Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bm böl. 11 sah. 14
  • Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan aýdymlar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan aýdymlar
  • Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
  • Meňzeş maglumat
  • Zebur kitabynyň birinji bölüminden peýdaly pikirler.
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Zebur kitabynyň bäşinji bölüminden peýdaly pikirler
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Zebur kitabynyň ikinji bölüminden peýdaly pikirler.
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Zebur kitabynyň üçünji we dördünji bölüminden peýdaly pikirler
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
bm böl. 11 sah. 14
Dawut pygamber arfa çalýar we aýdym aýdýar

11-NJI BÖLÜM

Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan aýdymlar

Dawut we başga adamlar Hudaýa sežde edende aýdylýan mezmurlary ýazdylar. Şeýle aýdymlaryň 150 sanysy Zebur kitabynda ýerleşdirilen

MUKADDES ÝAZGYLARDAKY iň uly kitap — mukaddes aýdymlar ýygyndysy. Bu kitap müň ýylyň dowamynda ýazylýar. Mezmurlarda Hudaýa bolan iman örän täsirli sözler bilen beýan edilýär. Olarda ynsanyň ähli duýgusy: şatlygy, begenji, minnetdarlygy, gynanjy, gam-gussasy we toba edişi aýdyň görkezilýär. Görşümiz ýaly, mezmurçylar Hudaý bilen ýakyn dostlukly gatnaşykda bolupdyrlar. Geliň, häzir bu liriki eserlerde nähili temalaryň beýan edilendigine seredeliň.

Ýehowa — doly hukukly Hökümdar, ol seždä we şöhrata mynasyp. Biz Zebur 83:18-de şeýle sözleri okaýarys: «Seniň adyň Reb, bütin dünýäniň üstünde diňe Sen hemmelerden beýiksiň». Mezmurlaryň käbirinde Ýehowa ýaradan zatlary üçin şöhratlandyrylýar, meselem: ol ajaýyp tebigaty, ýyldyzly asmany we ynsany täsin tärde ýaratdy (Zebur 8, 19, 139, 148). Başga mezmurlarda bolsa, Ýehowa Hudaýa wepaly gullukçylaryny goraýany üçin alkyş aýdylýar (Zebur 18, 97, 138). Şeýle-de Ýehowa adalatly Hudaý hökmünde beýgeldilýär, çünki ol horluk çekýänlere teselli berip, zalymlary bolsa höküm eder (Zebur 11, 68, 146).

Ýehowany söýýän adamlar kömek we teselli tapýar. 23-nji mezmur iň belli mezmurlaryň biri bolmaly. Bu mezmurda Dawut Ýehowany goýunlaryny ugrukdyrýan, goraýan we aladasyny edýän söýgüli Çopan hökmünde suratlandyrýar. Zebur 65:2-de Hudaýyň gullukçylaryna Ýehowanyň «dogalary eşidýändigi» ýatladylýar. Agyr günä eden adamlar 39-njy we 51-nji mezmurdan köp teselli tapyp bilerler. Olarda Dawut eden agyr günäsi üçin ýürekden toba edýär we Ýehowanyň merhemetine bil baglaýar. Zebur 55:22-de Ýehowa bil baglap, ähli aladaňy onuň üstüne taşlamak barada maslahat berilýär.

Ýehowa Mesihi Patyşalyk arkaly dünýäni özgerder. Mesih barada ençeme mezmurda pygamberlik edilýär. 2-nji mezmurda bu Hökümdaryň oňa garşylyk görkezýän zalym milletleri ýok etjekdigi aýdylýar. 72-nji mezmurda bu Patyşanyň açlygyň, adalatsyzlygyň we zulumyň soňuna çykjakdygy barada beýan edilýär. Zebur 46:9-a görä, Mesihi Patyşalyk arkaly Hudaý uruşlary we ähli ýaraglary ýok eder. 37-nji mezmurda bolsa biz zalym adamlaryň ýok edilip, dogry adamlaryň ýer ýüzünde bol parahatlykda we agzybirlikde ebedi ýaşajakdygy barada okaýarys.

Zebur kitabyna esaslanýar.

  • Zeburda Ýehowanyň doly hukukly Hökümdardygy nädip tassyklanylýar?

  • Haýsy mezmurlarda Ýehowany söýýän adamlaryň kömek we teselli tapýandygy aýdylýar?

  • Zebur kitabyna görä, Ýehowa dünýäni nädip özgerder?

SÜLEÝMANYŇ AÝDYMY

Süleýmanyň aýdymy kitabynda patyşa ummasyz baýlygy bilen-de owadan gyzyň ýüregini awlap bilmändigi barada beýan edilýär. Patyşa her näme etse-de, ol gyzyň söýgüsini gazanyp bilmedi, çünki gyz çopan ýigidi söýýärdi. Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan bu aýdymda aşyk juwanlaryň edepli bolmalydygy görkezilýär. Çopan ýigidi bilen gyz özlerine erk edip, ahlak taýdan arassalygy saklap, söýgüsine wepaly galýarlar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş