15-NJI BAP
Deň-duşlarymyň erbet täsirine nädip garşy durmaly?
«Mekdepde günde diýen ýaly çilim, neşe çekmäge we ahlaksyzlyk etmäge yrjak bolýarlar. Bularyň biderekdigini bilseňem, «gorkak» diýdirmejek bolup, käte ondan ýüz öwürmeýäň». Ýewa
BAŞGALARA ýaranmak islegi adaty zat, deň-duşlaryň bolsa mundan peýdalanýar. Mysal üçin, mesihçi maşgalada önüp-ösen bolsaň, spirtli içgileri köp içmegiň ýa-da durmuş gurmazdan öň jynsy gatnaşyk etmegiň nädogrudygyny bilýänsiň (Galatýalylar 5:19—21). Deň-duşlaryň köpüsi özleri ýaly seniňem şeýle işleri etmegiňi isleýändir. Aslynda, olar bu zatlary öz islegi bilen edýärmi? Mümkin şeýledirem. Ýöne köp ýaşlar deň-duşlarynyň täsirine düşýär. Deň-duşlary arasyna goşar ýaly, olar özüne derek başgalaryň karara gelmegine ýol berýärler. Sende-de şeýle ýagdaý bolupdymy? Ýa-da ynanýan zatlaryň boýunça batyrgaý hereket edýärsiňmi?
Musanyň dogany Harunam adamlaryň täsirine düşüpdi. Öz ildeşleri bolan ysraýyl halky onuň ýanyna gelip, özlerine taňry ýasap bermegini talap etdiler. Harun hem olaryň aýdyşy ýaly etdi (Müsürden çykyş 32:1—4). Faraonyň huzuryna baryp, Hudaýyň habaryny batyrgaýlyk bilen onuň gürrüň berşini göz öňüne getir! (Müsürden çykyş 7:1, 2, 16). Ýöne ysraýyllylar taňry ýasap bermegi talap edenlerinde, ol muňa garşy durup bilmedi. Şonda oňa öz ildeşlerine garşy durmakdan, Müsür şasynyň öňünde durmak aňsat bolup görnendir.
Sen hem şeýle ýagdaýy başdan geçirip gördüňmi? Belki, dogry hasaplaýan zadyňda berk durmak saňa-da kyn düşýändir. Sen alada etmän ýa-da gorkman deň-duşlaryň ýaramaz täsirine garşy durasyň gelýärmi? Eger isleseň, muny başararsyň! Iň esasy zat, olaryň haçan erbet täsir edýändigini öňünden bilmeli we şeýle ýagdaýda nähili hereket etjekdigiňi çözmeli. Bu babatda saňa aşakdaky dört maslahat kömek eder.
1. Öňünden bil (Süleýmanyň tymsallary 22:3). Köplenç sen nähili kynçylygyň boljakdygyny öňünden bilýänsiň. Meselem, klasdaşlaryň çilim çekip durandygyny görýärsiň. Mümkin, olar saňa-da çilim çekdirjek bolar. Bolaýjak ýagdaýy göz öňüne getirseň, gidip barýan ýoluňdan sowlarsyň ýa-da ýok diýmegi başararsyň.
2. Pikirlen (Ýewreýler 5:14). Özüňe şeýle sorag berip bilersiň: «Köpçüligiň yzyna düşsem näme bolar?» Elbetde, deň-duşlaryň biraz wagt göwnünden turup bilersiň. Ýöne soň ene-ataň ýa-da mesihçileriň ýanynda özüňi nähili duýarsyň? Onsoňam, dost-ýarlaryň göwnünden turmak üçin Hudaýy närazy etjekmi?!
3. Karara gel (Kanun taglymaty 30:19). Hudaýyň gullukçylarynyň hemmesi iru-giç belli bir karara gelmeli bolýar. Olar ýa Hudaýa wepaly bolup, ak pata alarlar, ýa-da gulak asman, eden işiniň ajy miwesini dadarlar. Kabyl, Esaw we Iuda Iskariotdan tapawutlylykda, Ýusup, Eýýup hem-de Isa pygamber dogry karara geldi. Indi seniňem karara gelmeli wagtyň geldi! Sen nähili karara gelersiň?
4. Hereket et. Seniň: «Iň kyny hem şu-da» diýmegiň mümkin. Ýöne bu beýle däl. Eger sen netijesi barada öňünden pikirlenip, öz garaýşyňy aýtmak kararyna gelseň, olaryň tekliplerine garşy durmak aňsat bolar we peýdasyny görersiň (Süleýmanyň tymsallary 15:23). Mukaddes Ýazgylary başdan-aýak düşündirmeli bolaryn diýip alada etme. Ynam bilen «ýok» diýen sözüň özem ýetik bolar. Ýa-da çürt-kesik karara gelendigiňi görkezmek üçin şeýle diýip bilersiň:
«Maňa aýdybam oturma!»
«Men beýle işlere goşulamok, goşulmagam islämok!»
«Nätdiň-aý muny, sen näme meni tanaňokmy?»
Iň esasy zat, uzaga çekdirmän, ynamly jogap ber. Eger şeýle etseň, olar saňa azar bermesini derrew bes eder. Ýöne olar seniň üstüňden gülüp: «Sen-ä gorkak ekeniň» diýmekleri mümkin. Bir zady ýatdan çykarma: Olar üstüňden gülüp, erbet iş etmäge yrjak bolýarlar. Şeýle ýagdaýda olara nädip garşy durmaly? Saňa üç zat kömek eder:
● Üstüňden gülseler göwnüňe alma. Gaýtam: «Hawa, sen dogry aýdýaň, men gorkýan. Sebäbi... » diýip bilersiň.
● Çekinmän jogap ber. Dawalaşman, garaýşyňy düşündir.
● Garşy çyk. Muny näme üçin etmeýändigiňi düşündirip, ony utandyrar ýaly bir zatlar diý (Akylly-başly oglanmykaň diýýärdim welin, senem çilim çekip ýörsüň).
Deň-duşlaryň üstüňden gülmegini goýmasalar, ol ýerden gaýt. Olaryň ýanynda näçe köp dursaň, şonça-da olara garşy durmak kyn düşer. Eger ol ýerden gaýtmaly bolsaň-da, bu seniň utulandygyňy däl, eýsem utandygyňy görkezýär. Özüňe derek olaryň karara gelmegine ýol berme!
Käbir deň-duşlaryň üstüňden gülüp: «Öz kelläň bilen hereket et!» diýmekleri mümkin. Ýöne sen pikirlenip hereket edýändigiňi ýatdan çykarma. Aslynda, Ýehowa tabşyryklarynyň dogrudygyna düşünip, olary ýerine ýetirip ýaşamagyňy isleýär (Rimliler 12:2). Şonuň üçin deň-duşlaryň elindäki oýunjagy bolma! (Rimliler 6:16). Dogry hasaplaýan zatlaryň boýunça ýaşa.
Sen deň-duşlaryň täsirinden doly gaçyp bilmersiň. Ýöne ynanýan zatlaryňda berk durup, olar hakda aýdyp we ýagdaýdan baş alyp çykyp bilýärsiň. Muny etmek saňa bagly! (Ýeşuwa 24:15).
ŞU TEMA BARADA KÖPRÄK BILMEK ÜÇIN I TOMUŇ 9-NJY BABYNA SERET
Ikiýüzli durmuşy alyp barýan bolsaň, näme üçin bu barada ene-ataňa aýtmaly?
ESASY PIKIRI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR
«Akyldarlar bilen gezýän adam akyldar bolar; akylsyzlaryň dosty bolsa zelel çeker». Süleýmanyň tymsallary 13:20
MASLAHAT
Öz ynançlarynda berk duran Ýehowanyň Şaýatlary barada okap, olardan batyrgaý bolmagy öwren.
BILÝÄŇIZMI?
Mekdebi tamamlanyňa bir ýyl geçip-geçmänkä, klasdaşlaryň köpüsi bilen görüşmersiň. Olaryň käbiri hatda adyňam ýatdan çykarar. Ýöne maşgalaň, esasanam, Ýehowa seniň bilen hemişe gyzyklanar (Zebur 37:23—25).
SEN NÄME ETMEKÇI?
Erbet täsire düşmez ýaly, men ․․․․․
Deň-duşlarym erbet zat etdirjek bolsa, men ․․․․․
Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․
SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?
● Şu bapda agzalan dört maslahat haýsy ýagdaýlarda kömek edip biler?
● Deň-duşlaryň täsirine düşseň näme bolar?
● Deň-duşlaryň täsirine garşy durmagyň nähili usullary bar?
[131-nji sahypadaky sitata]
«Köp oglanlar Ýehowanyň Şaýadydygymy bilýärler we meni sylaýarlar. Olar bolgusyz zatlar hakda gürleşjek bolanlarynda: „Maýk, sen gitseň gowy bolar“ diýýärler» Maýk
[132, 133-nji sahypadaky surat]
Bellik depderçäm
Deň-duşlaryň täsirine garşy durmak
Nusga
1 Öňünden bil
Maňa näme etdirjek bolarlar? Çilim çekdirjek bolarlar.
Bu ýagdaý nirede bolup biler? Mekdepde.
2 Oýlan
Olaryň aýdanyny etsem näme bolar?
Ýehowany hem-de ene-atamy gynandyraryn. Şeýle-de ynsabym ezýet berer. Indiki gezek kyn bolar.
Olaryň aýdanyn etmesem näme bolar?
Gaharlanyp, maňa sögmekleri mümkin. Klasdaşlarymyň käbiri bolsa menden gaçyp başlar. Ýöne men Ýehowany begendirerin we arassa adam bolup galaryn.
3 Karara gel
Eger olaryň aýdanyny etsem, onda
deň-duşlarymyň täsirine garşy durmak üçin gowy taýýarlanmandygymy subut eder. Şeýle-de Ýehowa däl-de, deň-duşlaryma ýaranmak isleýändigimi görkezer.
Olaryň aýdanyny etmerin, sebäbi
çilim çekmek Ýehowa ýaramaýar hem-de saglygyma zyýanly.
4 Hereket et
Men
ýok diýerin we gaýdaryn.
Üstümden gülenlerinde
Eger maňa şeýle diýseler: «Çilim çekip görjek dälmi ýa gorkýaňmy?».
Olara şeýle jogap bererin:
Göwnüme alman
«Hawa, sen dogry aýdýaň, men gorkýan. Sebäbi rak bolup ölesim gelenok».
Çekinmän
«Maňa uzadybam oturma!»
Garşy çykyp
«Sag bol, gerek däl. Akylly-başly oglanmykaň diýýärdim welin, senem çilim çekip ýörsüň».
BELLIK: Deň-duşlaryň üstüňden gülmegini goýmasalar, derrew ol ýerden gaýt. Olaryň ýanynda näçe köp dursaň, şonça-da garşy durmak kyn bolar. Indi bolsa, indiki sahypadaky boş ýerlere öz jogaplaryňy ýaz.
Deň-duşlaryň täsirine garşy durmak
Çap et!
1 Öňünden bil
Maňa näme etdirjek bolarlar? ․․․․․
Bu ýagdaý nirede bolup biler? ․․․․․
2 Oýlan
Olaryň aýdanyny etsem näme bolar?
․․․․․
Olaryň aýdanyny etmesem näme bolar?
․․․․․
3 Karara gel
Eger olaryň aýdanynyetsem, onda . . .
․․․․․
Olaryň aýdanyny etmerin, sebäbi . .
․․․․․
4 Hereket et
․․․․․
Men . . .
․․․․․
Üstümden gülenlerinde
Eger maňa şeýle diýseler: ․․․․․
Olara şeýle jogap bererin:
Göwnüme alman
․․․․․
Çekinmän
․․․․․
Garşy çykyp
․․․․․
Jogaplaryňy ene-ataňa ýa-da ruhy taýdan ösen dostuňa görkez we maslahatlaş.
[135-nji sahypadaky surat]
Deň-duşlaryň täsirine düşseň, olaryň elinde oýunjak ýaly bolarsyň