Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 87 sah. 204—sah. 205 abz. 3
  • Gelejegiňiz hakda oýlanyp, paýhasly hereket ediň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gelejegiňiz hakda oýlanyp, paýhasly hereket ediň
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Şuny bilýäňizmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Hakyky baýlygy agtaryň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Wepaly iş dolandyryjy taýyn bolmaly
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Siz ynamdar iş dolandyryjy!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 87 sah. 204—sah. 205 abz. 3
Baý adam iş dolandyryjysynyň, ýagny hyzmatkäriniň nädogry iş edýändigini eşidýär

87-NJI BAP

Gelejegiňiz hakda oýlanyp, paýhasly hereket ediň

LUKA 16:1—13

  • DOGRUÇYL BOLMADYK HYZMATKÄR BARADAKY MYSAL

  • «DÜNÝÄNIŇ BAÝLYGY ARKALY ÖZÜŇIZE DOST EDINIŇ»

«Ýiten ogul» baradaky hekaýa salgytçylara, kanunçylara we fariseýlere güýçli täsir eden bolmaly. Sebäbi onda toba eden günäkärleri Hudaýyň höwes bilen bagyşlaýandygy görkezilýär (Luka 15:1—7, 11). Häzir bolsa Isa şägirtlerine degişli edip, başga bir mysal, ýagny baý adam hakda gürrüň berýär. Baý adam iş dolandyryjysynyň, ýagny hyzmatkäriniň nädogry iş edýändigini eşidýär.

Baý adam iş dolandyryjysynyň, ýagny hyzmatkäriniň nädogry iş edýändigini eşidýär

Isanyň aýtmagyna görä, hyzmatkär hojaýynynyň emlägini sowurýar eken. Şonuň üçin hojaýyn bu hyzmatkärini kowjak bolýar. Şonda hyzmatkär öz ýanyndan: «Hojaýyn iş dolandyryjylyk borjumy elimden alýar, men näme etsemkäm? Ýer gazyp bilmeýärin, dilegçilik etmäge-de utanýaryn» diýýär. Soňra ol gelejegi hakda oýlanyp, şeýle netijä gelýär: «Hä, işsiz galanymda, adamlar meni öýüne kabul eder ýaly näme etmelidigini bildim!» Ol şol bada hojaýynynyň bergidarlaryny ýanyna çagyryp: «Hojaýynyma näçe bergiňiz bar?» diýip soraýar (Luka 16:3—5).

Birinjisi: «Ýüz gap (takmynan 2 200 litr) zeýtun ýagy» diýip jogap berýär. Bu bergidar ullakan zeýtun bagyň eýesi ýa-da ýag satýan täjir bolmaly. Hyzmatkär oňa: «Çalt otur-da, borçnamaňy alyp, 50 (takmynan 1 100 litr) diýip ýaz» diýýär (Luka 16:6).

Hyzmatkär başga birinden: «Seniň näçe bergiň bar?» diýip soraýar. Ol hem: «Ýüz ganar (takmynan 22 000 litr) bugdaý» diýip jogap berýär. Ol oňa: «Borçnamaňy al-da, 80 diýip ýaz» diýýär. Şeýdip, ol onuň bergisiniň 20 göterimini azaldýar (Luka 16:7).

Hyzmatkär henizem hojaýynynyň pul bilen bagly işlerine gözegçilik edýärdi. Diýmek, bergidarlaryň karzlaryny azaltmaga onuň haky bardy. Şeýdip, ol işsiz galanda, özüne kömek etjek dostlary edinýär.

Hyzmatkäriň eden bu işi hojaýynyň gulagyna ýetýär. Ol hyzmatkäri zerarly zyýan çeken bolsa-da, onuň eden işi göwnünden turýar, sebäbi hyzmatkär «dogruçyl bolmasa-da, paýhasly hereket edýär». Isa gürrüňini dowam edip: «Bu dünýäniň ogullary öz döwürdeşleri bilen iş salşanda, nur ogullaryna garanyňda paýhaslydyr» diýýär (Luka 16:8).

Isa bu hekaýany gürrüň bermek bilen, hyzmatkäriň eden işini aklajak ýa-da söwda-satyk işlerinde mekirlik bilen dürli pirimleri ulanmalydygyny aýtjak bolmady. Onda ol näme diýjek bolduka? Ol şägirtlerine: «Dünýäniň baýlygy arkaly özüňize dost ediniň. Sebäbi baýlygyňyz tükenende, olar sizi ebedi ýere kabul ederler» diýýär (Luka 16:9). Hawa, bu sözler öňdengörüji bolup, paýhasly hereket etmegiň wajypdygyny görkezýär. «Nur ogullary», ýagny Hudaýyň gullukçylary ebedi gelejegi göz öňünde tutup, maddy zatlaryny paýhasly ulanmaly.

Gökdäki Patyşalyga girmäge ýa-da ýer ýüzünde Jennetde ýaşamaga diňe Ýehowa Hudaý we onuň Ogly mümkinçilik berip bilýär. Olar bilen dostlugymyzy has-da berkider ýaly, maddy zatlarymyzy Hudaýyň Patyşalygyny goldamak üçin ulanmaly. Sebäbi altyn, kümüş we başga-da baýlyklar gymmatyny gaçyranda ýa-da çüýrände, Hudaý we onuň Ogly bilen dostlugymyz ebedi gelejegimiz üçin kepilnama hökmünde hyzmat eder.

Şeýle-de Isa baýlygyny, ýagny maddy zatlaryny dogry ulanan adamyň has wajyp zatlary-da dogry ulanyp biljekdigini aýdýar. Isa muny şeýle düşündirýär: «Eger siz dünýäniň baýlygy babatda wepalydygyňyzy görkezmeseňiz, onda size hakyky baýlyk (Patyşalyga degişli işler) nädip ynanylsyn?» (Luka 16:11).

Isa şägirtlerine «ebedi ýere» kabul ediljek bolsalar, onda olardan köp zadyň talap ediljekdigini aýdýar. Dogrudan-da, Hudaýa we şol bir wagtyň özünde nädogry, ýagny maddy zatlara hyzmat edip bolmaz. Isa şeýle netije çykarýar: «Hiç bir hyzmatkär iki hojaýynyň guly bolup bilmez. Sebäbi ol birini ýigrense, beýlekisini söýer ýa-da birine wepaly bolsa, beýlekisini äsgermezlik eder. Siz-de hem Hudaýyň, hem baýlygyň guly bolup bilmersiňiz» (Luka 16:9, 13).

  • Isanyň mysalyndaky hyzmatkär nädip özüne kömek etjek dostlary edinýär?

  • «Dünýäniň baýlygy» näme we mesihçiler ol arkaly nädip özlerine «dost edinip» bilerler?

  • Eger «dünýäniň baýlygyny» dogry ulansak, kim bizi «ebedi ýere» kabul eder?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş