131-nji aýdym
Ýehowa — Halasgärimiz
1. Eý Ýehowa, hiç kim ýokdur seniň kimin.
Güýjüňi görkezýär, deňiz, asman, zemin.
Ine, tizden ýok bolar ähli duşman, ýok güman.
Çäksiz güýjüň seniň.
(GAÝTALAMAK)
Ýehowa Beýik Gaýam, bolýaň pena.
Merhemet tapar kim etse saňa sena.
Taryplarys adyňy seniň, mertlik bilen,
Wasp ederis halasgärmizi, çyn ýürekden.
2. Ölüm tanaplary saralsa-da maňa,
Eý Hudaý, ber kuwwat, ýalbarýaryn saňa.
Eşidip meň sesimi eýle azat; et halas.
Galam, Gaýam meniň.
(GAÝTALAMAK)
Ýehowa Beýik Gaýam, bolýaň pena.
Merhemet tapar kim etse saňa sena.
Taryplarys adyňy seniň, mertlik bilen,
Wasp ederis halasgärmizi, çyn ýürekden.
3. Tizden Hudaý gazap atyna atlanar.
Oň halky şatlanar, sandyrar duşmanlar.
Ine, tizden zalymlar çeker arman, ýok güman.
Meniň gaýam Hudaý.
(GAÝTALAMAK)
Ýehowa Beýik Gaýam, bolýaň pena.
Merhemet tapar kim etse saňa sena.
Taryplarys adyňy seniň, mertlik bilen,
Wasp ederis halasgärmizi, çyn ýürekden.
(Şeýle-de Zeb. 18:1, 2; 144:1, 2 serediň.)