Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bt bap 19 sah. 148—155
  • «Dymma, hemişe wagyz et»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Dymma, hemişe wagyz et»
  • Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Bile çadyr tikýärdiler» (Resullar 18:1—4)
  • «Korinflileriň köpüsi... iman etdiler» (Resullar 18:5—8)
  • «Şu şäherde maňa iman etjek adamlar köpdür» (Resullar 18:9—17)
  • «Ýehowa islese» (Resullar 18:18—22)
  • «Men hiç bir adamyň ganyna galmadym»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • Resullaryň işleri kitabyndan peýdaly pikirler
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
bt bap 19 sah. 148—155

19-NJY BAP

«Dymma, hemişe wagyz et»

Pawlus eklenmek üçin işlese-de yhlasly wagyz etdi

Resullar 18:1—22

1—3. Pawlus Korinf şäherine näme üçin geldi? Ol nähili kynçylyklara duş geldi?

PAWLUS RESUL b. e. 50-nji ýylynyň ahyrynda Korinf şäherindedi. Şäher söwda-satygyň merkezidi. Şol ýerde grekler, rimliler we ýehudylar köpdia. Pawlus Korinfe söwda etmek üçin ýa-da iş gözläp gelmedi. Şähere gelende eýýäm onuň etsem-petsemleri bardy. Ol adamlara Hudaýyň Patyşalygy barada hoş habary wagyz etmek isleýärdi. Pawlusa ýaşara ýer gerekdi. Onuň dogan-uýalara agram salasy gelmeýärdi. Ol Hudaýyň Sözüni öwredýändigi üçin başgalaryň hasabyna ýaşaýan adam hökmünde tanalmak islemeýärdi. Indi Pawlus näme eder?

2 Pawlusyň çadyr tikmekden başy çykýardy. Elbetde, çadyr tikmek aňsat däldi. Ol öz gününi görmek üçin maňlaý derini döküp, zähmet çekmäge taýyndy. Korinf şäherinde adamdan ýaňa aýak basara ýer ýokdy. Pawlus şeýle şäherde eklener ýaly iş, ýaşar ýaly ýer taparmyka?! Onuň gaýgy-aladasy ýetik bolsa-da, Hudaýyň Sözüni wagyz etmäge gelendigini ýatdan çykarmady.

3 Pawlus ýaşar ýaly jaýam, işem tapyp, birnäçe wagtlyk Korinf şäherinde galýar. Onuň wagyz etmek üçin eden tagallasy ýerine düşýär. Ol Korinf şäherinde näme etdi? Bizem Pawlus ýaly ýaşaýan ýerimizde nädip wagyz edip bileris?

IKI DEŇZIŇ EÝESI — KORINF

Peloponnes ýarym adasy bilen Gresiýanyň günortasyndan uzyn kanal akyp geçýär. Kanalyň iň inçe ýeri alty kilometr bolup, gadymy Korinf şäheri şol ýerde ýerleşýär. Korinf şäherinde iki sany gämi duralgasy bar. Korinf aýlagyndaky Leheý gämi duralgasyndan Italiýa, Sisiliýa, Ispaniýa gämiler gatnaýardy. Saron aýlagynyň Kenharaý gämi duralgasyndan bolsa Egeý deňzindäki adalara, Kiçi Aziýa, Siriýa we Müsüre baryp bolýardy.

Peloponnesiň günortasyndaky ýerlerde köplenç ýel bolup, tupan turup duransoň, gämileri şol ýerde saklap bolmaýardy. Şonuň üçin hem deňizçiler Korinfiň haýsy hem bolsa bir gämi duralgasyna baryp ýüklerini düşürýärdiler. Şol ýerden hem gury ýeriň üsti bilen ýüklerini beýleki gämi duralgasyna eltip, ýene-de gämä ýükleýärdiler. Korinfdäki kanalyň üsti bilen Saron aýlagyndan Korinf aýlagyna geçip bolýardy. Eger gäminiň ýüki ýeňil bolsa, deňizçiler gämini kiçiräk gämä tirkäp, kanalyň üsti bilen ýüklerini bir duralgadan beýleki duralga geçirýärdiler. Korinf şäheri söwdagärler üçin amatly ýerdi. Olar harytlaryny Korinf şäheriniň üsti bilen deňizden ýa-da gury ýerden beýleki ýurtlara geçirýärdiler. Söwdagärler harytlaryny Korinf şäheriniň üstünden geçirensoň, oňa köp girdeji girýärdi. Ýöne ilaty ahlaksyzdy, şäher azgynlykdan doludy.

Pawlus resulyň döwründe Korinf Rimiň Ahaýýa welaýatynyň esasy şäheri bolupdyr. Edara ediş merkezi hem Korinf şäherinde ýerleşýärdi. Halk dürli-dürli dine uýýardy. Ol ýerde Rim imperatoryna sežde edilýän buthana, grekleriň we müsürlileriň taňrylaryna sežde edilýän ýerler hem-de ýehudylaryň sinagogasy bardy (Res. 18:4).

Her iki ýyldan Korinf şäheriniň golaýynda sport ýaryşlary geçirilipdir. Adamlar şol ýaryşlary edil Olimpiýa oýunlary ýaly gowy görüpdir. B. e. 51-nji ýylynda şäherde sport ýaryşlary geçirilip ýörkä, Pawlus resul hem Korinfdedi. Mukaddes Kitabyň bir sözlügine görä, «Pawlus resul korinflilere ýazan hatynda birinji gezek ylgaw ýaryşyny mysal getirýär. Pawlus ýöne ýere şu mysaly ulanmandyr» (1 Kor. 9:24—27).

«Bile çadyr tikýärdiler» (Resullar 18:1—4)

4, 5. a) Pawlus Korinfde kimlerde ýaşady? Ol näme bilen meşgullandy? b) Pawlus çadyr tikmegi nädip öwrendi?

4 Pawlus Korinfe gelip, bir myhmansöýer är-aýal bilen tanyşýar. Olara Akila bilen Priskilla diýýärdiler. Olaryň asly ýehudydy. Priskilla Priska diýip hem tanalýardy. Imperator Klawdiý «ähli ýehudylara Rimden çykmagy» buýransoň, Akila bilen Priskilla Korinf şäherine göçmeli bolýar (Res. 18:1, 2). Şondan bäri olar Korinfde ýaşaýardy. Olar Pawlusa öýüniň töründen ýer berýärler, hatda ony işe-de alýarlar. Resullar 18:3-de: «Olaryň käri birdi, bile çadyr tikýärdiler. Pawlus olar bilen işläp, olaryň öýünde ýaşaýardy» diýilýär. Pawlus Korinfden gaýdýança şol myhmansöýer är-aýalyň öýünde ýaşaýar. Belki-de, ol hatlarynyň köpüsini Korinfdekä ýazandyr. Onuň şol hatlary Mukaddes Kitaba goşuldyb.

5 Pawlus bilimli adamdy, «Gamaliýeliň özünden bilim alypdy». Ýöne ol çadyr tikmegi nädip öwrendikä? (Res. 22:3). I asyrda ýehudylar çagalaryna ýokary bilim berselerem, hünär öwretmegi kiçilik bilmändirler. Bilşimiz ýaly, Pawlus Kilikiýanyň Tarsus şäherinde önüp-ösüpdi. Çadyr tikmek üçin niýetlenen geçi ýüňünden dokalan matalar (kilikiýum) şol ýerde öndürilipdir. Şonuň üçinem Pawlus çadyr tikmegi ýaşlygyndan öwrenen bolmaly. Çadyr nädip tikilýärdi? Çadyr tikýänler galyň hem berk matany ilki biçip, soňra birleşdirip tikýärdiler. Käte onuň matasyny olaryň özlerem dokapdyrlar. Görşümiz ýaly, çadyr tikmek ýeňil-ýelpaý iş däldi.

6, 7. a) Pawlus üçin näme wajypdy? Akila bilen Priskilla üçin näme wajypdy? b) Şu günler Hudaýyň halky Pawlusdan, Akila bilen Priskilladan nädip görelde alýar?

6 Pawlus bar wagtyny çadyr tikip geçirmedi. Ol diňe özüni eklemek hem-de dogan-uýalardan «hiç zat alman», hoş habary wagyz etmek üçin işleýärdi (2 Kor. 11:7). Akila bilen Priskilla nämäni wajyp hasaplaýardy? Pawlus ýaly, olar üçinem çadyr tikmek esasy zat däldi. B. e. 52-nji ýylynda Pawlus Korinfden gaýdýar. Şonda Akila bilen Priskilla-da hemme zadyny goýup, Pawlus bilen Efes şäherine gidýär. Akila bilen Priskillanyň Efesdäki öýünde ýygnak duşuşyklary geçirilipdir (1 Kor. 16:19). Soňra Akila bilen Priska Rime gidýär, biraz wagtdan hem Efese gaýdyp gelýär. Gaýratly är-aýal Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýdular. Olar dogan-uýalara hyzmat etmek üçin hiç zadyny gaýgyrmandyr. Şonuň üçin olara «başga miletli ýygnaklaryň ählisi» minnetdarlyk aýtdylar (Rim. 16:3—5; 2 Tim. 4:19).

7 Şu günlerem Hudaýyň halky Pawlusyň, Akila bilen Priskillanyň göreldesine eýerýärler. Olar «hiç kime ýük bolmajak bolup» agyr zähmet çekýärler (1 Sel. 2:9). Pionerleriň köpüsi bize gowy görelde görkezýärler. Olar özüni eklemek üçin ýarym gün ýa-da ýylyň belli bir aýlary işleýärler. Olaryň esasy maksady Ýehowa köpräk gulluk etmek. Akila bilen Priskilla ýaly jomart dogan-uýalar etrap gözegçilerini myhman alýarlar. Şonda olaryň şatlygynyň çägi bolmaýar. «Myhmansöýer bolan» başga-da köp dogan-uýalar muňa öz durmuşynda göz ýetirdiler (Rim. 12:13).

PAWLUSYŇ RUHLANDYRYJY HATLARY

Pawlus resul b. e. takmynan 50—52-nji ýyllarynda bir ýarym ýyl Korinfde bolanda selaniklilere 2 sany hat ýazýar. Onuň ýazan hatlary Injile goşulýar. Şol wagtlar ýa-da şondan biraz wagt soň, ol galatýalylara-da hat ýazypdyr.

1 Selanikliler Pawlus resulyň ilkinji ýazan we Mukaddes Kitaba goşulan hatydy. B. e. takmynan 50-nji ýylynda ikinji wagyz syýahatynda Pawlus Selanik şäherine gelýär. Şeýdip, Selanikde täze ýygnak döreýär. Ýöne biraz wagtdan ýehudylar ýygnakdaky doganlary yzarlap başlaýar. Yzarlama sebäpli Pawlus bilen Silas hem şäherden gaýtmaly bolýar (Res. 17:1—10, 13). Soňra Pawlus şol ýerdäki dogan-uýalary alada edip, 2 sapar Selanige gitjek bolýar. «Ýöne Şeýtan ýoluna böwet bolýar». Özi baryp bilmese-de, Pawlus resul dogan-uýalary ruhlandyrmak we imanyny berkitmek üçin Timoteosy iberýär. B. e. 50-nji ýylynyň ahyrynda Timoteos Korinfde Pawlus resul bilen görşüp, oňa Selanikdäki ýygnak barada gowy habarlary ýetirýär. Şondan soň Pawlus selaniklilere birinji hatyny ýazýar (1 Sel. 2:17—3:7).

2 Selanikliler hem birinji hatdan biraz wagt geçensoň, belki-de, b. e. 51-nji ýylynda ýazylan bolmaly. Pawlus resul selaniklilere ýazan iki hatynda-da Timoteos bilen Silwanusyň salam ýollaýandygyny aýdýar. Silwanusa Resullar kitabynda Silas diýilýär. Pawlusyň Korinfden gaýdansoň Timoteos bilen Silasa ýene duşandygy barada hiç ýerde aýdylmaýar (Res. 18:5, 18; 1 Sel. 1:1; 2 Sel. 1:1). Pawlus selaniklilere ikinji hatyny näme üçin ýazdyka? Pawlusyň birinji hatyny selaniklilere ýetiren adam şol ýerdäki ýygnagyň, dogan-uýalaryň ýagdaýy barada gürrüň beren bolmaly. Şol sebäpli Pawlus ikinji hatynda dogan-uýalaryň biri-birini söýýändigi, kynçylyklarda çydamly bolýandygy üçin öwýär. Şeýle-de Pawlus Halypamyzyň gününiň golaýdygy barada nädogry zatlary eşiden dogan-uýalaryň garaýşyny düzedýär (2 Sel. 1:3—12; 2:1, 2).

Galatýalylara hat ýazmazyndan öň, Pawlus şol ýere azyndan iki gezek barýar. Muny galatýalylara ýazylan hatdan bilse bolýar. B. e. 47, 48-nji ýyllarynda Pawlus bilen Barnabas Pisidiýanyň Antakyýa şäherine, Ikoniýa, Listra we Derbä barypdylar. Şol ýerler Rimiň Galatýa welaýatyna degişlidi. B. e. 49-njy ýylynda Pawlus Silas bilen ýene-de şol şäherlere barýar (Res. 13:1—14:23; 16:1—6). Pawlus Galatýadan gaýdansoň, ýalan doganlar ýygnakda hökman sünnetlenmeli diýip öwredýärdiler we Musanyň kanunyna eýermegi talap edýärdiler. Pawlus ýalan doganlaryň öwredýän zatlary barada eşiden badyna galatýalylara hat ýazan bolmaly. Belki-de, Pawlus hatyny Korinfde ýazandyr. Pawlus şol hatyny Siriýadaky Antakyýa şäherinden gaýdyp gelýärkä Efesde ýa-da Antakyýanyň özünde ýazan bolmagy hem mümkin (Res. 18:18—23).

«Korinflileriň köpüsi... iman etdiler» (Resullar 18:5—8)

8, 9. Ýehudylar garşy çykanda Pawlus näme etdi? Soňra Pawlus nirede wagyz etdi?

8 Makedoniýadaky dogan-uýalar Pawlusa Silas bilen Timoteosdan gerek-ýarak zatlaryny iberýärler (2 Kor. 11:9). Şonda Pawlusyň wagyz etmegi esasy orunda goýýandygy hasam belli bolýar. Sebäbi şondan soň ol «Hudaýyň sözüni yhlasly öwredip başlaýar» (Res. 18:5). Pawlus näçe yhlasly wagyz etse-de, ýehudylar oňa garşy çykmagyny bes etmeýär. Şonuň üçin Pawlus donuny silkip: «Ganyňyz öz boýnuňyza, men günäkär däl. Indi men başga milletlilere wagyz etmäge giderin» diýýär. Pawlus şeýle diýmek bilen, halas ediji habardan ýüz öwren adamlaryň ganyndan azatdygyny görkezdi (Res. 18:6; Hyz. 3:18, 19).

9 Pawlus indi nirede wagyz ederkä? Ol sinagogada däl-de, Titiwus Ýustus atly adamyň öýünde wagyz edip başlaýar, sebäbi Ýustus oňa öýüni beripdi. Ýustus ýehudy dinine geçen bolmaly. Onuň öýi sinagoga degip durdy (Res. 18:7). Pawlus Akila bilen Priskillanyň öýünde ýaşaýardy, Ýustusyň öýünde bolsa wagyz edýärdi.

10. Pawlusyň donuny silkip gaýdansoňam ýehudylara we ýehudy dinine geçenlere wagyz edendigini nämeden bilse bolýar?

10 Pawlus: «Men başga milletlere wagyz etmäge giderin» diýipdi. Şondan soň ol hoş habary diňlemek isleýän ýehudylara we ýehudy dinine geçenlere wagyz etmedimi? Elbetde, wagyz edýär. Meselem, «sinagoga ýolbaşçysy Krispus bütin öý-içerisi bilen Halypamyza iman edýär». Onsoňam, sinagoga gelýän ýehudylaryň köpüsi Isanyň şägirdi bolandyr. Mukaddes Kitapda: «Korinflileriň köpüsi hem hoş habary eşidip, iman etdiler we suwa çümdürildiler» diýilýär (Res. 18:8). Korinfdäki täze şägirtler Titiwus Ýustusyň öýünde ýygnanyşýardylar. Eger Luka Resullar kitabyndaky wakalary hem yzygiderlikde ýazan bolsa, onda ýehudylar we ýehudy dinine geçenler Pawlus donuny silkip gaýdansoň hakykata gelendir. Diýmek, Palwus ýehudy bolsun, başga milletli bolsun hoş habary diňlemek isleýänleriň ählisine wagyz edipdir.

11. Ýehowanyň Şaýatlary Pawlusyň göreldesine eýerip hudaýhon adamlara nädip wagyz edýär?

11 Şu günler köp ýurtlarda adamlar dürli dinlere uýýarlar. Dinler olaryň durmuşuna güýçli täsir edýär. Käbir däp-dessurlar hudaýhon adamlaryň aňyna şeýle bir siňipdir welin, olar däp-dessurlary berjaý etmegi Hudaý bilen dostlugyndanam wajyp hasaplaýarlar. I asyrda Korinfdäki ýehudylar hem däp-dessurlary berjaý etmegi wajyp hasaplaýardylar. Pawlus ýaly, bizem hudaýhon adamlar bilen dil tapyşmak üçin elimizde baryny edýäris. Olara Hudaý barada bilýän zatlary esasynda öwredýäris. Dindar adamlar ýa-da olaryň ýolbaşçylary bize garşy çyksa-da, wagyz etmegimizi goýmaýarys. Sebäbi olaryň arasynda «Hudaýy razy etmek isleýän», ýöne islegine doly düşünmeýän akýürekli adamlar bar. Biz şeýle adamlary gözleýäris (Rim. 10:2).

«Şu şäherde maňa iman etjek adamlar köpdür» (Resullar 18:9—17)

12. Isa Pawlusy nädip ruhlandyrdy?

12 Bir gün Isa görnüşde Pawlusa: «Gorkma, dymma, hemişe wagyz et! Men seniň bilen, hiç kim saňa el galdyryp, zyýan ýetirip bilmez. Şu şäherde maňa iman etjek adamlar köpdür» diýdi (Res. 18:9, 10). Eger Pawlus Korinfde galsammykam ýa-da galmasammykam diýip ýaýdanan bolsa, görnüş ony ruhlandyrandyr. Halypamyzyň özi Pawlusa howp-hatardan gorajakdygyny, şäherde köp adamlaryň hoş habary kabul etjekdigini aýdýar. Pawlus görnüş görensoň, «ol ýerde bir ýarym ýyl bolup, adamlara Hudaýyň sözüni öwretdi» (Res. 18:11).

13. Höküm kürsüsiniň öňüne ýetip gelýärkä Pawlusyň näme ýadyna düşendir? Ol özüne zyýan ýetmejekdigini nireden bilýärdi?

13 Pawlusyň Korinfe gelenine bir ýyla golaý wagt geçipdi. Şonda durmuşynda bolan bir waka Halypasynyň gorajakdygyna ynamyny hasam berkidýär. Bir gün «ýehudylar bileleşip, Pawlusa garşy çykdylar. Olar Pawlusy höküm kürsüsiniň öňüne getirýärler» (Res. 18:12). Käbirleriniň aýtmagyna görä, höküm kürsüsi gök hem ak mermerden gurlup, oýulyp nagyş salnandy. Özem Korinfdäki bazaryň merkezine golaý ýerde gurlupdy. Höküm kürsüsiniň öňündäki ýer giň bolansoň, ol ýere köp adam baryp bilýärdi. Käbir taryhçylar höküm kürsüsiniň sinagogadan uzak däldigini, bary-ýogy birnäçe ädimdigini aýdýarlar. Diýmek, ol Ýustusyň öýüne-de ýakyn bolupdyr. Belki-de, Pawlusyň höküm kürsüsiniň öňüne ýetip barýarka, Stefanusyň daşlanyp öldürileni ýadyna düşendir. Stefanus Isa barada şaýatlyk edendigi üçin öldürilen ilkinji mesihçidi. Pawlus şol wagtlar Sawul diýip tanalýardy. Ol «Stefanusyň öldürilmegini» goldapdy (Res. 8:1). Indi Pawlusam şeýdip öldürerlermi? Ýok. Sebäbi Isa oňa: «Hiç kim saňa... zyýan ýetirip bilmez» diýip söz beripdi (Res. 18:10).

Galiýon zalym duşmanlaryň öňünde Pawlusyň işine seretmekden boýun gaçyrýar. Rim esgerleri gahar-gazaba münen märekäni saklajak bolýar.

«Şeýdip, ol märekäni höküm kürsüsiniň öňünden kowup goýberdi» (Resullar 18:16)

14, 15. a) Ýehudylar Pawlusa nähili töhmet atdylar? Galiýon näme üçin ýehudylaryň tarapyny tutmady? b) Sostenise näme boldy? Ol nädip Isanyň şägirdi bolan bolmaly?

14 Pawlus höküm kürsüsiniň öňüne getirilensoň näme boldy? Indi meseläni häkim çözmelidi. Şol wagt Ahaýýanyň welaýat häkimi Galiýondy. Ol rim filosofy Senekanyň uly agasydy. Ýehudylar Pawlusy: «Ol halky kanuny bozduryp, Hudaýa sežde etdirjek bolýar» diýip aýyplaýardylar (Res. 18:13). Olar: «Pawlus adamlary öz dinine geçirjek bolup, kanuny bozýar» diýdiler. Ýöne Galiýon jenaýata çeker ýaly Pawlusyň hiç hili «erbet iş» etmändigine düşünýär (Res. 18:14). Şonuň üçinem ýehudylaryň gozgalaňyna goşulasy gelmeýär. Pawlus söze başlamanka, Galiýon ony gorap karar çykarýar. Ýehudylar gahardan ýaňa ýarylaýjak bolup durdy. Olar Krispusyň ýerine geçen «sinagoga ýolbaşçysy Sostenisi tutup, höküm kürsüsiniň öňünde urup başladylar» (Res. 18:17).

15 Ýehudylar Sostenisi urup durka Galiýon näme üçin goşulmady? Belki-de, ol: «Halka ot beren Sostenis bolmaly. Goý, ol almytyny alsyn» diýip pikir edendir. Sostenis gozgalaňyň başyny başlamadygam bolsa, şol waka gowy netije berdi. Şondan birnäçe ýyl soň Pawlus Korinfdäki ýygnaga birinji hatyny ýazanda Sostenis atly bir doganyň adyny agzaýar (1 Kor. 1:1, 2). Ol Korinfde taýak iýen Sostenis bolmaly. Şol gezekki gynançly ýagdaý Sostenise Isanyň şägirdi bolmaga kömek edendir.

16. Isanyň Pawlusa aýdan sözleri bizi näme etmäge höweslendirýär?

16 Ýehudylar Pawlusa garşy çykanda Isa: «Gorkma, dymma, hemişe wagyz et! Men seniň bilen» diýip, ony ruhlandyrypdy (Res. 18:9, 10). Bizem wagyzda adamlar garşy çykanda Isanyň şol sözlerini ýada salmaly. Şeýle-de Ýehowanyň adamlaryň ýüregini görýändigini, akýürekli adamlar bilen dostlaşýandygyny ýatdan çykarmaly däl (1 Şam. 16:7; Ýah. 6:44). Şonda Hudaýy gözleýän adamlary tapmaga höwesimiz gaçmaz, yhlasly wagyz ederis. Her ýyl ýüz müňlerçe adamlar, her gün ýüzlerçe adamlar suwa çümdürilýär. Isa «ähli halklardan şägirt taýýarlaýan» mesihçilere: «Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» diýip wada berýär (Mat. 28:19, 20).

«Ýehowa islese» (Resullar 18:18—22)

17, 18. Pawlus Efese gidip barýarka näme hakda oýlanan bolmaly?

17 Belki-de, Galiýon Pawlusyň arkasyny alansoň, Korinfdäki dogan-uýalara biraz wagt hiç kim azar beren däldir. Nähili bolaýanda-da, Pawlus Korinfden gitmänkä, ol ýerde ýene biraz wagt galýar. B. e. 52-nji ýylynyň ýazynda Pawlus resul Kenharaý gämi duralgasyndan Siriýa ýola düşýär. Kenharaý Korinfden takmynan 11 kilometr gündogarda ýerleşýärdi. Pawlus «Hudaýa beren wadasyny berjaý etmek üçin Kenharaýda saçyny aldyrýar»c (Res. 18:18). Ondan soň Pawlus Akila hem Priskilla bilen Egeý deňziniň üstünden geçip, Kiçi Aziýadaky Efes şäherine gidýär.

18 Pawlus Kenharaýdan gidip barýarka, Korinfde bolan wakalary ýatlandyr. Ol Korinfdäki ýakymly pursatlary ýatlap, ýylgyranyny duýman galandyr. Bir ýarym ýylyň içinde ol Ýehowadan köp bereketleri aldy. Korinf şäherinde ilkinji ýygnak döredi. Ol Ýustusyň öýünde geçirilýärdi. Şeýle-de Ýustus, Krispus bilen öý içerisi we başga-da köpler hakykata geldiler. Pawlus olary gowy görýärdi, sebäbi olara Isa iman etmäge kömek edipdi. Pawlus Korinfdäki dogan-uýalary ýüregine ýazylan hata meňzetdi. Biz Ýehowany tanamaga kömek eden adamlarymyzy gowy görýäris. Olaram biziň ýüregimize ýazylan hata meňzeýär. Şeýle dogan-uýalary görmek örän ýakymly (2 Kor. 3:1—3).

19, 20. Pawlus Efese gelen badyna näme etdi? Ruhy maksatlara ýetmek babatda Pawlusdan näme öwrenýäris?

19 Pawlus Efese baran badyna wagyz edip başlaýar. Ol «sinagoga gidip, ýehudylar bilen söhbetdeş bolýar» (Res. 18:19). Ýöne Pawlus Efesde köp galmaýar. Dogan-uýalar näçe haýyş etse-de, «ol razy bolmaýar». Ol Efesdäki dogan-uýalar bilen hoşlaşyp: «Ýehowa islese, men ýene-de gelerin» diýýär (Res. 18:20, 21). Pawlus Efesde hakykaty eşitmedik adamlaryň köpdügini bilýärdi. Eger Ýehowa ýol berse, ýene-de Efes şäherine gelmek isleýärdi. Ol bize ajaýyp görelde galdyrdy. Bizem ruhy maksatlara ýetmek üçin ilkinji ädimi özümiz ätmeli. Ýöne hemişe Ýehowanyň görkezmesine bil baglamaly we islegine görä hereket etmeli (Ýak. 4:15).

20 Akila bilen Priskilla Efesde galýar, Pawlus bolsa Kaýsariýa ýola düşýär. Soňra ol Iýerusalime baryp, şol ýerdäki ýygnaklary görýär (Res. 18:22). Ondan soň Pawlus Siriýadaky Antakyýa gelýär. Ol wagyz syýahatyna gitmedik wagty şol ýerde ýaşaýardy. Şeýdip, Pawlus ikinji wagyz syýahatyny sag-aman tamamlady. Onuň soňky wagyz syýahatynda nähili wakalar bolýar? Muny indiki baplardan bileris.

PAWLUSYŇ WADASY

Resullar 18:18-de Pawlusyň «Hudaýa beren wadasyny berjaý etmek üçin Kenharaýda saçyny aldyrandygy» aýdylýar. Ol nähili wada berdikä?

Wada bir işi etmek, gurbanlyk ýa sadaka bermek, belli bir hyzmaty ýerine ýetirmek üçin Hudaýa söz bermegi aňladýar. Käbirleri Pawlus resul nezirlik wadasyny berjaý etmek üçin saçyny aldyrandyr öýdýärler. Ýöne Mukaddes Kitaba görä, Ýehowa aýratyn gullugy berjaý etmegi söz beren adam nezirlik döwri tamamlanansoň, «ýygnak çadyrynyň agzynda» saçyny syrdyrmalydy. Nezirler şol tabşyrygy diňe Iýerusalimde edip bilýärdi. Pawlus resul bolsa Kenharaýdady. Diýmek, onuň beren wadasy nezirlik wadasy däldi (4 Mus. 6:5, 18).

Resullar kitabynda Pawlusyň haçan wada berendigi barada hiç zat aýdylmaýar. Belki-de, ol mesihçi bolmazyndan öň Hudaýa wada berendir. Şeýle-de Mukaddes Kitapda Pawlusyň Ýehowadan aýratyn gulluga bellemegi haýyş edendigi hakda hiç zat aýdylmaýar. Mukaddes Kitaby öwrenýän bir alym Pawlusyň näme üçin saçyny aldyrandygy barada şeýle diýýär: «Ýehowa Pawlusa Korinf şäherinde wagyz etmäge kömek edipdir we ony gorapdyr. Pawlus resulam Hudaýa minnetdarlyk hökmünde saçyny aldyrypdyr».

a «Iki deňziň eýesi — Korinf» diýen çarçuwa serediň.

b «Pawlusyň ruhlandyryjy hatlary» diýen çarçuwa serediň.

c «Pawlusyň wadasy» diýen çarçuwa serediň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş