Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • hf böl. 9 sah. 29—31
  • Ýehowa maşgala bolup gulluk ediň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa maşgala bolup gulluk ediň
  • Siziň maşgalaňyz bagtly bolup biler
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • 1 ÝEHOWA BILEN DOSTLUGYŇYZY BERKIDIŇ
  • 2 MAŞGALA OKUWYNY GEÇIRIŇa
  • Maşgalalar üçin berlen sowgat
    Hudaýa gullugymyz — 2011
  • Maşgala okuwy näme üçin geçirilýär?
    Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
  • Siz maşgala okuwyny gyzykly geçirip bilermisiňiz?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Ýehowa sežde etmek şatlygyňa şatlyk goşýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
Başgalary
Siziň maşgalaňyz bagtly bolup biler
hf böl. 9 sah. 29—31
Är-aýal bile Mukaddes Ýazgylary okaýar

9-NJY BÖLÜM

Ýehowa maşgala bolup gulluk ediň

«Gögi we ýeri Ýaradana sežde ediň!» (Ylham 14:7).

Siz şu broşýurada özüňize we maşgalaňyza kömek edýän Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleriniň bardygyna üns berensiňiz. Ýehowa siziň bagtly bolmagyňyzy isleýär. Siz Hudaýa gulluk etmegi durmuşda birinji orunda goýsaňyz, ol size ähli gerekli zatlary berer (Matta 6:33). Hudaý siziň bilen dostlaşmak isleýär. Onuň bilen dostlugyňyzy berkitmek üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanyň. Hudaýyň dosty bolmak örän uly hormat! (Matta 22:37, 38).

1 ÝEHOWA BILEN DOSTLUGYŇYZY BERKIDIŇ

Är-aýal bile wagyz edýär

MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR: «Her zady başarýan Reb: „Men siziň Ataňyz bolaryn, siz hem Meniň ogul-gyzlarym bolarsyňyz“ diýýär» (2 Korintoslylar 6:18). Hudaý siziň özüniň iň ýakyn dosty bolmagyňyzy isleýär. Şol sebäpli oňa ýakynlaşmak üçin doga ediň. Ýehowa siziň «dyngysyz doga» etmegiňizi isleýär (1 Selanikliler 5:17). Ol siziň içki duýgularyňyzy we gaýgy-aladalaryňyzy ünsli diňleýär (Filipililer 4:6). Eger siz maşgala agzalaryňyz bilen bile doga etseňiz, olar siziň Hudaý bilen dostlugyňyzyň berkdigine göz ýetirerler.

Şeýle-de Hudaý bilen gürleşeniňizde, onuň aýdýanlaryny hem diňlemeli. Munuň üçin siz Hudaýyň Sözüni we oňa esaslanan edebiýatlary okap bilersiňiz (Zebur 1:1, 2). Okan zatlaryňyz barada oýlanyň (Zebur 77:11, 12). Hudaýyň aýdýan zatlaryny diňlemek üçin mesihçiler ýygnagyna yzygider barmaly (Zebur 122:1—4).

Şeýle-de Ýehowa bilen dostlugyňy berkitmek üçin adamlara ol barada gürrüň bermek hem wajyp. Siz Hudaý barada adamlara näçe köp gürrüň berseňiz, oňa has-da ýakynlaşarsyňyz (Matta 28:19, 20).

MASLAHAT

  • Her gün Mukaddes Ýazgylary okamaga we doga etmäge wagt tapyň

  • Maşgalaňyzda göwün açmak ýa dynç almak däl-de, ruhy zatlar birinji orunda bolsun

2 MAŞGALA OKUWYNY GEÇIRIŇa

Kakasy maşgalasy bilen bile maşgala okuwyna taýýarlanýar we olar maşgala okuwyny geçirip şatlanýarlar

MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR: «Hudaýa ýakynlaşyň, Ol hem size ýakynlaşar» (Ýakup 4:8). Siz maşgala okuwyny yzygider geçirip biler ýaly gowy gün tertibini düzmeli (Gelip çykyş 18:19). Emma diňe maşgala okuwy ýeterlik däl. Hudaýy durmuşyňyzda birinji orunda goýuň. Hudaý barada «öýde-de, ýolda-da, ýatanyňyzda-turanyňyzda» gürrüň edip, maşgalaňyzyň Hudaý bilen dostlugyny berkidiň (Kanun taglymaty 6:6, 7). Siz hem «hojalygym bilen men bolsa Rebbe gulluk etjekdirin» diýen Ýeşuwadan görelde alyň (Ýeşuwa 24:15).

MASLAHAT

  • Maşgala agzalaryňyzyň her biriniň zerurlyklaryny göz öňünde tutup, maşgala okuwyny yzygider geçiriň

Ejesi ogluna kitap okap berýär; maşgala agzalary Mukaddes Ýazgylardan bir wakany sahnalaşdyrýarlar; kakasy gyzy bilen bile öwrenýä

a Ýehowanyň Şaýatlary her hepde maşgala agzalary bilen bile Mukaddes Ýazgylary öwrenýärler

ÝEHOWANYŇ GULLUKÇYLARY BAGTLY

Ýehowa Hudaýa gulluk etseňiz, bagtly bolarsyňyz. Ol siziň we maşgalaňyzyň özüne akýürekden gulluk edýändigiňize begenýär. Siz Ýehowa gulluk etmegi dowam etseňiz, oňa bolan söýgiňiz artar we onuň göreldesine has gowy eýerip bilersiňiz (Markus 12:30; Efesliler 5:1). Hudaý maşgalaňyzda esasy orun tutsa, maşgalaňyz has-da berkär (Wagyz kitaby 4:12; Işaýa 48:17). Siz Ýehowanyň özüňize we maşgalaňyza bereket berýändigini görüp, ebedi şatlanarsyňyz (Kanun taglymaty 12:7).

ÖZÜŇIZE ŞEÝLE SORAGLARY BERIŇ:

  • Men ýanýoldaşym bilen Hudaýa haçan soňky sapar bile doga etdim?

  • Men maşgala agzalarymyň Ýehowa imanyny berkitmek üçin maşgala okuwynda näme geçip bilerin?

MAŞGALABAŞY ÜÇIN BELLIK

  • Maşgala okuwyny geçirmäge hiç zat päsgel bermesin

  • Maşgala agzalaryňyz taýýarlanyp biler ýaly olara näme barada pikir alyşjakdygyňyzy öňünden aýdyň

  • Okuwy maşgala agzalaryňyzyň her biri üçin amatly wagtda geçiriň

  • Maşgala okuwyny hemmelere gyzykly bolar ýaly edip geçiriň

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş