Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • yp2 bap 26 sah. 218—224
  • Duýgularyma nädip erk edip bilerin?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Duýgularyma nädip erk edip bilerin?
  • Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Gaharyňy sakla
  • Lapykeçligi ýeň
  • Göwnüçökgünligi nädip ýeňmeli?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
  • Mekdepde wagyz etmäge näme üçin çekinýärkäm?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
  • Duýgularyma nädip erk edip bilerin?
    Ýaşlaryň sowallary
  • Dünýäden doýup, ýaşasyň gelmeýän bolsa näme etmeli?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
Başgalary
Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
yp2 bap 26 sah. 218—224

26-NJY BAP

Duýgularyma nädip erk edip bilerin?

SENIŇ pikiriňçe, ot gowy zatmy ýa-da erbet? Mümkin, sen ulanyşyňa bagly diýersiň. Meselem, gyşyň aýazly gijesi, peçde ot ýakyp otursaň gaty ýyly bolýar. Şeýle ýagdaýda «bäh, munuň gowudygyny» diýeniňi bilmänem galýansyň. Ýöne oda üns berilmese, ol öýi hem ýakyp bilýär. Bu bolsa gaty erbet.

Duýgularymyz barada-da şeýle diýse bolar. Eger duýgymyz bolmadyk bolsa, adamlar bilen gowy gatnaşykda bolup bilmezdik. Ýöne duýgularymyza erk etmesek, hem özümize, hem daş-töweregimizdäkilere zyýan ýetireris.

Geçiş döwründe käwagt gaharlanmagyň ýa-da lapykeç bolmagyň mümkin. Ýöne sen özüňe nädip erk edip bilersiň? Gel, olaryň her birine aýratynlykda seredeli.

Gaharyňy sakla

Käbir adamlar adalatsyzlyga uçranda olara agyr degýär, hatda öýke-kine edýär. Şol sebäpli olar özüne erk edip bilmeýär. Mukaddes Ýazgylarda «gaharjaň» we «gyzma» adamyň halanmaýandygy barada aýdylýar (Süleýmanyň tymsallary 22:24; 29:22). Sen gaharyňa erk edip bilmeseň, soňundan puşman edersiň. Şol sebäpli adalatsyzlyga duş geleniňde gaharyňa nädip erk edip bilersiň?

Ilki bilen, ýagdaýa hemmetaraplaýyn seretjek bol. Mümkin, bu ýagdaý seniň pikir edişiň ýaly gaty erbedem däldira (Zebur 4:4). Ýöne «ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy» berseň, ýagdaýy öňküdenem beterleşdirersiň (1 Selanikliler 5:15). Bolan ýagdaý barada oýlansaň we doga etseň, mümkin, sen göwnüňe degen adamy bagyşlap bilersiň. Şeýle etseň, öýkä üstüňden agalyk etdirmersiň (Zebur 37:8).

Emma gaharyň şonda-da aýrylmasa näme? Mukaddes Ýazgylarda: «Dymmagyň öz wagty bar, geplemegiň öz wagty» diýilýär (Wagyz kitaby 3:7). Göwnüňe degen adam bilen gepleşip gör. Eger onuň bilen gepleşmek «peýdasyz» diýip hasap etseň, onda ene-ataň ýa-da uly ýaşly dostlaryň biri bilen gepleş. Ýöne kimdir biri bilgeşleýin göwnüňe degýän bolsa, şeýle adam bilen mylakatly bolmak üçin eliňde baryny et. 221-nji sahypadaky çarçuwanyň kömegi bilen haýsy ýagdaýlarda gaharyňy saklap bilmeýändigiň we näme etseň gowy boljakdygy barada oýlanyp gör.

Bir adam göwnüňe degende, ýüregiňde kine saklamazlyk üçin Ýehowadan kömek sorap doga et. Şeýle-de bolan ýagdaýy üýtgedip bilmeseň-de, oňa bolan garaýşyňy üýtgedip bilýändigiňi ýatdan çykarma! Eger içiňde kine saklasaň, çeňňege düşen balyk ýaly bolarsyň. Seniň pikirleriň we duýgularyň başga biriniň elinde bolar. Kimdir biriniň üstüňden agalyk etmegini isleýärsiňmi? (Rimliler 12:19).

Lapykeçligi ýeň

16 ýaşly Lara şeýle diýýär: «Soňky wagtlar keýpim ýok we özümi köp ýazgarýaryn. Meniň üçin durmuşyň hiç hili manysy ýok, gijelerine köp aglaýaryn». Köp ýaşlar edil Lara ýaly, kynçylyklar sebäpli durmuşdan şatlyk tapmaýar. Senem şeýle duýgulary başdan geçirýärsiňmi? Ene-ataň, dostlaryň we mugallymlaryň senden bir zatlar talap edýändigi, geçiş döwri bedeniňde, pikiriňde özgerişlikleriň bolýandygy hem-de ýönekeý zatlarda-da ýalňyşýandygyň sebäpli lapykeç bolmagyň mümkin.

Käbir ýaşlar göwnüçökgünligi ýeňjek bolup hatda özlerine zyýan ýetirýärlerb. Eger senem şeýle zatlary edýän bolsaň, munuň sebäbini anykla. Mysal üçin, köp gaýgy edýän adamlar köplenç özüne zyýan ýetirýär. Sen maşgala ýagdaýyň ýa-da dostlaryň sebäpli gaýgy-gama batýarsyňmy?

Erbet duýgulary ýeňmegiň iň gowy usuly — ene-ataň ýa-da ruhy taýdan ýetişen mesihçi bilen gepleşmekdir. Imandaşlaryň aladaly günüňde dadyňa ýetişjek dogan kimindir (Süleýmanyň tymsallary 17:17). 16 ýaşly Liliýana ýygnagyndaky käbir uýalardan maslahat soraýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Olar menden uly we tejribeli bolansoň, paýhasly maslahatlar berdiler. Indi olar meniň hakyky dostlarym!»c Dana atly 15 ýaşly ýetginjege erbet duýgularyny ýeňmäge bir zat kömek etdi: Ol köpräk wagyz edip başlady. Bu barada ol: «Şeýle edenim gowy bolupdyr. Bu meniň durmuşymda iň şatlykly günlerimiň biri boldy» diýýär.

Esasanam, lapykeç wagtyň doga etmegi ýatdan çykarma. Köp kynçylyklary başdan geçiren Dawut pygamber: «Ýüküňi Rebbiň üstüne taşla, Ol seni saklar» diýip ýazdy (Zebur 55:22). Ýehowa seniň nähili kynçylyklary başdan geçirýändigiňi bilýär. Ol diňe bir bilmek bilen çäklenmän, eýsem «aladaňy» hem edýär (1 Petrus 5:7). Eger ýüregiň seni ýazgarýan bolsa, «Hudaýyň bizi özümizden hem gowy tanaýandygyny we ähli zady bilýändigini unutma» (1 Ýahýa 3:20). Ol seniň näme sebäpden lapykeç bolýandygyňy özüňdenem gowy bilýär. Şol sebäpli ol erbet duýgularyňy ýeňmäge kömek edip bilýär.

Eger lapykeçlik wagty bilen aýrylmaýan bolsa, onda sen göwnüçökgünliged düşen bolmagyň mümkin. Bu ýagdaýda lukmana baryp özüňi barlatsaň gowy bolar. Muňa sowuk-sala garamak, maşynyň motory ses edip durka radiosyny güýçli açmak ýalydyr. Şeýle ýagdaýda maşyny saklap näme sebäpden ses edýändigini bilseň paýhasly bolar. Şol sebäpli senem öz ýagdaýyňdan utanma! Göwnüçökgünligi we şuňa meňzeş erbet duýgulary başyndan geçirýän köp ýetginjekler lukmanyň beren kömegi arkaly muny ýeňip bildiler.

Biziň duýgularymyzyň oda meňzeýändigini ýatdan çykarma. Eger oňa erk edip bilsek, peýda berer, ýagny durmuşymyz manyly we şatlykly bolar. Ýöne erk edip bilmesek, ot ýaly öňünden çykan zady ýakyp kül eder. Şol sebäpli özüňe erk et. Dogrudan-da, käwagt biz soňundan ökündirjek zady diýmegimiz ýa-da etmegimiz mümkin. Ýöne sabyrly bolmagy öwren. Wagtyň geçmegi bilen, duýgularyňa erk etmegi öwrenersiň. Şonda duýgularyň seniň üstüňden agalyk etmez.

INDIKI BAPDA

Özüňden köp zada garaşýan bolsaň, muňa dogry garaýyşda bolmagy nädip öwrenip bilersiň?

[Çykgytlar]

a Eger üstüňden gülüp azar berýän bolsalar, muny nädip ýeňmelidigi barada bilmek üçin şu kitabyň 14-nji babyna seredip bilersiň. Ýöne dostuň gaharyňy getiren bolsa, saňa kömek edip biljek maslahaty 10-njy bapdan tapyp bilersiň.

b Zyýan ýetirmek diýlende, özüňi bilgeşleýin kesmegi, teniňi ýakmagy ýa-da oňa ýara salmagy aňladýar.

c Eger ýüzbe-ýüz gepleşmäge çekinýän bolsaň, onda hat ýaz ýa-da jaň et. Ynamdar biri bilen gürleşmek erbet duýgulary ýeňmegiň ilkinji ädimidir.

d Göwnüçökgünlik barada köpräk bilmek üçin, I tomuň 13-nji babyna seredip bilersiň.

ESASY PIKIRI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Ýamanlykdan ýeňilmäň-de, ony hemişe ýagşylyk bilen ýeňiň». Rimliler 12:21

MASLAHAT

Kiçijik zat bolsa-da, her gün ene-ataňa bolup geçen gowy zady gürrüň bermegi endik edin. Şonda uly kynçylyk ýüze çykanda, olara gürrüň bermek aňsat bolar. Olar hem seni diňlemäge taýýar bolar.

BILÝÄŇIZMI?

Eger doly ukyňy almasaň ýa-da dogry iýmitlenmeseň, nädogry duýgulara erk etmek kyn bolar.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Meniň üçin göreşmesi kyn bolan duýgy: ․․․․․

Muny ýeňmek üçin, men ․․․․․

Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?

● Gaharyňa erk etmezligi Hudaý näme üçin ýigrenýär?

● Gaharyň çalt gelmegi nähili zyýan berip biler?

● Lapykeçligi nädip ýeňip bilersiň?

[223-nji sahypadaky sitata]

«Göwnüçökgünlige düşen wagtym, meni diňlejek we kömek etjek adamyň bolmagy iň gowy zat» Jenifer

[221-nji sahypadaky surat]

Bellik depderçäm

Gaharyňy sakla

Çarçuwany doldur

Bolup biljek ýagdaý

Klasdaşym üstümden gülýär

Nädogry

Özi ýaly jogap bermeli

Dogry

Üns bermesem, ol meniň gaharymyň gelmeýändigini biler

Bolup biljek ýagdaý

Jigim gowy görýän köwşümi soraman geýipdir

Nädogry

Menem onuň bir zadyny soraman almaly

Dogry

․․․․․

Bolup biljek ýagdaý

Ene-atam: «Öýden çykmarsyň» diýýär

Nädogry

․․․․․

Dogry

․․․․․

[220-nji sahypadaky surat]

Eger kine saklasaň, çeňňege düşen balyk ýaly bolarsyň. Duýgularyňa özüň däl-de, başga biri agalyk eder.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş