Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • yp2 bap 28 sah. 231—236
  • Gomoseksual höweslere nädip garşy durmaly?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gomoseksual höweslere nädip garşy durmaly?
  • Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaý nähili garaýar?
  • Ýan berme!
  • Mukaddes Ýazgylarda gomoseksualizm barada näme diýilýär?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
  • Gomoseksualizm. Bu günämi?
    Ýaşlaryň sowallary
  • Mukaddes Kitapda gomoseksualizm barada näme diýilýär?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
yp2 bap 28 sah. 231—236

28-NJI BAP

Gomoseksual höweslere nädip garşy durmaly?

«Ýetginjekkäm gyzlary däl-de, oglanlary gowy görýärdim. Men munuň nädogrudygyna düşünýärdim». Olef

«Men joram bilen birki sapar ogşaşdym. Şondan bäri men gyzlary-da, oglanlary-da gowy görýärin. Men özüme biseksualmykam öýdýärdim». Sara

ŞU GÜNLER adamlar gomoseksuallyk barada açyk gürrüň edýärler, ýöne 30-40 ýyl mundan ozal beýle däldi. Eger olara garşy çykaýsaň, seniň özüňe topulýarlar. 16 ýaşly Emi atly gyz şeýle diýýär: «Bir gyz gomoseksuallara garaýşymy bilip: „Sen adamlary ala tutýarsyň“ diýdi».

Adamlaryň şeýle garaýşy ýaşlary öz jynsyndaky adamlar bilen ahlaksyzlyk etmäge iterýär. 15 ýaşly Beki şeýle diýýär: «Mekdebimizde özüni lezbiýan, biseksuala hasaplaýan ýa-da „lezbiýan bolmalymy ýa biseksual bolmalymy, heniz anyklap bilemok“ diýýän gyzlar köp». 18 ýaşly Krista atly gyz hem mekdepde şeýle ýagdaýa duş gelipdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Iki gyz klasdaşym maňa ahlaksyzlyk etmegi teklip etdi. Olaryň biri: „Gyzlar bilen bolmagyň nähilidigini göresiň gelýärmi?“ diýip hat ýazdy».

Häzirki wagtda gyz bilen gyzyň, oglan bilen oglanyň ahlaksyzlyk etmegi hiç hili utanç hasaplanmaýar. Şol sebäpli sende-de: «Gomoseksual bolmak erbet zatmy? Eger men öz jynsymdaky adamy gowy görsem, bu meniň gomoseksualdygymy aňladýarmy?» diýen soraglar döremegi mümkin.

Hudaý nähili garaýar?

Şu günler köp adamlar, hatda dindar adamlaryň hem käbiri gomoseksuallygy ýazgarman, gaýtam, ony goldaýar. Ýöne Mukaddes Ýazgylarda muňa Hudaýyň nähili garaýandygy düşündirilýär. Ilkibaşda, Ýehowa adamy erkek we aýal edip ýaratdy. Hudaýyň niýetine görä, jynsy gatnaşyk diňe är-aýalyň arasynda bolmaly (Gelip çykyş 1:27, 28; 2:24). Şonuň üçin Mukaddes Ýazgylarda gomoseksuallyk ýazgarylýar (Rimliler 1:26, 27).

Käbir adamlar Mukaddes Ýazgylary könelişen hasaplaýar. Olar näme üçin şeýle pikir edýärler? Belki-de, Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan zatlar olaryň garaýşyna deň gelýän däldir. Käbir adamlar diňe ynanasy gelýän zada ynanýar. Eger Hudaýyň Sözünde ýazylan zatlar şoňa gabat gelmese, olar ony okasy gelmeýär. Biz şeýle garaýyşdan seresap bolmaly.

Eger oglan bolup oglany ýa-da gyz bolup gyzy gowy görýän bolsaň näme etmeli? Bu seniň gomoseksualdygyňy aňladýarmy? Ýok. Häzir seniň «ýaşlyk höwesleriň» güýjeýän wagty, şonuň üçin sende jynsy gatnaşyk etmek islegi döreýändir (1 Korinfliler 7:36). Käte öz jynsyňdaky adam özüne çekýän bolsa, bu seniň gomoseksualdygyňy aňlatmaýar. Adatça, şeýle duýgy wagtyň geçmegi bilen aýrylýar. Ýöne häzir sen şeýle zatlar bilen meşgullanýanlardan nädip gaça durmalydygyny öwrenmeli. Gel, muny bileli.

Bu barada doga et. Sen hem Dawut ýaly Ýehowa ýalbaryp doga et. Ol: «Eý Hudaý, meni barla-da, ýüregimi bil, meni syna-da, pikirlerimi bil; Gör, mende erbet ýol bar bolsa, meni ebedi ýola sal» diýdi (Zebur 139:23, 24). Ýehowa saňa güýç berer we «pikirleriňi... gorar» ýaly parahatlyk berer. Bu bolsa seniň ýüregiňi we aňyňy gorar hem-de erbet höwesleriň täsirine düşmez ýaly, güýjüňe güýç goşar (Filipililer 4:6,7; 2 Korinfliler 4:7).

Gowy zatlar hakda pikirlen (Filipililer 4:8). Mukaddes Ýazgylary her gün oka. Hudaýyň Sözüniň aňyňa we ýüregiňe güýçli täsir edýändigini hiç haçan unutma (Ýewreýler 4:12). Jeýson atly ýetginjek şeýle diýýär: «Mukaddes Ýazgylar maňa güýçli täsir edýär. Erbet pikirler dörände, men derrew 1Korinfliler 6:9, 10-njy we Efesliler 5:3-nji aýatlary açyp okaýaryn».

Pornografiýadan we gomoseksuallyga höweslendirýän zatlardan gaça dur (Koloslylar 3:5). Ahlaksyz höwesleri oýarýan zatlardan gaça dur. Muňa pornografiýa, käbir telegepleşikler we filmler, hatda moda ýa-da fiziki maşklary edip bedenini görkezýän suratly žurnallar degişli bolup biler. Erbet pikirleriň ýerini gowy pikirler bilen doldur. Bir ýetginjek oglan: «Mende oglan bilen jynsy gatnaşyk etmek islegi dörände, Ýazgylardaky gowy görýän aýadym hakda oýlanýaryn» diýýär.

Elbetde, käbir adamlar şeýle islegiňe garşy göreşmek hökman däl, gaýtam, özüňi bolşuň ýaly kabul etmeli diýip, pikir edýän bolmagy ähtimal. Ýöne Mukaddes Ýazgylarda muny ýeňip bolýandygy hakda aýdylýar. Meselem, I asyrdaky käbir mesihçileriň erbet höwesleriň guly bolandygy we ony ýeňip bilendigi aýdylýar (1 Korinfliler 6:9—11). Hatda bu söweş içiňde bolsa-da, ýeňiş gazanarsyň.

Ýöne şonda-da erbet höwesleriň aýrylmasa näme etmeli? Nähili ýagdaý bolaýanda-da, ýan berme! Ýehowa gomoseksuallyk bilen meşgullanýanlary ýazgarýar. Şol sebäpli oglan bolup oglan bilen ýa-da gyz bolup gyz bilen jynsy gatnaşyk etmek islegine garşy göreşýänler şeýle zatlardan gaça durmaly.

«Gyzma adamy» göz öňüne getir (Süleýmanyň tymsallary 29:22). Belki, ol öň gaharyny saklap bilýän däldir. Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlansoň bolsa, özüňe erk etmegiň wajypdygyna düşünendir. Ýöne bu onuň indi hiç haçan gaharlanmajakdygyny aňlatmaýar. Ol Mukaddes Ýazgylardan özüňe erk etmeseň nähili netije berýändigini bilip, gaharyny saklamaga jan eder.

Oglan bolup oglan bilen ýa-da gyz bolup gyz bilen jynsy gatnaşyk etmek islän, emma soňra Mukaddes Ýazgylarda bu barada näme diýilýändigini bilen adamlar barada-da şeýle diýse bolar. Olarda hem käte erbet höwesler döräp biler. Ýöne olar gomoseksuallyga Ýehowanyň garaýşy ýaly garap, şeýle höweslerini ýeňip biler.

Ýan berme!

Eger sen oglan bolup oglan bilen ýa-da gyz bolup gyz bilen jynsy gatnaşyk etmek islegiňe garşy göreşýän bolsaň, onda özüňi şu sözleri aýdan ýetginjek ýaly duýýansyň: «Men muny ýeňmek üçin doga edip Ýehowadan kömek soraýaryn. Mukaddes Ýazgylary okaýaryn. Bu barada nutuk diňleýärin. Ýöne şonda-da bolanok, men indi näme etjegimi bilemok».

Eger senem şeýle ýagdaýy başyňdan geçirýän bolsaň, onda biliňi berk guşa! Sebäbi bu söweşde ýeňiş gazanmak aňsat bolmaz. Hudaýa ýaranmak isleýän her bir adam, nähili kyn bolsa-da, onuň ahlak kadalaryna eýerip ýaşamaly we onuň ýigrenýän zatlaryny etmeli däl. Hudaý seniň erbet höwesleriňi ýeňmek üçin eliňde baryny edip göreşýändigiňe düşünýär. Şeýle-de onuň özüne gulluk edýänlere duýgudaşlyk bildirýändigini ýadyňdan çykarmab (1 Ýahýa 3:19, 20). Hudaýyň tabşyryklaryna gulak asmak köp bereketleri almaga mümkinçilik berýär. Dogrudan-da, Hudaýa gulak asmak «uly sylag» berýär (Zebur 19:11). Sen şu howsalaly döwürde-de durmuşdan lezzet alyp ýaşap bilersiň.

Hudaýa bil baglap, erbet höwesleriň bilen göreş (Galatýalylar 6:9). Mukaddes Ýazgylarda: «Erbetligi ýigrenip, ýagşylyga ýapyşyň» diýilýär (Rimliler 12:9). Munuň üçin tagalla et. Wagtyň geçmegi bilen, erbet höwesleriň geçer. Iň esasy zat bolsa, gomoseksuallykdan gaça dursaň, Hudaýyň wada berýän täze dünýäsinde ebedi ýaşamaga umydyň bolar.

INDIKI BAPDA

Jynsy gatnaşyk etmek islegiňe nädip erk edip bilersiň?

[Çykgytlar]

a Lezbiýan diýilse gyz bilen ahlaksyzlyk edýän gyzlar, biseksual diýilse hem oglan, hem gyz bilen ahlaksyzlyk edýänler göz öňünde tutulýar.

b Eger mesihçi ahlaksyzlyk eden bolsa, ýygnak ýaşulularyndan kömek soramaly (Ýakup 5:14, 15).

ESASY PIKIRI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Meni syna-da, pikirlerimi bil; Gör, mende erbet ýol barmy?» Zebur 139:23, 24

MASLAHAT

Eger sen oglan bolup, özüňde erkek adama mahsus bolan häsiýetler ýokdur öýdüp, oglan bilen bolasyň gelýän bolsa ýa-da sen gyz bolup, oglandan gorkýan bolsaň, Isanyň göreldesi barada oýlan (1 Petrus 2:21). Sebäbi ol erkek adamyň nähili bolmalydygyny görkezip, mähirli bolmakda kämil görelde galdyrdy.

BILÝÄŇIZMI?

Sen höwesleriňe doly erk edip bilmeseň-de, hereketleriňe erk edip bilýärsiň. Esasy zat, erbet işleri etme.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Eger biri: «Hudaý näme üçin gomoseksuallygy ýazgarýar?» diýse, men ․․․․․

Eger biri: «Ýazgylarda aýdylýanlar şu döwre degişli däl» diýse, men ․․․․․

Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?

● Hudaý gomoseksuallygy näme üçin ýazgarýar?

● Haýsy ädimler gomoseksuallygyň duzagyna düşmezlige kömek eder?

● Hudaýyň gomoseksuallyga bolan garaýşyny kabul etseň, gomofobdygyňy (gomoseksuallary ýigrenýän adamdygyňy) aňladýarmy?

[236-njy sahypadaky sitata]

«Şu dünýäniň erbet garaýyşlary pikirime täsir edýär we jynsy gatnaşyk meselesinde aňymy bulaşdyrýar. Ýöne men gomoseksual bolmaga höweslendirýän islendik adamdan ýa-da zatdan gaça durýaryn» Hanna

[233-nji sahypadaky surat]

Sen şu dünýäniň ýoýulan ahlak kadalary boýunça ýaşarsyňmy ýa-da Ýazgylardaky ahlak kadalar boýunça ýaşamagy saýlarsyň?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş