Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 6 sah. 20—sah. 21 abz. 8
  • Wada edilen çaga

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Wada edilen çaga
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Ol «ähli aýdylan zatlary ýüreginde saklady»
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • «Men Ýehowanyň gyrnagydyryn!»
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Durmuşa çykmadyk Merýem göwreli bolýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 6 sah. 20—sah. 21 abz. 8
Şimgon Ýusup bilen Merýemi tapyp eline bäbegi alýar, Anna hem bäbegi görýär

6-NJY BAP

Wada edilen çaga

LUKA 1:26—33; 2:21—38

  • ISANY SÜNNETLEÝÄRLER WE YBADATHANA GETIRÝÄRLER

Ýusup bilen Merýem Nazarete gitmän Beýtullahamda galýar. Isanyň doglanyna sekiz gün bolanda, olar Hudaýyň ysraýyllylara beren Kanunyna görä, ony sünnetlediler (Lewiler 12:2, 3). Şeýle-de däp boýunça çaga şol gün at dakylýardy. Ýusup bilen Merýem Jebraýyl perişdäniň aýdyşy ýaly, ogluna Isa diýen ady dakýar.

Bir aýdan gowrak wagt geçip, Isanyň doglanyna 40 gün bolupdy. Ýusup bilen Merýem ony Iýerusalimdäki ybadathana alyp barýar. Iýerusalim olaryň ýaşaýan ýerinden birnäçe kilometr uzaklykda ýerleşýärdi. Kanuna görä, oglan bäbek doglansoň, 40 gün diýlende çaganyň ejesi ybadathana gelip, tämizlenmek üçin gurban bermelidi (Lewiler 12:4—8).

Merýem aýdylyşy ýaly-da edýär. Ol iki sany guşy gurban getirýär. Bu bolsa Ýusup bilen Merýemiň garyp ýaşaýandygyny görkezýärdi. Aslynda, Kanun boýunça bir ýaşyna ýetmedik guzy we kepderi gurban getirilmelidi. Eger aýalyň ýagdaýy bolmasa, onda gurban hökmünde iki gumry ýa-da iki kepderi bermelidi. Merýemiň hem gurby çatmansoň, şu zatlary getirýär.

«OLARYŇ TÄMIZLENMELI GÜNLERI TAMAMLANANDA»

Ýusup bilen Merýem şol gün ybadathanada bolan zatlary görüp wada edilen Mesihiň Isadygyny göz ýetirdiler

Ysraýylda aýal çaga dogransoň, däp boýunça birnäçe wagtlap hapa hasaplanýardy. Şol günler tamamlanansoň, ol tämizlenmek üçin ýakma gurbanyny getirmelidi. Bu zatlar bikämilligiň we günäniň nesilden-nesle miras geçýändigini ýatladýardy. Emma Isa kämil we mukaddesdi (Luka 1:35). Muňa garamazdan, Merýem bilen Ýusup Kanuna laýyklykda, tämizlenmek üçin çagasyny ybadathana getirýärler (Luka 2:22).

Ybadathanada Ýusup bilen Merýemiň ýanyna Şimgon atly bir gartaşan adam gelýär. Ýehowa oňa dünýäden ötmezinden öň wada edilen Mesihi görjekdigini aýan edipdi. Şol gün Şimgon mukaddes ruhuň täsiri bilen ybadathanada eli bäbekli duran Ýusup bilen Merýemi tapyp, olaryň ýanyna gelýär. Şonda Şimgon çagany eline alýar.

Ol Isany gujagyna alyp, şeýle sözler bilen Hudaýa minnetdarlyk aýdýar: «Eý Älemiň Hökümdary, sen aýdyşyň ýaly, öz guluňa dünýäden rahat gitmäge mümkinçilik berýärsiň. Sebäbi gözlerim seniň halas edişiňi görýär. Sen ony ähli halklar üçin taýýarlapdyň. Ol milletleriň gözünden perdäni aýyrýan nurdur we öz halkyň ysraýylyň şöhratydyr» (Luka 2:29—32).

Ýusup bilen Merýem bu sözleri eşidip, haýran galýarlar. Soňra Şimgon olary patalaýar we ejesine: «Çaga zerarly Ysraýylda köpler ýykylar, köpler dikeler» diýýär. Şeýle-de ol Merýemiň özüniň hem ýüregine gylyç sanjylan ýaly, ejir çekjekdigini aýdýar (Luka 2:34).

Ybadathanada 84 ýaşly Anna atly bir pygamber aýal hem bardy. Ol ybadathanadan gitmän, ol ýerde mukaddes gullugy berjaý edýärdi. Edil şol wagt ol Ýusup, Merýem we Isanyň ýanyna barýar. Ol Hudaýa minnetdarlyk aýdyp, diňlemek isleýän adamlaryň ählisine Isa hakda gürrüň berip başlaýar.

Göz öňüne getiriň, Ýusup bilen Merýem şol gün ybadathanada bolan zatlary görüp, nähili begenendirler! Dogrudanam, bularyň bary wada edilen Mesihiň Isadygyny tassyklaýardy.

  • Ysraýylda oglan çaga doglanda, däbe görä oňa haçan at dakylýardy?

  • Oglan bäbegiň doglanyna 40 gün bolanda, ejesi näme etmelidi? Merýemiň getiren gurbany nämäni görkezýärdi?

  • Ybadathanada Isanyň ýanyna kimler barýar we olar onuň Mesihdigini nädip görkezýärler?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş