Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 85 sah. 198—sah. 199 abz. 2
  • Toba eden bir günäkär üçin bolýan şatlyk

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Toba eden bir günäkär üçin bolýan şatlyk
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Ýiten ogul dolanyp gelýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Matta Isa pygamberiň şägirdi bolýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Ýehowa ähli adamlaryň toba etmegini isleýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Ýehowanyň adalatlylygyndan we rehimdarlygyndan görelde alyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
Başgalary
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 85 sah. 198—sah. 199 abz. 2
Aýal ýitiren kümüş teňňesini gözleýär

85-NJI BAP

Toba eden bir günäkär üçin bolýan şatlyk

LUKA 15:1—10

  • ÝITEN GOÝUN WE ÝITEN TEŇŇE BARADAKY MYSALLAR

  • PERIŞDELERIŇ ARASYNDA BOLÝAN ŞATLYK

Isa ýer ýüzünde gulluk edende, pesgöwünliligiň wajypdygy hakda ençeme gezek aýdypdy (Luka 14:8—11). Ol Hudaýa şeýdip gulluk etmek isleýän erkekdir aýallary tapjak bolup jan edýädi. Emma onuň tapan kiçigöwünli adamlarynyň arasynda günäkär hökmünde tanalýanlar hem az däldi.

Aýal ýitiren kümüş teňňesini gözleýär

Dogrudan-da, şeýle adamlar Isanyň hoş habaryna seslenýärdiler, ýöne fariseýler we kanunçylar olary mynasyp görmeýärdi. Olar Isa nägilelik bildirip: «Bu adam günäkärleri gowy garşylap, olar bilen iýip-içýär» diýişýärdi (Luka 15:2). Fariseýler bilen kanunçylar hondan bärsi bolup, şeýle adamlary aýagyna ýapyşan tozança-da görmeýärdiler. Olara ýigrenç bilen garap, ýewreýçe em-haares, ýagny «ýer adamlary» diýýärdiler.

Emma Isa olara duýgudaşlyk bildirýärdi we her biriniň mertebesine hormat goýýardy. Olaryň köpüsi, şol sanda günäkärler hökmünde tanalýanlar hem Isanyň sözlerini höwes bilen diňleýärdiler. Ýöne şeýle adamlara kömek edýändigi üçin Isany ýazgarýardylar. Eýsem, Isa muňa nähili garaýardy?

Isa Kapernaumdaky ýaly şu ýerde-de täsirli mysallary gürrüň berýär (Matta 18:12—14). Ol iki mysalynda-da fariseýleri Hudaýyň agylynda özüni howpsuz duýýan we özüni dogry hasaplaýan adamlara deňeýär. Günakärleri bolsa azaşyp, sürüden daşlaşan goýunlara meňzedýär.

Aýal ýitiren kümüş teňňesini gözleýär

Isa şeýle gürrüň berýär: «Siziň haýsyňyz 100 goýnuňyz bolup-da, biri ýitse, 99-ny çölde goýup, ýiten goýnuny gözlemäge gitmez? Eger ol ýiten goýnuny tapsa, begenjinden ýaňa ony egnine alar. Öýüne gelende bolsa, dostlaryny we goňşularyny çagyryp: „Begenjimi paýlaşyň, sebäbi men ýiten goýnumy tapdym“ diýer» (Luka 15:4—6).

Isa aýdanlaryny şeýle düşündirýär: «Şonuň üçin size diýýärin, toba etmäge mätäç bolmadyk 99 sany dogry adama garanyňda bir toba eden günäkär üçin gökde uly şatlyk bolýandyr» (Luka 15:7).

Fariseýler Isanyň toba eden adamlar hakda aýdan sözlerini eşidende, ýüzüne şarpyk çalnan ýaly bolandyr. Sebäbi olar özüni dogry adamlar hasaplap, toba etmäge hiç hili esas ýokdur öýdýärdiler. Iki ýyl mundan öň Isany salgytçylar we günäkärler bilen iýip-içip oturany üçin ýazgarypdylar. Şonda ol: «Men dogry adamlary däl-de, günäkärleri çagyrmaga geldim» diýipdi (Markus 2:15—17). Hawa, özüne göwni ýetýän fariseýler toba etmeýärler, şol sebäpli olar üçin däl-de, toba eden günäkärler üçin gökde uly şatlyk bolýar. Isa gökde bolýan uly şatlygy nygtamak üçin, ýene bir mysal gürrüň berýär: «Bir aýalyň 10 sany kümüş teňňesi bolup, birini ýitirse, ol çyrany ýakar-da, öýüni süpürişdirip, ony tapýança ünsli gözlemezmi? Ony tapanda, joralaryny we goňşularyny çagyryp: „Begenjimi paýlaşyň, sebäbi men ýitiren teňňämi tapdym“ diýer» (Luka 15:8, 9).

Isa bu mysalyň hem manysyny düşündirip: «Size diýýärin, şonuň ýaly-da toba eden bir günäkär üçin Hudaýyň perişdeleriniň arasynda uly şatlyk bolýandyr» diýýär (Luka 15:10).

Göz öňüne getiriň, Hudaýyň perişdeleri ýoldan azaşan adamlaryň toba edip, yzyna dolanmaklaryny isleýärler! Şol adamlara Hudaýyň gökdäki Patyşalygynda orun berler. Bu orun perişdeleriňkiden-de has uludyr (1 Korinfliler 6:2, 3). Emma perişdeler muňa gabanmaýar. Onda bizem toba eden günäkäriň Hudaýa ýakynlaşýandygyny görenimizde, özümizi şeýle duýmaly dälmi näme?!

  • Isa näme üçin günäkär adamlar bilen gatnaşýar?

  • Fariseýler sada adamlara nähili garaýardy, Isa olar bilen özüni nähili alyp barýardy?

  • Isanyň gürrüň beren mysallaryndan nähili sapak edinse bolar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş