Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bt bap 11 sah. 85—92
  • «Mukaddes ruhdan dolup, ýürekden şatlanýardylar»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Mukaddes ruhdan dolup, ýürekden şatlanýardylar»
  • Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Aýratyn gulluk üçin saýladym» (Resullar 13:1—12)
  • Ruhlandyryjy sözler (Resullar 13:13—43)
  • «Biz başga halklara wagyz ederis» (Resullar 13:44—52)
  • «Ýehowanyň kömegi bilen batyrgaý wagyz etdiler»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • Barnabas bilen Pawlus uzak ýerlerde şägirt taýýarlaýar
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2018
  • Köpler Isanyň şägirdi bolýar
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • «Ýygnaklary ruhy taýdan berkidýär»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
Başgalary
Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
bt bap 11 sah. 85—92

11-NJI BAP

«Mukaddes ruhdan dolup, ýürekden şatlanýardylar»

Adamlar diňlemese-de, Pawlusdan görelde alyp hoş habary wagyz edeliň

Resullar 13:1—52

1, 2. Antakyýada nähili waka boldy? Isanyň sözleri nädip ýerine ýetip başlady? (Resullar 1:8).

BIR GÜN Antakyýadaky ýygnakda ýatdan çykmajak waka bolýar. Pygamberler, mugallymlar üýşüp otyrka, Pawlus bilen Barnabas mukaddes ruh arkaly uzak ýerlere gidip wagyz etmäge saýlanýara (Res. 13:1, 2). Olar öň hem köp ýerlerde wagyz edýärdiler, ýöne ýygnak bar şäherlerde wagyz edýärdiler (Res. 8:14; 11:22). Indi bolsa hoş habar aýdylmadyk ýerlerde wagyz etmelidiler. Olar Markus diýilýän Ýahýany hem alyp gidýärler. Ýahýa olara kömek edýär.

2 Şondan takmynan 14 ýyl öň, Isa şägirtlerine: «Iýerusalimde, tutuş Ýahudada, Samariýada we bütin ýer ýüzünde men hakda wagyz edersiňiz» diýipdi (Res. 1:8). Isanyň aýdyşy ýaly, Barnabas bilen Sawul başga ýerlerde wagyz edip başlaýar. Şeýdip, olar pygamberligiň ýerine ýetmegine goşant goşýarb.

«Aýratyn gulluk üçin saýladym» (Resullar 13:1—12)

3. I asyrda nähili kynçylyk bardy?

3 Şu günler adamlaryň durmuşy aňsatlaşdy. Birnäçe sagadyň içinde dünýäniň o künjegine ulagly ýa uçarly baryp bolýar. Ýöne I asyrda ulaglar, uçarlar bolmansoň, adamlar pyýada ýöremeli bolupdyrlar. Olar ýaýylyp ýatan giň meýdandan, tozap ýatan çölüň içinden uzak ýol söküpdirler. Adamlar her gün bary-ýogy 30 kilometr ýol geçip bilýärdi. Uzak ýola çykan adamlar halys ýadaýardyc. Barnabas bilen Sawul uzak ýerlere gidip, wagyz etmegiň aňsat bolmajakdygyny bilýärdi. Ýöne olar hoş habary ähli adamlara ýetirmek üçin islendik zada taýýardy (Mat. 16:24).

UZAK ÝOLLAR

Gadymy döwürde uzak ýerlere pyýada gitmek köp wagtyňy alýardy, gaty ýadadýardy. Käbir ýerlere gämili gideniň has arzan düşýärdi. Ýöne adamlar köp ýerlere pyýada gitmeli bolýardylar.

Adamlar bir günüň içinde takmynan 30 kilometr ýol geçip bilýärdi. Olar yssy, sowuk hem ýagyşly howada-da ýöremeli bolupdyrlar. Üstesine, ýolda olara talaňçylaram topulýardy. Pawlus resul: «Köp wagtymy ýolda geçirerdim. Talaňçylar... janyma howp salardylar... derýalarda... howply ýagdaýlara uçradym» diýdi (2 Kor. 11:26).

Rim imperiýasynda daş düşelip çekilen ýollar kändi. Uly ýollaryň ugrunda takmynan her 30 kilometr aralykda myhmanhanalar gurlupdy. Ýolagçylar gijäni şol ýerde geçirýärdiler. Her myhmanhananyň arasynda-da çaýhanalar bardy. Adamlar şol ýerden iýer-içer ýaly zat satyn alyp bilýärdi. Ýöne myhmanhanalaram, çaýhanalaram örän hapady. Gelim-gidimli, çygly bolansoň, ol ýerde bitlerem köpdi. Myhmanhanalarda ahlaksyzlygam edilýärdi. Şonuň üçin köplenç ol ýere erbet adamlar barýardy. Myhmanhananyň eýeleri bolsa ýolagçylaryň zatlaryny ogurlaýardy.

Mesihçiler dogan-garyndaşy ýa-da dost-ýarlary bolmadyk şähere barýan bolsalar, şol myhmanhanalarda galmaly bolýardylar.

4. a) Barnabas bilen Sawul aýratyn gulluga nädip saýlandy? b) Biz ýygnakda jogapkärli borçlary alýan doganlary nädip goldap bileris?

4 Doganlaryň arasyndan «aýratyn gulluk etmäge» näme üçin Barnabas bilen Sawul saýlanýar? (Res. 13:2). Mukaddes Kitapda munuň sebäbi aýdylmaýar. Biz Mukaddes Kitapdan Barnabas bilen Sawulyň mukaddes ruh arkaly saýlanandygyny we pygamberleriň, mugallymlaryň olary iki elläp goldandygyny bilýäris. Şol doganlar agyz bekläp, doga edip, «üstüne ellerini goýup, olary ýola salanda» Barnabas bilen Sawul örän begenendir (Res. 13:3). Bizem ýygnakda jogapkärli borçlary alýan, ýagny ýaşuly bellenen doganlary goldamaly. Olara göriplik etmegiň deregine, «edýän işleri üçin uly hormat goýmaly» we söýmeli (1 Sel. 5:13).

5. Kiprde nädip wagyz edilendigini gürrüň beriň.

5 Barnabas bilen Sawul Antakyýanyň golaýyndaky gämi duralgaly Selewkiýa şäherine bardylar. Olar gämide 200 kilometr ýol geçip, Kipr adasyna geldilerd. Barnabasyň asly kiprli bolansoň, ol ildeşlerine höwes bilen wagyz edendir. Kipr adasynyň gündogar kenarýakasynda Salamis şäheri bardy. Doganlar şol şähere gelensoň, wagtyny biderek geçirmän, «ýehudylaryň sinagogalarynda Hudaýyň sözüni wagyz edip başladylar»e (Res. 13:5). Şägirtler Kipriň bir ujyndan girip, beýleki ujuna çenli uly şäherlere aýlanyp wagyz etdiler. Olaryň baran şäherlerini göz öňünde tutsaň, takmynan 160 kilometr ýol geçen bolmaly.

SINAGOGALAR

«Sinagoga» sözi ýygnanyşmak diýmegi aňladýar. Şeýle-de şol söz ýehudylaryň ýygnak geçirmegini, Hudaýyň Sözüni öwrenmek üçin ýygnanyşýan ýerini ýa-da jaýyny aňladýar.

Ýehudylar Wawilon ýesirliginden dolanyp gelensoň, ýaşaýan ýerindäki sinagogalarda ýygnanyşyp başlan bolmaly. Olar sinagogalara Ýehowa barada öwrenmek, mukaddes kitaplary okamak, aýatlaryň düşündirilişini diňlemek üçin barýardylar. I asyrda Ysraýylyň kiçi şäherlerinde bir, uly şäherlerinde birnäçe sinagoga bolupdyr. Iýerusalimde bolsa ondanam köp sinagogalar bolupdyr.

Wawilon ýesirliginden boşansoň, ýehudylaryň köpüsi Palestina gaýtmandyrlar. Olar söwda-satyk etmek üçin başga ýurtlara gidipdirler. Şonuň üçin b. e. öň V asyra çenli Pars imperiýasynyň 127 welaýatynda-da ýehudylar bolupdyr (Ester 1:1; 3:8). Biraz wagtdan soň olar Ortaýer deňziniň töweregindäki şäherlere-de göçüp barypdyrlar. Dürli ýurtlara göçen ýehudylar baran ýerlerinde-de sinagogalarda ýygnanyşypdyrlar.

Sinagogada her Sabat güni Musanyň kanuny okalýardy we düşündirilýärdi. Ol ýerde çykyş edilýän ýer bardy, öňünde we iki gapdalynda bolsa diňleýjiler üçin oturylýan ýerler bardy. Her Sabat güni sinagoga baranlarynda Hudaýa wepaly ýehudylaryň biri mukaddes kitaplary okap, aýatlary düşündirip, wagyz edýärdi.

6, 7. a) Sergus Pawlos kim? Barýuşa oňa hoş habary näme üçin diňletmejek bolýar? b) Sawul näme edýär?

6 I asyrda Kiprdäki adamlar ýalan taňrylara sežde edýärdi. Barnabas bilen Sawul adanyň günbatar kenarýakasynda ýerleşýän Pafos şäherine baranlarynda muňa hasam göz ýetirdiler. Doganlar şol ýerde Barýuşa atly «jadygöýe we ýalan pygambere» duşdular. «Barýuşa welaýat häkimi Sergus Pawlosa hyzmat edýärdi»f. I asyrda Rimde Sergus Pawlos ýaly atly-abraýly, «düşünjeli adamlar» wajyp karara gelende jadygöýlere we palçylara ýüz tutupdyrlar. Sergus Barnabas bilen Sawuly çagyryp, «Hudaýyň sözüni diňlemek isleýär». Ýöne onuň eden işi Barýuşa ýaramaýar. Barýuşa kärine görä, Elimas hem diýipdirler. Elimas jadygöý diýmegi aňladýar (Res. 13:6—8).

7 Barýuşa Barnabas bilen Sawula wagyz etdirmejek bolýar. Onuň bar aladasy öz abraýydy. Ol Sergusyň diňe özünden maslahat soramagyny isleýärdi. Şonuň üçin welaýat häkimini «Halypamyza iman etdirmejek bolýardy» (Res. 13:8). Ýöne Sawul Barýuşa Sergusyň başyny aýlamaga ýol bermeýär. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Şonda Pawlus diýilýän Sawula mukaddes ruh indi. Ol Elimasyň gözüne seredip: „Eý Iblis ogly, dogruçyllygyň duşmany! Seniň ýüregiň kezzaplykdan, erbetlikden doly. Sen Ýehowanyň adyl ýollaryna haçana çenli böwet boljak? Ýehowa saňa jeza berer. Sen kör bolup, birnäçe wagtlap ýagtylyk görmersiň“ diýdi. Elimasy şol bada gara tüsse we garaňkylyk gurşap aldy. Ol sermenip, kömek edere adam gözläp başlady. Welaýat häkimi muny görüp, Halypamyza iman etdi, sebäbi ol Ýehowa hakda bilen zatlaryna haýran galdy»g (Res. 13:9—12).

Bir dogan Mukaddes Kitaba salgylanyp, kazyýetiň öňünde imanyny goraýar.

Garşy çyksalar-da, Pawlus ýaly batyrgaý wagyz edýäris

8. Pawlus ýaly batyrgaý bolmak üçin näme etmeli?

8 Barýuşa hakykatyň wagyz edilmegine garşy çyksa-da, Pawlus gorkmady. Şu günlerem Hudaýyň Sözüni bilmek isleýän adamlara köpler garşy çykýar. Biz Pawlus ýaly şeýle adamlardan gorkmaly däl, gaýtam batyrgaýlyk bilen hakykaty aýtmaly. Ýöne «duzuň nahary tagamly edişi ýaly», biziň sözlerimiz hem ýakymly bolmaly (Kol. 4:6). Adamlar näme etse-de, Ýehowa barada bilmek isleýänlere kömek etmek üçin elimizde baryny etmeli. Barýuşa ýaly, ýalan dinler Ýehowanyň «adyl ýollaryna... böwet boljak» bolýar (Res. 13:10). Şonuň üçin olaryň aýdýan we öwredýän zatlarynyň, edýän işleriniň ýalandygyny paş etmäge çekinmeli däl. Biziň hem Pawlus ýaly batyrgaý bolup, akýürekli adamlara wagyz edesimiz gelýär. Elbetde, biz Pawlus resul ýaly gudrat görkezip bilmeris, ýöne Ýehowanyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen adamlara hak Hudaýy tanadarys (Ýah. 6:44).

Ruhlandyryjy sözler (Resullar 13:13—43)

9. Pawlus bilen Barnabas nähili görelde galdyrdy?

9 Pawlus, Barnabas we Markus Pafosdan gaýdyp, kiçi Aziýadaky Perga gelýärler. Olar deňziň üsti bilen takmynan 250 kilometr ýol geçýärler. Şol kiçi topara Pawlus ýolbaşçylyk eden bolmaly, sebäbi Resullar 13:13-de: «Pawlusyň ýoldaşlary» diýilýär. Mukaddes Kitapda Barnabasyň Pawlusa göriplik edendigi barada hiç zat aýdylmaýar. Gaýtam olar agzybir bolup, Hudaýyň islegini ýerine ýetirdiler. Pawlus bilen Barnabas jogapkär doganlara gowy görelde galdyrdy. Isa şägirtlerine: «Siziň baryňyz... dogansyňyz» diýdi. Şonuň üçin bizem özümizi başgalardan ýokary tutmaýarys. Şeýle-de: «Özüni beýgeldýän adam kiçeldiler, özüni kiçeldýän bolsa beýgeldiler» diýipdi (Mat. 23:8, 12).

10. Doganlaryň Pergadan Pisidiýanyň Antakyýa şäherine barşyny gürrüň beriň.

10 Olar Perga gelensoň, Markus Pawlus bilen Barnabasy taşlap, Iýerusalime dolanýar. Mukaddes Kitapda onuň näme üçin şeýle edendigi aýdylmaýar. Ýöne Pawlus bilen Barnabas Galatýa tarap ýoluny dowam edýär. Olar Pergadan Pisidiýanyň Antakyýa şäherine gelýärler. Şol şähere barmak aňsat däldi. Birinjiden, şäher deňiz derejesinden 1100 metr ýokarda ýerleşýärdi. Ikinjiden, olar daglyk ýerlerden ýöremelidiler. Şol ýoldan geçýän adamlara talaňçylar çozýardy. Üstesine, Pawlusyň saglygy hem öwerlik däldih.

11, 12. Pawlus sinagogada näme barada gürüň berdi?

11 Sabat güni Pawlus bilen Barnabas Pisidiýanyň Antakyýa şäherindäki sinagoga barýar. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Töwrat we Pygamberler kitaby okalandan soň, sinagoga ýolbaşçylary Pawlus bilen Barnabasa: „Adamlar, doganlar, halky ruhlandyrmak üçin aýtjak sözüňiz bar bolsa, baş üstüne, aýdyberiň“ diýdiler» (Res. 13:15). Şonda Pawlus ýerinden turup, söze başlaýar.

12 Sinagoga baran adamlaryň köpüsi ýehudy we ýehudy dinine geçenlerdi. Şonuň üçin Pawlus olara: «Eý ysraýyllar, Hudaýdan gorkýan adamlar» diýip ýüzlendi (Res. 13:16). Ýöne şol adamlar Isany Mesih hökmünde kabul etmändiler. Pawlus olara näme hakda gürrüň berdi? Ilki bilen, ol Hudaýyň ysraýyllara eden ýagşylygy hakda aýtdy. Müsür ýurdunda gelmişek bolup ýaşanlarynda Hudaýyň olary beýgeldendigini, çölde 40 ýyllap sabyr edendigini düşündirdi. Şeýle-de Ýehowanyň ysraýyllara wada edilen ýurdy basyp almaga kömek edendigini we «miras berendigini» aýtdy (Res. 13:17—19). Käbir adamlaryň aýtmagyna görä, Pawlus şol gün sinagogada okalan aýatlary düşündiripdir. Şu wakadan Pawlusyň «her kese her zat bolandygyny» bilse bolýar (1 Kor. 9:22).

13. Pawlusdan görelde alyp nädip adamlaryň ünsüni çekip bileris?

13 Biz hem adamlary gyzyklandyraýjak, ünsüni çekäýjek zatlar hakda gürrüň etmeli. Meselem, adamyň haýsy dine uýýandygyny bilsek, ony gyzyklandyrjak tema hakda gürrüň edip bileris. Şeýle-de adamlara tanyş bolan wakalary Mukaddes Kitapdan okap berip bileris. Eger şol wakany adama öz Mukaddes Kitabyndan okatsaňyz, hasam täsirli bolar. Biz adamlara Ýehowa barada bilmäge kömek etmek üçin her dürli usullary gözlemeli.

14. a) Pawlus gürrüňini Isa bilen nädip baglanyşdyrdy? Ol adamlara nähili duýduryş berdi? b) Adamlar Pawlusyň duýduryşyny nähili kabul etdi?

14 Soňra Pawlus Isanyň patyşalaryň neslinden doglandygyny düşündirýär. Şeýle-de ol suwa çümdürýän Ýahýanyň adamlara Isany halasgär hökmünde kabul etmäge kömek edendigini aýdýar. Ol Isanyň ölüme höküm edilişi, direlişi hakda gürrüň berýär (Res. 13:20—37). Pawlus: «Doganlar, günäleriňiziň Isa arkaly bagyşlanýandygyny size wagyz edýäris... Hudaýa iman eden adam Isa arkaly günäsiz hasaplanar» diýýär. Soňra Pawlus olara duýduryş berip: «Seresap boluň, Pygamberler kitabynda aýdylanlar başyňyzdan inäýmesin: „Eý gadyr bilmez adamlar! Siz etjek işlerime geň galyp, heläk bolarsyňyz. Sebäbi siziň döwrüňizde etjek işlerimi jikme-jik gürrüň berseler-de ynanmarsyňyz“» diýýär. Mukaddes Kitapda: «Adamlar indiki Sabat güni-de şeýle zatlary gürrüň bermegi haýyş etdiler» diýilýär. Pawlus adamlardan beýle jogaba garaşan däldir. Pawlus bilen Barnabas hatda sinagogadan gaýdansoňam, «köp ýehudylar we ýehudy dinine geçenler olaryň yzyna düşüp gitdiler» (Res. 13:38—43).

«Biz başga halklara wagyz ederis» (Resullar 13:44—52)

15. Indiki Sabat güni näme boldy?

15 Indiki Sabat güni «şäheriň ähli adamlary diýen ýaly» Pawlusyň wagzyny diňlemäge geldiler. Ýehudylaryň käbiri muny halaman, «Pawlusa göriplik edip, aýdýan zatlaryna garşy çykyp başladylar». Şonda Pawlus bilen Barnabas batyrgaýlyk bilen şeýle diýdi: «Hudaýyň sözi ilki size wagyz edilmelidi, emma siz diňlemediňiz, ebedi ýaşaýyşdan özüňizi mahrum etdiňiz. Indi bolsa biz başga halklara wagyz ederis. Sebäbi Ýehowa: „Men sizi beýleki halklara nur saçmagyňyz üçin saýladym. Siz bütin ýer ýüzüne gutulyş hakda wagyz edersiňiz“ diýip tabşyrdy» (Res. 13:44—47; Işa. 49:6).

Käbir adamlar garşy çykyp, Pawlus bilen Barnabasy Pisidiýanyň Antakyýa şäherinden kowýarlar.

«Pawlus bilen Barnabasy... şäherden kowdurdylar. Şägirtler hem mukaddes ruhdan dolup, ýürekden şatlanýardylar» (Resullar 13:50—52)

16. Pawlus bilen Barnabasyň sözüni ýehudylar nähili kabul etdi? Doganlar şäherden kowlansoň näme etdiler?

16 Başga milletli adamlar Pawlusyň sözlerini eşidip begendiler, «ebedi ýaşamak isleýän ähli adamlar iman etdiler» (Res. 13:48). Şeýdip, Ýehowanyň Sözüni ýurduň ähli ýerindäki adamlar eşitdiler. Ýöne ýehudylaryň içine ot düşdi. Pawlus bilen Barnabas Mesih baradaky hoş habaryň ilki ýehudylara wagyz edilendigini aýtsalar-da, olar kabul etmediler. Şonuň üçin hem Hudaý olaryň seždesini kabul etmeýär. Şonda «ýehudylar şäheriň abraýly we hudaýhon aýallaryny, atly-abraýly erkeklerini Pawlus bilen Barnabasa garşy öjükdirip, şäherden kowdurdylar». Pawlus bilen Barnabas näme etdi? Olar «aýagynyň tozanyny kakyp, Ikoniýa gitdiler». Şondan soň Pisidiýanyň Antakyýa şäherindäki şägirtler ruhdan düşüp, wagyz etmegini bes etdilermi? Elbetde ýok! Olar «mukaddes ruhdan dolup, ýürekden şatlanýardylar» (Res. 13:50—52).

17—19. Pawlus bilen Barnabasdan nädip görelde alyp bileris? Ruhdan düşmez ýaly näme etmeli?

17 Yzarlansalar-da şatlygyny ýitirmedik şägirtlerden köp zatlary öwrenip bileris. Hökümet işgärleri garşy çyksa-da, yzarlasa-da, biz hoş habary wagyz etmegi goýmaýarys. Ýadyňyza düşýän bolsa, Pawlus bilen Barnabasy Antakyýa şäherinden kowanlarynda «aýagynyň tozanyny kakypdylar». Olaryň şeýle etmegi üstünden jogapkärçiligiň aýrylandygyny aňladýar. Pawlus bilen Barnabas ähli adamlara wagyz edip bilýärdi, ýöne adamlaryň hoş habary kabul etjek-etmejegi olara bagly däldi. Şonuň üçin olar Ikoniýadaky adamlara wagyz etmäge gitdiler.

18 Pawlus bilen Barnabas gaýdansoň Antakyýadaky şägirtlere näme boldy? Elbetde, olaryň ýaşaýan ýerinde mesihçileri güýçli yzarlaýardylar. Adamlar hoş habary diňlemese-de, şägirtler ruhdan düşmediler. Isa: «Hudaýyň sözüni eşdip, berjaý edýänler bagtly!» diýipdi (Luka 11:28). Pisidiýanyň Antakyýa şäherindäki şägirtlerem Hudaýyň Sözüni berjaý etmegi ýüregine düwdüler.

19 Pawlus bilen Barnabas ýaly, biz hem adamlara wagyz etmäge borçly. Ýöne hoş habary kabul etmelimi ýa-da etmeli däldigini her bir adamyň özi çözýär. Eger adamlar bizi diňlemese, I asyrdaky şägirtlerden görelde alalyň. Hoş habary wagyz edip, adamlaryň janyny halas edýändigimize düşünsek, mukaddes ruhuň görkezmesine eýersek, yzarlansak-da ruhdan düşmeris (Gal. 5:18, 22).

BARNABAS — «GÖWÜNLIK OGLY»

Iýerusalimdäki ýygnakda gowy tanalýan asly kiprli bir lewi bardy. Onuň ady Ýusupdy. Resullar oňa häsiýetine görä, Barnabas diýip at goýupdylar. Barnabas «göwünlik ogly» diýmegi aňladýar (Res. 4:36). Ol kömege mätäç mesihçileriň derrew dadyna ýetişýärdi.

Barnabas torbadaky pullary sadaka berýär.

B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni 3 000 adam suwa çümdürilýär. Şol gün köp adam Iýerusalime baýramçylyga gelipdi. Olar şäherde köp wagtlap galarys öýtmändiler. Şol ýerdäki ýygnak Iýerusalimde galan adamlara gerek zatlaryny ýetirmelidi. Olara kömek etmek üçin Barnabas mellegini satyp, puluny resullara getirip berýär (Res. 4:32—37).

Barnabas ruhy taýdan ösen ýaşulydy, adamlara hemişe kömek edýärdi. Tarsusly Sawul mesihçileri yzarlansoň, şägirtler ondan gorkýardylar. Şonda Barnabas Sawulyň dadyna ýetişip, şägirtleri onuň mesihçi bolandygyna ynandyrýar (Res. 9:26, 27). Bir gezek Pawlus başga milletliler bilen özlerini nädogry alyp barandygy üçin Petrus bilen Barnabasa maslahat berýär. Şonda Barnabas maslahaty pesgöwünlilik bilen kabul edýär (Gal. 2:9, 11—14). Şu wakalar onuň, hakykatdanam, Barnabas adyna mynasyp bolandygyny subut edýär.

a «Barnabas — „Göwünlik ogly“» diýen çarçuwa serediň.

b Şol wagt Iýerusalimiň takmynan 550 kilometr demirgazygynda ýerleşýän Siriýanyň Antakyýa şäherinde ýygnaklar eýýäm bardy.

c «Uzak ýollar» diýen çarçuwa serediň.

d I asyrda gämide bir günde takmynan 160 kilometr ýol geçip bolýardy. Eger deňizde tupan tursa, bir günlük ýol birnäçe güne çekýärdi.

e «Sinagogalar» diýen çarçuwa serediň.

f Kipr adasy rimlileriň golastynda bolansoň, adany rimlileriň häkim edip goýan adamy dolandyrýardy.

g Mukaddes Kitapda şu wakadan soň Sawula Pawlus diýilýär. Käbirleriniň aýtmagyna görä, Sawul Sergusyň hormatyna Pawlus diýen rim adyny ulanyp başlaýar. Ýöne Pawlus şol adyny Kiprden gaýdansoňam ulanypdyr. Ol şol adyny Sergusyň hormatyna däl-de, «başga halklara iberilen resul» bolandygy üçin ulanypdyr. Şeýle-de ol ýewreý dilindäki Sawul adynyň grek dilinde erbet manyny berýändigi üçin Pawlus adyny göteripdir (Rim. 11:13).

h Şondan birnäçe ýyl geçensoň, Pawlus galatýalylara hat ýazýar. Ol hatynda şeýle diýýär: «Size başda hoş habary wagyz etmegime ýarawsyzlygym sebäp bolupdy» (Gal. 4:13).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş