86-njy aýdym
Wepaly zenanlar
1. Sara we Ester, Merýem, Rut — zenanlar,
Olar ömürboýy galdy wepaly.
Şeýdip, Ýehowany etdiler razy,
Bize tanyş olaň hersiniň ady.
Şolar ýaly başgalar hem bardy,
Emma ol zenanlaň
Ýazylmandyr ady.
2. Wepaly, ýumşak, pespäl hem mert bolmak,
Gözel görk beripdi şol zenanlara,
Bu bolsa ýaraýar bar ynsanlara,
Hemmämiz olardan nusga almaly.
Uýalar hem şol zenanlar ýaly,
Her zatda edýärler,
Ýehowany razy.
3. Eneler, gyzlar, gelinler, uýalar,
Ellerňiz gyzyl gül, zähmetsöýer siz.
Pespäl hem ýuwaş siz, päkdir kalbyňyz,
Goý, Ýehowa size bersin güýç-kuwwat.
Mähribanlar ediň biraz gaýrat,
Hudaý size tizden,
Berer uly sowgat.
(Şeýle-de Flp. 4:3; 1 Tim. 2:9, 10; 1 Pet. 3:4, 5 serediň.)