjeklik döwründe bolýan üýtgeşmeleriň hötdesinden gelmek näme üçin aňsat däl?

● Seniň üçin haýsysy has kyn?

● Ýetginjeklik döwründe Hudaýa bolan söýgiň näme üçin sowaşyp bilýär? Munuň nädip öňüni alyp bolýar?

[61-nji sahypadaky sitata]

«Ýetginjeklik döwri garaşylmadyk sowgatlar köp bolýar welin, ertir nähili üýtgeşmäniň boljakdygyny bilmeýärsiň. Ýöne ulaldygyň saýy, özgerişlere öwrenişip, hatda gujak açyp garşy alýarsyň» Aneta

[63, 64-nji sahypadaky çarçuwa]

Jynsy gatnaşyk hakda ejem ýa kakam bilen nädip gepleşip bilerin?

«Jynsy gatnaşyk barada bilesim gelse, ene-atamdan-a soramazdym». Beti

«Bu barada dil ýarmaga-da çekinýärin». Denis

Belki, seniň hem jynsy gatnaşyk barada käbir zatlary bilesiň gelýändir. Muny ene-ataň düşündirip biljekdigine gözüň ýetse-de, olardan soramak isleýän dälsiň. Muňa şu zatlar sebäp bolup biler:

Näme pikir ederler?

«Olardan bu hakda soraýsam, nädogry pikir ederler». Jessika

«Olar meni hemişe çaga ýaly görýär. Jynsy gatnaşyk barada gürrüň etsem, maňa öňküsi ýaly garamazlar». Beti

Näme diýerler?

«Ene-atam entek aýdyp bolmankam sözümi bölüp, takal okap başlar». Gloriýa

«Ene-atam pikirindäkini derrew ýüzüne çykarýar. Olar aýdyp başlanymdan ýüz-gözüni üýtgeder öýdýän. Kakam-a şol bada edep sapagyny geçmek hakda pikirlenip başlar». Pamela

Nädogry düşünmezlermi?

«Olar maňa ýalňyş düşünip: „Saňa biri azar berýärmi?“ ýa-da „Klasdaşlaryň höweslendirýärmi?“ diýip, sorag baryny ýagdyrarlar. Aslynda ýöne bir bilesim gelýär». Liza

«Bir oglanyň adyny tutanymdan, kakamyň ýüzi üýtgäp, jynsy gatnaşyk hakda gürrüň edip başlaýar. Men bolsa içimden: „Onuň diňe gowy oglandygyny aýtdym-a. Jynsy gatnaşyk etmek ýa durmuş gurmak hakda pikirem etmeýärdim“ diýýärin». Steýsi

Jynsy gatnaşyk barada saňa ene-ataň bilen gürrüň etmek kyn bolşy ýaly, olara-da seniň bilen gürleşmek aňsat däl. Muny geçirilen barlag subut edýär. Şol barlagyň netijesinde, ene-atalaryň 65 göterimi çagalary bilen jynsy gatnaşyk hakda gürrüň edendigini aýdýarlar. Emma muňa çagalaryň diňe 41 göteriminiň düşünendigi belli boldy.

Belki, ene-ataň seniň bilenem jynsy gatnaşyk barada gürrüň etmäge ýaýdanýandyr. Sebäbi olaryň hem ene-atalary bu hakda olar bilen gepleşen däldir. Nähili bolaýanda-da, ene-ataňa kyn bolýandygyna düşünjek bol. Mümkin, bu hakda gürrüňe özüň başlarsyň! Ýöne nädip?

Gürrüňe nädip başlamaly?

Ene-ataň tejribesi köp bolansoň, gowy maslahatlary berip biler. Ýöne sen bir zat edip gürrüňe başlamaly. Saňa şu ädimler kömek eder:

1 Açyk gürleşmäge näme üçin çekinýändigiňi düşündir: «Ýalňyş düşünersiňiz öýdüp, aýtmaga-da çekinýärin...».

2 Ene-ataňa näme üçin gepleşmek isleýändigiňi aýt: «Men bir zady bilesim gelýär. Muny başgalardan däl-de, sizden sorasym gelýär».

3 Soňra soragyňy ber: «Men... ».

4 Indiki gezegem arkaýyn gepleşip biler ýaly, gürrüňi şeýdip tamamla: «Bir zat sorasym gelse, ýene size aýtsam bolarmy?»

Elbetde, sen olaryň «hawa» diýjegini bilýänsiň. Ýöne muny özlerinden eşitseň, indikide gürrüňe başlamak aňsat bolar. Şu maslahatlary ulanyp gör! Belki, şonda senem 24 ýaşly Trinanyň aýdanlary bilen razylaşarsyň. Ol şeýle diýýär: «Ejem ikimiz bu hakda gepleşip başlanymyzda, gürrüňe başlamadyk bolsam gowy bolardy diýdim. Ýöne häzir ejemiň hemme zady açyk düşündirendigine begenýärin. Bu meni köp erbetlikden gorady».

[59-njy sahypadaky surat]

Çagalyk döwri bilen hoşlaşmak täze şähere göçen ýaly, ýöne sen muňa öwrenişersiň

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş