Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 55 sah. 134—sah. 135 abz. 10
  • Isanyň sözleri köpleriň gaharyny getirýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isanyň sözleri köpleriň gaharyny getirýär
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Ebedi ýaşamak üçin näme etmeli?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Isa — «ýaşaýyş çöregidir»
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Mukaddes Kitapda gan goýbertmek barada näme diýilýär?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 55 sah. 134—sah. 135 abz. 10
Isa 12 resulyň biriniň töhmetçi boljagyny aýtdy ol Iuda Iskariot barada aýdýardy

55-NJI BAP

Isanyň sözleri köpleriň gaharyny getirýär

ÝAHÝA 6:48—71

  • ISANYŇ BEDENINI IÝMEGIŇ WE GANYNY IÇMEGIŇ MANYSY

  • KÖPLER BÜDRÄP, ISANYŇ YZYNA EÝERMEGINI BES EDÝÄR

Isa Kapernaumyň sinagogasynda özüniň gökden gelen hakyky çörekdigi barada öwredýär. Ol bu barada Jelile deňziniň gündogar tarapyndan gaýdyp gelen adamlara-da gürrüň beripdi. Şonda olary çörek bilen balykdan hem doýrupdy.

Isa gürrüňini şeýle dowam edýär: «Men ýaşaýyş çöregidirin. Siziň ata-babalaryňyz çölde manna iýseler-de, barybir öldüler». Soňra ol aýdanlaryny düşündirip: «Men gökden gelen ýaşaýyş çöregidirin. Bu çörekden iýen ebedi ýaşar; aslynda, çörek meniň adamzat üçin berjek bedenimdir» diýýär (Ýahýa 6:48—51).

Ýadyňyzda bolsa, b. e. 30-njy ýylynyň ýaz aýynda Isa Nikodimos bilen gürrüňdeş bolupdy. Şonda ol Hudaýyň adamlary güýçli söýýändigi üçin, özüniň Ogluny Halasgär hökmünde iberendigini aýdypdy. Häzir bolsa Isa öz bedeniniň iýilmeginiň, ýagny onuň berjek töleg gurbanyna iman etmegiň wajypdygyny aýdýar. Diňe şonda ebedi ýaşaýşa gowşup bolýar.

Emma adamlar onuň aýdýanlary bilen ylalaşmaýarlar. Olar: «Bu adam nädip bedenini iýmäge berjek bolýarka?» diýýärler (Ýahýa 6:52). Isa bedeni we gany hakda göçme manyda aýdýandygyna olaryň düşünmeklerini isleýärdi. Muny Isanyň indiki aýtjak sözlerinden görse bolýar.

«Ynsan Oglunyň bedenini iýmeseňiz we ganyny içmeseňiz, ýaşaýşa gowşup bilmersiňiz. Meniň bedenimi iýip, ganymy içýän adam ebedi ýaşaýşa gowşar... sebäbi meniň bedenim hakyky iýmitdir, ganym bolsa hakyky içgidir. Bedenimi iýýän we ganymy içýän adam meniň bilen birlikdedir» (Ýahýa 6:53—56).

Bu sözleri eşiden ýehudylaryň depe saçy hüžžerendir. Olaryň pikiriçe, Isa adamhor bolmagy maslahat berýär, ýagny gan iýip, Hudaýyň Kanunyny bozmaga iterýär (Gelip çykyş 9:4; Lewiler 17:10, 11). Emma Isa göni manyda bedenini iýmegi ýa-da ganyny içmegi göz öňünde tutmaýardy. Aslynda, ol ebedi ýaşamak isleýän adamlaryň ählisiniň onuň töleg gurbanyna, ýagny ynsan bedenini gurban edip, dökjek ganyna iman etmelidigini aýtjak bolýardy. Gynansak-da, Isanyň şägirtleriniň köpüsi-de bu sözlere düşünmeýär. Olaryň käbiri: «Bu sözler kabul ederden agyr; ony diňlär ýaly däl-ä» diýýär (Ýahýa 6:60).

Isa şägirtleriniň nägile bolýandyklaryny duýup, olara şeýle diýýär: «Siz meniň aýdanlaryma büdreýärsiňizmi? Onda siz Ynsan oglunyň öňki ýerine dolanyp barýandygyny görmeli bolaýsaňyz näme edersiňiz?... Size aýdan zatlarymy mukaddes ruh arkaly aýdandyryn we olar ýaşaýyş berýändir. Ýöne siziň käbiriňiz ynanmaýarsyňyz». Şondan soň şägirtleriniň köpüsi Isadan ýüz öwrüp, gaýdyp onuň yzyna eýermeýärler (Ýahýa 6:61—64).

Şonda Isa 12 resulyna ýüzlenip, olardan: «Siziň hem gidesiňiz gelýärmi?» diýip soraýar. Simun Petrus şeýle jogap berýär: «Halypam, biz nirä gideli? Ebedi ýaşaýyş berýän sözler sende ahyryn. Biz saňa iman etdik, seniň Hudaýyň Mukaddes gullukçysydygyňa göz ýetirdik» (Ýahýa 6:67—69). Petrus we beýleki resullar Isanyň taglymatyna doly düşünmeseler-de, ondan ýüz öwürmediler. Ine, wepalylyk diýip şuňa aýdaýsaň!

Petrusyň beren jogaby Isanyň göwnünden turýar. Emma Isa olara: «Men siziň 12-ňizi saýlamanmydym? Emma biriňiz töhmetçidir» diýýär (Ýahýa 6:70). Ol Iuda Iskariot hakda aýdýardy. Şu ýerde Isa Iuda Iskariotyň nädogry ýola düşendigini bilen bolmaly.

Her näme-de bolsa, Isa Petrusyň we beýleki resullaryň ondan ýüz öwürmändigine we mundan beýläk-de halas ediji işe gatnaşjakdygyna begenýärdi.

  • Isa haýsy manyda bedenini adamlar üçin berýär we ony nädip iýip bolýar?

  • Adamlar näme üçin Isanyň beden we gan baradaky aýdan sözlerine gaharlanýarlar, emma ol nämäni göz öňünde tutýardy?

  • Adamlaryň köpüsi Isadan ýüz öwrende, Petrus näme diýýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş