102-nji aýdym
Geliň, Patşalyk aýdymyny aýdalyň!
1. Geliň, bile wasp edeliň Hudaýy,
Ýaňlandyryp ýeňiş aýdymyny.
Umyt berýär bu aýdymyň her sözi,
Unudalyň ähli gaýgy-gamy.
(GAÝTALAMAK)
Hak Hudaýa baş egeliň,
Oň adyny wasp edeliň.
Geliň, indi öwrenip bu aýdymy,
Ýehowany has-da beýgeldeliň.
2. Goý, bu aýdym wasp etsin Patşalygy,
Indi Isa ýer ýüzüniň Şasy.
Döredildi Hudaýyň täze halky,
Isa bilen höküm sürer baky.
(GAÝTALAMAK)
Hak Hudaýa baş egeliň,
Oň adyny wasp edeliň.
Geliň, indi öwrenip bu aýdymy,
Ýehowany has-da beýgeldeliň.
3. Bu aýdyma maýyl bolar pespäller.
Muň sözleri aýdyň hem ýakymly.
Muny indi köp adamlar öwrener,
Galkyndyrar Hudaýyň halkyny.
(GAÝTALAMAK)
Hak Hudaýa baş egeliň,
Oň adyny wasp edeliň.
Geliň, indi öwrenip bu aýdymy,
Ýehowany has-da beýgeldeliň.
(Şeýle-de Zeb. 95:6; 1 Pet. 2:9, 10; Ylh. 12:10 serediň.)