3-NJI BÖLÜM
Bütindünýä tupany
Hudaý zalym dünýäni ýok edende, Nuhy we onuň maşgalasyny halas edýär
ÝER ÝÜZÜNDE adamlaryň köpeldigiçe, günä we zalymlyk hem gün saýyn artýar. Şeýle döwürde Hanok atly bir pygamber ýaşapdy. Ol adamlara Hudaýyň zalym dünýäni ýok etjekdigini duýdurýar. Perişdeleriň käbiri Ýehowa garşy pitne turuzdylar. Olar gökdäki mesgenini terk edip, adam keşbine girdiler we açgözlük edip, özlerine aýal aldylar. Perişdeleriň ynsanlar bilen jynsy gatnaşyk etmegi nädogrudy. Şol sebäpli olardan ägirt uly adamlar döreýär. Şeýlelikde, ýer ýüzünde zorluk we gandöküşiklik has-da köpelýär. Hudaý ýaradan adamlarynyň gözgyny ýagdaýyny görüp, olara ýüregi awaýar.
Hanok aradan çykansoň, zalym ynsanlar arasynda bir dogry adam bardy. Ol Nuhdy. Nuh we onuň maşgalasy Hudaýyň nazarynda dogry bolmaga çalyşýardy. Hudaý zalym adamlary ýok etmegi ýüregine düwýär, ýöne Nuhy we janly-jandarlary halas etmek isleýär. Hudaý oňa uly gönüburçly gämi ýasamagy tabşyrýar. Ol Nuhuň maşgalasyny we haýwanlary Tupandan halas etmek üçin, gämä girmegi buýurýar. Nuh Hudaýa gulak asyp, 40-50 ýylyň içinde gämini ýasap gutarýar. Şeýle-de ol «dogrulyk wagyzçysy» bolýar, ýagny adamlara Tupanyň boljakdygyny duýdurýar, emma olar gulak asmaýarlar (2 Petrus 2:5). Nuhuň maşgalasy, janly-jandarlar gämä girende, Hudaý onuň gapysyny ýapýar we ýagyş ýagyp başlaýar.
Ýagyş kyrk gije-gündizläp ýagýar we ýer ýüzüni sil alýar. Erbet adamlar ýok bolýar. Birnäçe aý geçensoň, suw kem-kemden çekilip, gämi dagyň depesinde durýar. Bir ýyl geçensoň, gämidäki ähli ynsanlar we janly-jandarlar sag-aman gury ýere çykýarlar. Nuh Ýehowa Hudaýa minnetdarlyk bildirip, mal gurbanyny berýär. Hudaý berlen gurbany kabul edip, indi ýer ýüzüni hiç haçan sil bilen heläk etmejekdigini wada edýär. Ýehowa Hudaý teselli beriji wadasyny ýatlatmak üçin älemgoşar görkezýär.
Tupandan soňra Hudaý adamlara başga-da täze tabşyryk berýär. Ol malyň etini iýmäge rugsat edýär, ýöne eti gany bilen iýmeli däldi. Şeýle-de Hudaý Nuhuň nesillerine köpelip, ýer ýüzüne ýaýramagy tabşyrýar. Emma adamlaryň käbiri bu tabşyryga gulak asmaýarlar. Olar Nemrodyň ýolbaşçylygynda Babyl şäherinde beýik minara gurup başlaýarlar. Olar Hudaýyň tabşyrygyny bilgeşleýin ýerine ýetirmeýärler. Pitneçiler biri-birine düşünmez ýaly, Hudaý olaryň dilini garyşdyrýar we olar dürli dilde gepläp başlaýarlar. Şeýlelikde, olar minara gurmagyny goýup, ýer ýüzüne dargaýarlar.
Gelip çykyş kitabynyň 6—11-nji baplaryna we Ýahuda 14, 15-nji aýatlara esaslanýar.